Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýaşlar Forumy – geljege barýan ýol! ✦ ✦ 12-nji awgust - Hazar deňziniň güni! ✦ ✦ Hereketleriň maksatnamalaryny milli syýasatlara ornaşdyrmagyň strategiýalary işlenilýär ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek boýunça ugurdaş çäreler geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Parlament forumy ✦ ✦ Awaza 2025: Hususy pudagyň forumy ✦ ✦ LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň 3-nji maslahaty dünýä metbugatynda ✦ ✦ Awazada medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet dabarasy ✦ ✦ Hazarýaka döwletleriň ekologik gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Sanly bilime giň ýol açylýar
  10.03.2023
670
Sanly bilime giň ýol açylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asylly tutumlaryň üstünlikli dowam etdirilmegi ýurdumyzy ösdürmäge düýpli itergi berýär. Berkarar Diýarymyzyň ilatynyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün edip, köpugurly ösüş maksatnamalarda göz öňünde tutulan başlangyçlaryň hemişe rowaçlyklara beslenmegine gönükdirilen çäreler diýseň buýsandyrýar.

Sanly ulgamyň has hem globallaşýan döwründe maglumat howpsuzlygynyň wezipeleri barha artýar, jemgyýetiň, döwletiň içerki we daşarky maglumat howpsuzlygyny üpjün etmegi talap edýär. Şoňa görä-de, ilkinji nobatda, döwlet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan ornaşdyrylýan programma üpjünçiliginde ýerli önümleriň paýyny ýokarlandyrmak bellenilýär. Munuň özi maglumat howpsuzlygy babatda ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy, bu ugurda milli standartlaryň girizilmegi bilen aýrylmaz baglydyr. Häzirki döwürde bilim ykdysady ösüş strategiýasynyň wajyp zynjyryna öwrülýär. Ýurduň ylmy we tehnologik ösüşi ýokary hünärli işgärleriň bilim derejeleri, olaryň täze pikirleriniň, ylmy açyşlarynyň durmuşa geçirilmegi bilen şertlendirilýär. Bilimiň ösmegi üçin iň möhüm wezipeleriň biri hem adam maýasynyň jemgyýetiň öndüriji we durmuş-ykdysady ösüşiniň kuwwatly güýjüne öwrülmegine itergi berilmegidir. Milli ykdysadyýeti ösdürmäge mynasyp goşant goşjak ýaş hünärmenleri taýýarlamakda, olary döwrebap tehnologiýalardan gowy baş çykarýan adamlar edip kemala getirmekde ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň öňünde uly wezipeler durýar. Türkmen ýaşlary innowasion taslamalaryň işlenip düzülmegine işjeň gatnaşýarlar, ýurdumyzda geçirilýän sergilerde dürli ugurlara degişli programma üpjünçiliklerini we robotlary görkezýärler. Olaryň dürli dersler boýunça ýurdumyzda we halkara derejede geçirilýän bäsleşiklerde, olimpiadalarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlary eýeleýändigini bellemek has-da ýakymlydyr. 

Daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňeýär. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, sanly ulgamy has hem ösdürmek bilen ýurdumyzda ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça hem degişli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu üstünlikler her birimiziň başymyzy göge ýetirýär, Türkmenistan Watanymyza bolan buýsanjymyzy artdyrýar, hormatly Prezidentimiziň aladalaryna jogap edip, öňküden-de yhlasly okamaklyga borçlandyrýar. 

 

Maksat ATAJANOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.