logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Türkmen dzýudoçy gyzy dünýä çempionatynyň hormat münberinde
  26.08.2023
854
Türkmen dzýudoçy gyzy dünýä çempionatynyň hormat münberinde

Zagrebde (Horwatiýa) dowam edýän ýetginjekleriň arasyndaky dzýudo boýunça dünýä çempionatynda türkmen gyzynyň ajaýyp netijesi bellige alyndy. 40 kilogram agram derejesinde çykyş eden Dilara Gandymowa hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmagy başardy.

 

Ilki bilen Azerbeýjanly Nigýar Mamişowany ýeňlişe sezewar eden zehinli pälwan gyzymyz ikinji duşuşygynda slowakiýaly Patrisiýa Tomankowany ýeňip bilmedi.

 

Şeýlelikde, türkmen gyzy bürünç medal üçin guraljak tutluşyga çykmaga hukuk gazandy. Ildeşimiz hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmak üçin geçirilen duşuşykda fransiýaly güýçli garşydaşyndan — Matilda Aurelden hem güýçlidigini subut etdi.