logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi
  30.09.2026
212
Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi

Garaşsyzlyk ýyllarynda Magtymgulyny öwrenmegiň täze mazmunlara eýe bolmagyna mynasyp seslenip, täzeçe pikir ýöretmek, akyldaryň dury suwly paýhas çeşmesine aralaşmakda netijeli işler ýerine ýetirildi. Bu işleriň ählisi bolsa hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi mirasymyzy öwrenmäge goýýan sarpasynyň, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek we  bütin dünýä wagyz etmek  baradaky tagallalaryndan başlangyç gözbaşyny alyp gaýdýar.

 

Magtymguly Pyragynyň goşgulary häzirki zaman çeper edebiýatymyzda öz beýanyny tapýar. Milli Liderimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda, «Ynsan kalbynyň öçmejek nury», «Älem içre at gezer» we  «Döwlet guşy» kitaplarynda akyldaryň durmuş we döredijilik ýoly bilen bagly gürrüňlerdir rowaýatlara hem-de şahyrana döredijiligine uly orun berilýär. Bu iki taryhy romanyň atlary Magtymgulynyň parasatly setirleri bilen sazlaşýar.

 

Munuň özi, birinjiden, hormatly Arkadagymyzyň akyldar şahyryň döredijiligine çäksiz hormat bilen garaýandygyny, ikinjiden, eserleriň gahrymanlarynyň, ýagny Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pederleriniň – Anna agadyr Berdimuhamet mugallymyň Pyragynyň goşgularyndaky pähim – paýhasy nesillere ýetirmekde uly işleri bitirendigini, Mälikguly aganyň bolsa şol pähim-paýhasa uýýan maşgalada önüp-ösendigini, üçünjiden bolsa, Magtymgulynyň külli türkmeniň kalbynda ýaşaýan beýik şahsyýetdigini edebi usulda subut edýär. Şahyryň «Älem içre adam galmaz, at gezer», «Götermese döwlet guşy, uçup bolmaz per biläni» ýaly setirleriniň many-mazmuny iki romanyň hem içinden eriş-argaç bolup geçýär.

 

Gurbansoltan ALLABERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.