logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk bahasyz gymmatlyk ✦ ✦ Ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦
Home / Interesting /Terk edilen syrly ýerler..
  24.03.2023
1462
Terk edilen syrly ýerler..

Ýaşaýan dünýämiz owadan, gyzykly we syrly ýerlere örän baý. Dünýäniň dürli ýerindäki terk edilen bu ýerlerde mundan birnäçe ýyllar öň adamlar ýaşapdyrlar. Emma wagtyň geçmegi bilen haýsydyr bir sebäbe görä, adamlar bu ýerlerden uzaklaşypdyrlar. Häzirki wagtda näbelli sebäbe görä terk edilen ýerler syrly bolmagyna galýar.

Ine, dünýäniň terk edilen iň syrly ýerleri...

CRACO –
Italiýanyň günortasynda ýerleşýän Craco, XX asyryň ahyryna çenli birnäçe tebigy betbagtçylykdan soň taşlandy. 

HOTEL DEL SALTO Iň kaşaň myhmanhana bolan Hotel del Salto 1923-nji ýylda Kolumbiýada guruldy. Bu ýerde janyna kast edenleriň köpelmegi sebäpli eýeli diýlip 1990-njy ýyllarda terk edildi. 

POVEGLIA –  Italiýada bir ada bolup, gyrgyn epidemiýasynyň möwç alan wagty karantin merkezi hökmünde ulanylypdyr. Şol sebäpli adanyň eýelidigine ynanylýar. Ada başgaça Ölüm adasy hökmünde hem tanalýar. 

SHICHENG – suwastyndaky bu şäher Hytaýda ýerleşýär. Şäher «Gündogaryň Atlantisi» diýlip atlandyrylýar. Shicheng - 1959-njy ýylda Qiandao kölüni döretmek üçin bilkastlaýyn suwa basdyryldy. 

BEELITZ HEILSTATTEN - 60 binadan gowrak desgadan ybarat bolan şypahana 1898-nji ýylda Germaniýada guruldy. Adolf Gitleriň bejergi alan ýeri. Halys ulanyşdan galan bu şypahana desgasy çüýräp ýumrulyp başlady. 

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.