Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Törebeg hanymyň ykbaly
  13.12.2020
1184
Törebeg hanymyň ykbaly

      Halky göreşe çagyrýan söweş tebilleri kakylyp başlandy. Bu galagoply wakanyň gopan döwründe Köneürgençde asylzada zenan Törebeg hanym patyşalyk edýärdi. Ol biçak görmegeý we şol bir wagtyň özünde gaty dogumly hem dana aýaldy. Nökerler söweşe ugramanka, Törebeg hanym dokuz sany iň batyr iň güýçli ýigidi öz köşgüne çagyryp, olara: Türkmeniň dokuz sany beýik taýpasy bilen sandaş, dokuz sany dogaly jöwher gylyç Gürgenjiň hazynasynda köp ýyllardan bäri saklanyp gelýär-diýip, şa aýal özüniň buýrugyna mähetdel bolup duran hajyp Owşara «Gylyçlary getir»diýen manyda göz taşlady. Hajyp dessine içi gylyçly sandygy Törebeg hanymyň öňüne emaý bilen getirip, tagzym bilen yza süýşdi.Törebeg hanym tagtyndan turup, sandygyň içindäki ak mata dolangy duran gylyçlary çykardy we olary urşujylaryň ellerine ýeke-ýekden berip:

― Bu gylyçlar duşmana hatasyz nyşana alýandyr. Men bu ýaraglary size ynanýaryn. Lowurdap duran bu gylyçlar siz ýaly edermen, batyr ýigitlere mynasypdyr. Sizem oňa mynasyp bolmaga çalyşyň. Türkmenler söweşde ýa ýeňýändir ýa-da ölýändir-diýip, olara uly ynam bildirdi.

   Törebeg hanym sözüni tamamlan dessine onuň ýanyndaky köşk emeldarlary şa aýaly makullaýjylyk  bilen baş egip, tagzym etdiler. Törebeg hanymyň özüne gönügen dana gözleriniň ümüne düşünen başy ak selleli, eli tesbili, güne serilen erik ýaly ýüzleri ýygyrt basan Nusreddin işan uzyn doga okap, Törebeg hanymyň şanyna, onuň soltan atyna alkyşlar okap, urşujylara ak pata berdi. Şäheriň töweregindäki gazaply söweş köp günläp dowam etdi. Şäher ýaşaýjylary her gezekki duşman hüjümini agzybirlik bilen yza serpikdirýärdiler. Agsak Temiriň goşuny galany aldy, emma köşkde Törebeg hanym ýokdy. Ol bütin şalygyň hazynasyny ýany bilen alyp, nirädir bir ýere ýitirim bolupdyr. Muňa agsak Temir hum ýaly çişdi. Şu pursatda garaşylmadyk ýagdaý hemmäni aňk etdi. Çünki aňtawçylar birden ok atmalaryny bes edip, atlaryna atlanyp gum tarapa ýüzin çapyp gitdiler. Olaryň at çapdyryp barýan ugrunda kiçijik salgym bolup, uzak aralykdan düýe kerweni uzyn tirkeş bolup gidip barýardy. Kerweniň öňüni çekip barýan hut şa aýal Törebeg hanymyň özüdi. Gazaply darkaş boldy. Kerweniň ýanyndakylar iň soňky demine çenli söweşdiler. Törebeg hanym gylyçlaşmaga ussatdy, yöne onuň ýeňsesinden urdular. Nökerler düýelere ýüklengi çuwallaryň, torbalaryň böwürlerini ellerindäki gylyç bilen böwsüp çykdylar. Olardan dökülen gumlar mazarlyk ýaly üýşmek-üýşmek bolup ýere ýazylyp ýatyrdy. Bährem han we onuň nökerleri özleriniň ýeser aldawa düşendiklerine düşünip galdylar. Olar şeýdip garabaşlaryna gaý bolup ýörüşlerine Törebeg hanymyň urşujylarynyň özleriniň daşyny gurşap alandyklaryny-da duýman galdylar. Häzir şu günlerde-de şäherden çykan ýerinde Köneürgenç-Aşgabat ulag ýolunyň sagynda, uly minaranyň, takmynan, üç-dört ýüz metr demirgazyk - günbatarynda emir Gutlug Temiriň aýaly Törebeg hanymyň owadan köşgi seleňläp otyr.