logo

Latest news:
✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦
Home / Health /Sanly saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşi
  26.05.2025
1022
Sanly saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşi

Soňky ýyllarda maglumat tehnologiýalarynyň çalt ösüşi bilen jemgyýetimiziň ähli ulgamlarynda, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynda hem özgerişlikler giň gerime eýe boldy. Internetiň, mobil enjamlaryň, akylly telewizorlaryň we dürli sanly serişdeleriň gündelik durmuşymyza ornaşmagy bilen saglygy saklamak we keselleriň öňüni alyş usullary hem düýpli üýtgedi.


Häzirki wagtda akylly telefonlar, datçikler we ýörite saglyk programmalary arkaly adamlar öz saglyk ýagdaýlaryny hemişe gözegçilikde saklap bilýärler. Mysal üçin, ýürek urgusyny, gan basyşyny ýa-da gündelik ädim sanyny ölçäp bilýän geýilýän enjamlar arkaly adamlar diňe bir duýdansyz ýagdaýlardan habarly bolman, eýsem lukmanlar bilen maglumat paýlaşyp, has netijeli maslahatlar alyp bilýärler.


Telemedisina hyzmatlarynyň giňden ýaýramagy hem sanly saglygy goraýşyň möhüm bir bölegine öwrüldi. Lukman bilen ýüzbe-ýüz duşuşmazdan, onlaýn görnüşde maslahat almak, öňki analizleriň netijenamasyna seretmek ýa-da täze derman ýazdyryp almak häzirki wagtda mümkin boldy. Şeýle hyzmatlar esasan hem sebit ýerlerinde ýaşaýan raýatlar üçin saglyk hyzmatlaryna elýeterliligi ýokarlandyrýar.


Türkmenistanda hem bu ugurda möhüm ädimler ädilýär. Saglygy goraýyş edaralarynda elektron resminamalaryň ulanylmagy, dermanhanalaryň sanly hasaplaşyk ulgamlaryna geçmegi we degişli ministrlikleriň sanly platformalary arkaly ilata maglumat ýetirmegi bu ulgamda gazanylýan ösüşleriň aýdyň mysallarydyr.


Ýurdumyzdaky hassahanalarda ornaşdyrylan sanly tehnologiýalar ilatyň saglyk derejesini yzygiderli we takyk seljermekde uly ähmiýete eýe bolýar. Şeýle tehnologiýalaryň kömegi bilen lukmanlar hassalaryň saglyk ýagdaýyny sanly ulgam arkaly yzarlap, keselleriň öňüni almak we derrew bejergi çärelerini görmegiň mümkinçiliklerini giňeldýärler. Mysal üçin, hassahanalarda ulanylýan elektron saglyk kartalary we sanly maglumatlar bazasy arkaly her bir raýatyň lukmançylyk maglumatlary sanly görnüşde saklanylýar, bu maglumatlar arkaly hassanyň geçmişdäki kesel taryhy, hassahanada alnyp barlan barlaglaryň netijeleri we dermanlary doly gözden geçirilip bilner.


Şeýlelik bilen, lukmanlar hassanyň ýagdaýyna esaslanyp, şahsylaşdyrylan we netijeli bejergi meýilnamalaryny düzüp bilýärler. Mundan başga-da, hassahanalarda ornaşdyrylan telemedisina ulgamlary arkaly uzak sebitlerde ýaşaýan ilata lukman maslahatlaryny onlaýn görnüşde bermek mümkinçiligi döredilýär. Bu tehnologiýalar ilatyň saglyk derejesini ýokarlandyrmakda, saglyk hyzmatlaryna elýeterliligi artdyrmakda we kesel howplaryny öňünden anyklamakda möhüm orny eýeleýär.

Merjen AGADURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.