Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦ ✦ Türkmen tennisçileri halkara ýaryşda baýrakly orunlary eýelediler ✦ ✦ Bitaraplygyň buýsanjy ✦ ✦ Лучший студент тюркских народов –Давуд Довлетов ✦ ✦ Türki halklaryň iň gowy talyby – Dawut Döwletow ✦ ✦ Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistanda dil bilimini ösdürmek üçin täze kitap ✦ ✦ Täze dil gollanmasy okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk:Sanly serhedi goramak ✦
Baş sahypa / Tebigat /Tebigat – durmuşyň bakylyk dowamaty
  27.03.2023
719
Tebigat – durmuşyň bakylyk dowamaty

Türkmen tebigaty – sahawatyň gözbaşy, ýaşaýşyň hem berekediň çeşmesi. Tebigat biziň ählimiziň ýaşaýan öýümiz, durmuşyň bakylyk dowamaty. Gözel tebigata aýawly çemeleşmek, ony gözüň göreji deýin goramak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Bu babatda ýurdumyzda ýaş nesilleriň aňynda hem durmuşynda ekologiýa medeniýetini, ekologiýa taýdan arassa ýaşaýşy amal etmegi kemala getirmek möhüm ugur hökmünde kesgitlenendir. Howanyň ählumumy maýlamagy, çölleşmek ýaly tebigy hadysalaryň öňüni almak üçin ekologiýa jogapkärçiligini duýup ýaşamak zerurdyr. Çünki tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak, ony goramak ählumumy abadançylygyň gözbaşydyr. Häzirki döwürde Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda umumadamzat bähbitli ekologiýa meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen wezipelerden ugur alnyp, olary dünýä ýurtlary bilen bir bitewülikde çözmek başlangyjy öňe sürülýär. Arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek bilen, biologik dürlüligiň goralyp saklanmagyna, dikeldilmegine we baýlaşdyrylmagyna hem-de tokaý zolaklarynyň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýär. Şanly ýylymyzyň şygary bolan «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylymyzyň hem nyşanynda derek agajynyň bolmagy eziz Watanymyzyň ösüşlerini alamatlandyryp, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek syýasatynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Ýurdumyzyň Aralýaka sebitinde tokaýlaşdyrmak işlerini alyp barmak, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny we diýarymyzyň dürli künjeklerini bagy-bossanlyga öwürmek işlerini gyzgalaňly ýagdaýda dowam etdirmek, Garagum sährasynyň ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Bulardan başga-da, çölleşme hadysasynyň öňüni almak maksady bilen, süýşýän çägeleri berkitmek we çöl ýerleri tokaýlaşdyrmak, ekerançylyk meýdanlarynda gorag tokaý zolaklaryny döretmek, gül hem-de bezeg agaçlaryny ösdürip ýetişdirmek ýaly wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Tokaý zolaklarynda ekilýän pürli we saýaly agaçlar bilen bir hatarda, miweli baglaryň, üzümiň görnüşleriniň ekilýän meýdanlary barha giňeldilýär. Garagum sährasynyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak we baýlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde, ony ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işler dowam etdirilýär. BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlarynyň hatarynda gury ýeriň ekologik ulgamyny goramak we dikeltmek, tokaýlary rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, biodürlüligiň ýitmeginiň öňüni almak bilen bagly wezipeler kesgitlenendir. Ýurdumyzda ekologiýa taýdan amatly şertleri döretmek, tokaýçylygy ösdürmek we bu ugur boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barmak, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek pudagyň esasy maksatlarydyr. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegine, esasan hem, oba hojalyk önümçiligine howanyň üýtgemeginiň zyýanly täsirini peseltmek, şeýle hem ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak üçin ekerançylyk meýdanlarynda gorag tokaý zolaklarynyň ulgamyny döretmegi dowam etdirmek, şäherleri we obalary abadanlaşdyrmak üçin bagy-bossanlyga öwürmek işlerini geçirmek ýaly wezipeler ata-babalarymyzdan bize miras galan asylly ýörelgelerdir. Milli Liderimiz Mähriban Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan şeýle umumadamzat bähbitli beýik işler döwrümiziň şanyna şan, batly ösüşlerine ýalkym çaýýar! 

 

Laçyn ROZYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.