Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döredip, dünýä giňişliginde üýtgewsiz ykrarnama eýe bolan milli gymmatlyklaryna belent sarpa goýulýar. Bu bolsa biziň her birimizde çäksiz buýsanç duýgusyny döredýär. Şeýle gymmatlyklarymyzyň sarpasynyň gün-günden belende göterilmegi nesilleriň aňynda pederlerimiziň irginsiz zähmeti bilen döreden belent işlerine bolan çäksiz hormatyň artmagyna getirýär.
Ol gymmatlyklaryň biri hem Alabaý itleri gamyşgulak bedewleri ýaly halkymyzyň taryhy dostudyr. Bu hakykaty esaslandyrýan gymmatly maglumatlar ýurdumyzyň çäklerinde geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijesinde yzygiderli ýüze çykarylýar. Marguşda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň birinde itiň mazarlarynyň tapylmagy gadymy türkmen alabaýlaryna goýulan çäksiz sarpanyň nyşanydyr. Alabaýyň adam derejesinde sarpalanmagynyň özi onuň halkyň emlägini, döwlet serhetlerini goramakda aýratyn orun eýeländigi dogrusynda düýpli pikirlenmäge esas berýär. Altyndepeden alabaýlaryň toýundan edilen heýkeli tapyldy. Daňdanakandanda bolsa alabaýyň faýansdan ýasalan heýkeljikleri tapyldy. Geçirilen ylmy derňew ol heýkeljigiň döredilen senesini miladydan ozalky döwre degişlidigini anykladylar. Gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan it süňkleriniň ölçegleriniň türkmen alabaýlarynyň beden gurluşynyň ölçeglerine laýyk gelmegi bu tohumdaky itleriň örän gadymydygyndan habar berýär.
Halkymyzyň döreden «It geldi — gut geldi» diýen paýhasly jümlesinde çuňňur many bar, bu jümle alabaýlaryň türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigini aňladýar. «Gut» sözüniň it bilen baglanyşdyrylmagynyň türkmen halkynyň alabaý itlerini saklamagy, olary ýetişdirmegi bagt bilip, olar hakynda oňyn düşünjede bolandyklaryny äşgär edýär.
Eýesine wepalylygy, garadangaýtmazlygy, duýgurlygy, syzyjylygy, akyllylygy, tutuş maşgala agzalaryna hoşgylawlylygy, hojaýynynyň ardynjyramasyndan onuň näme isleýändigine düşünmegi türkmen alabaýlaryny tapawutlandyrýan esasy aýratynlyklardyr. Ata-babalarymyz awa çykanlarynda, uzak ýaýlalara mal bakmaga gidenlerinde öýleriniň ýa-da goşlarynyň, düşelgeleriniň gapysyna gulp urmandyrlar. Olaryň yzynda wepadar goragçylary alabaýlary galypdyr. Alabaýlara maşgala howpsuzlygy doly ynanylypdyr. Şeýlelikde, gadym wagtlardan bäri alabaý köpekleri sakçy, garawul hökmünde-de peýdalanylyp gelinýär.
Türkmen alabaýlary häzirki döwürde gorag, sakçy we yzçy itleriň içinde iň öňdäki orunlarda goýulýar. Harby gullukçylaryň hemrasyna öwrülen bu özboluşly türkmen itleriniň söweşjeň häsiýete eýe bolandygyna taryh şaýatdyr. Taryhy maglumatlarda, halk rowaýatlarynda alabaýlaryň merdanalygy, olaryň wepalylygy we islendik çylşyrymly pursatlarynda öz janlaryny orta goýup, adamlary halas etmäge bolan ukyby barada aýdylýar. Biziň häzirki günlerimizde hem ol adat dowam edip gelýär. Watan goramakda türkmeniň alabaý itleriniň abyrsyz goşandy bar. Bu barada hormatly Belent Serkerdebaşymyz «Mertler Watany beýgeldýär» eserinde ýörite nygtap hem geçýär. Olaryň ukyp-başarnyklary, esasasam hem, Döwlet serhedini goramakda, jenaýatçylary ele salmakda, şeýle hem neşe serişdelerini, partlaýjy maddalary ýüze çykarmakda peýdalanylýar. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň, ministrligiň Territorial goranyş müdirliginiň düzümlerinde alabaý itleriniň netijeli ulanylýanlygyny hem buýsanç bilen bellemelidiris.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň 1-nji jildinde belleýşi ýaly, uzak menzillere rowan bolan kerwenleri goramakda hem türkmen alabaýynyň aýratyn hyzmaty bolupdyr. Olar bu hyzmaty bilen merdana türkmen gerçeklerinden düzülen kerwen goragçylaryna uly goldaw bolupdyr. Çünki sakçylygy we hüşgärligi bilen tapawutlanan äpet syratly alabaýlar uzak ýollary külterläp gelen kerwenleriň golaýyna ýyrtyjyny-da, ýaman niýetli talaňçyny-da getirmändir.
Ýene-de bir taryhy hakykaty aýratyn bellemek gerek. Türkmen alabaýlary Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda hem özleriniň adamyň ygtybarly, wepaly kömekçisidigini kemsiz subut etdiler. Türkmenistandan urşa ýeke bir batyr esgerler däl, eýsem, batyrgaý itlerem ugradylypdy. Dürli tohumdan bolan itleriň 70 müň sanysy şir ýürekli gerçek ýigitler bilen bilelikde Moskwadan Berline çenli söweş ýoluny geçdiler. Beýleki itler bilen bir hatarda türkmen alabaýlary hem ok-däri gatnatmakda bahasyna ýetip bolmajak hyzmatlary bitirdiler. Olar ýaralanan esgerleri söweş meýdanyndan alyp çykmakda şepagat uýalaryna ýakyndan kömek berdiler. Ozaldan kynçylyklara çydamly, ýowuz çöl şertlerine uýgunlaşan türkmen alabaýlary bu agyr işleri aňryýany bilen ýerine ýetirdiler.
Alabaý itleriniň degişli tälimleri geçensoň, Watan goragynda ulanyp boljak dürli ukyplarynyň ýüze çykýandygyny köp ýyllaryň tejribesi subut etdi. Bu köpekler geljekde Watan goragçylarynyň ýakyn ýardamçylaryna, olaryň wepaly kömekçilerine öwrülerler.