Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan dünýä döwletleri bilen deňhukukly, özara bähbitli we hoşniýetli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär.
Bu ugurda Hytaý Halk Respublikasy bilen ýola goýlan dostlukly gatnaşyklar aýratyn ähmiýete eýedir. 2022-nji ýylda iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilmegi türkmen–hytaý hyzmatdaşlygynyň berk binýadynyň bardygyny görkezýär. Gadymy taryhy köklere daýanýan bu gatnaşyklar häzirki döwürde Türkmenistanyň parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasatynyň netijesinde täze mazmun bilen baýlaşýar.
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň gözbaşlary gadymy döwürlere uzap gidýär. Biziň eýýamymyzdan öňki III asyrda häzirki Türkmenistanyň çäklerinde dörän Parfiýa döwleti Hytaý bilen diplomatik we söwda gatnaşyklaryny alyp barypdyr. Hytaý taryhy çeşmelerinde Parfiýa “Ansi” ady bilen tanalyp, köp sanly şäherleri bolan güýçli döwlet hökmünde häsiýetlendirilýär. Şol döwürde ýola goýlan hyzmatdaşlyk iki tarap üçin hem uly ähmiýete eýe bolupdyr.
Beýik Ýüpek ýoly arkaly Hytaý bilen Parfiýanyň arasynda diňe bir söwda däl, eýsem medeni we ruhy alyş-çalşyklar hem giňden ösdürilipdir. Hytaýdan ýüpek, çaý, farfor, kagyz önümleri getirilse, Parfiýa tarapyndan üzüm we ýorunja ýaly önümler Hytaýa äkidilipdir. Bu ýol halklaryň arasynda medeniýetleriň, däp-dessurlaryň we dünýä garaýyşlarynyň özara baýlaşmagyna ýardam edipdir. Häzirki döwürde täzeden dikeldilýän Beýik Ýüpek ýoly hem ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürýän möhüm köpri bolup çykyş edýär.
Häzirki wagtda türkmen–hytaý gatnaşyklary özara hormat goýmak, dostluk we bähbitleriň deňligine esaslanýar. Iki döwletiň strategik hyzmatdaşlygy täze derejä çykaryldy. Hytaý 1991-nji ýylda Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ykrar etdi, 1992-nji ýylda bolsa diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolup durýar. Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde halkara guramalaryň çäklerinde hem parahatçylygy we durnukly ösüşi goldaýar.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlykda energetika, hususan-da nebitgaz pudagy ileri tutulýan ugur bolup durýar. 2009-njy ýylda Türkmenistan–Hytaý gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi bu hyzmatdaşlygyň möhüm netijesidir. Türkmenistan–Özbegistan–Gazagystan–Hytaý gaz geçirijisi arkaly türkmen tebigy gazy Hytaýa uzak möhletleýin esasda iberilýär. Bu taslama gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman görnüşde dikeldilmeginiň aýdyň mysalydyr. Ulag we logistika ulgamlarynda hem hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Gazagystan–Türkmenistan–Eýran demirýolunyň ulanmaga berilmegi Hytaýdan gelýän ýükleriň gysga wagtda Eýrana ýetirilmegine mümkinçilik döredýär. Bu ugur häzirki wagtda Hytaý–Gazagystan–Türkmenistan–Eýran demirýoly hökmünde tanalýar we “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen utgaşyklylykda ösdürilýär.
Hytaý kompaniýalary Türkmenistanda dürli pudaklarda iş alyp barýarlar. Söwda, nebitgaz, ulag, saglygy goraýyş, hyzmatlar ulgamlarynda hytaý maýa goýumlarynyň orny uludyr. Şeýle hem Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen–hytaý hökümetara komitetiniň işi iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary has-da işjeňleşdirýär.
Netijede, gadymy taryha esaslanýan türkmen–hytaý gatnaşyklary häzirki döwürde täze mazmun bilen baýlaşyp, üstünlikli ösdürilýär. Bu hyzmatdaşlyk iki döwletiň hem-de halklaryň bähbidine gönükdirilip, geljekde has-da pugtalanjakdygy şübhesizdir.
Aýna NURMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mugallymy.