Mukaddes Garaşsyzlygymyzy ýörelge, Halkara Bitaraplygymyzy görelde edinip, öňe barýan türkmen halkymyz “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen 2020-nji ýyl garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň iň täze taryhy üçin, hakykatdan-da turuwbaşdan rowaçlyga beslenen ýyl boldy. Bu ýylda ýurdumyz sanly ykdysadyýete, sanly bilim ulgamynda bitewi elektron portalyny döretmek babatynda aýgytly ädimler ädiler.
Dünýä ylmynyň we tehnikasynyň häzirki zaman ösüş şertlerinde innowasion tehnologiýalary netijeli peýdalanmak ýurdumyzyň geljekde has-da gülläp ösmeginiň berk binýady bolar. Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary bilen bu ähmiýetli işler üstünlikli amala aşyrylýar. 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda hormatly Belent serkerdebaşymyz “Türkmenistan sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” tassyklamak hakynda Karara gol çekdi we 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Ýurdumyzda kärhanalaryň sanly tehnologiýa ulgamynda ösdürilmegini höweslendirmek maksady bilen, milli Liderimiziň tassyklan “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” çäklerindäki çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň esasy artykmaçlyklaryny kesgitleýär, oňyn maglumatlar ulgamynyň emele gelmegi we kadalaşdyryjy binýadynyň döredilmegi üçin esas bolup hyzmat edýär.
Sanly bilim ulgamynyň taryhy barada aýtsak 1907-nji ýylda uzak aralykdan bilim almakda ilkinji işler geçirilýär we 1939-njy ýylda Fransiýada uzak aralykdan bilim berýän merkez gurulyp, ilkinji onlaýn bilim almak 1960-njy ýylda “Illinois” uniwersitetinde başlanýar. Soňra 1971-nji ýylda awstraliýaly filosof Iwan Iliçiň sanly mekdep nusgasyny orta atýar. Amerikada we Kanada-da 1980-nji ýylda sanly aragatnaşyk we tor ulgamlary ulanyp başlanyldy.
Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň meýilnamasyda 2017-2018-nji ýyllarda ýokary okuw mekdeplerinde başlangyç elektron maglumat gory döredildi we ol häzirki wagtda maglumatlar bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Şeýle hem sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi işlenip taýýarlanyldy. 2018-2019-njy ýyllarda nusgalyk elektron orta mekdebi döredilip, 2019-njy ýylda Aşgabat şäherindäki orta hünär okuw mekdepleriniň, Aýratyn zehinli çagalaryň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet mekdep-internatynyň, Döwletliler köşgüniň, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň “Diller dünýäsi” dil merkeziniň arasynda. 2019-2023- nji ýyllarda Bitewi elektron portalyny döretmek, bilim edaralarynyň okuw işini yzygiderli elektronlaşdyrmak. 2019-2021-nji ýyllar aralygynda uzak aralykdan okatmak we onuň sanly serişdelerini taýýarlamak boýunça okuwlary guramak, sertifikasiýa merkezi döretmek.
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksatnamasy bir tarapdan, elektron senagatynyň depginli ösdürilmegini talap edýär. Beýleki tarapdan, ykdysadyýetiň mundan beýläk-de sanlaşdyrylmagynyň artykmaçlyklary bilen bir hatarda, sanly tehnologiýalara bolan aşa baglylygyň netijesinde, maglumatlary gorap saklamakda kiberhowpuň artmagy belli bir derejede töwekgelçilikleriň ýüze çykmagyna getirýär. şol sebäpli sanly tehnologiýalaryň maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek mesele bolmagynda galýar.
Döredilýän ähli mümkinçilikleriň sakasynda duran Belent Serkerdebaşymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny arzuw edýäris!