logo

Latest news:
✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦
Home / Society /Şähryslam galasy
  29.09.2020
870
Şähryslam galasy

      Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň merkezinden 20 kilometr demirgazykda, çölüň aňňat gerişleriniň arasynda seleňläp görünýän Şähryslam galasynda bişen kerpiçden örülen suw geçirijileriniň, dürli ölçegdäki guýularyň, beýikligi 10,5 metre, giňligi 8 metre barabar ýerasty sardobanyň we uzynlygy 7,6 metrden gowrak bolan howzuň bardygy we bu suw geçiriji milli binagärlik medeniýetiniň başga ýerde duş gelmeýän özboluşly desgalarynyň biridir. Şähryslamyň azaphon ilaty XI-XII asyrda ilaty dagdan gaýralygyna, şähere çenli uzynlygy 20 kilometrden gowrak bişen kerpiçden örülen suw geçiriji çekipdir. Bu suw geçiriji şol döwür üçin juda täsin ulgam bolupdyr.

         Şähryslamda ätiýaçlyk suwy saklamak üçin niýetlenilen birnäçe suw desgalary bolup, kerwensaraýyň demirgazyk-günbatar burçundaky diňden 7-8 metr daşlykda ýerasty sardoba we oňa ýanaşyk gurlan goşmaça suw howzy hem bar. Sardobany we suw howzuny biri-biri bilen diametri 40 santimetr bolan keramiki turbalar baglanyşdyrypdyr. Bu desgalar ilki çukur gazylyp, onuň içinde suwa, çyglylyga çydamly ýörite palçykda (genç) oňat hilli bişen kerpiçden örülip, soňra daş-töweregi täzeden gömülipdir. Sardobanyň kert basgançaklar bilen üpjün edilen girelgesi demirgazyk tarapynda, suw howzunyňky bolsa günbatar tarapda ýerleşip, egme arka (swod) bilen örtülipdir. Diametri 8 metr, beýikligi 10,5 metr bolan tegelek we oňa ýanaşyk gurulan beýikligi 7 metrden gowrak, boýy 7,6 metr, ini 3,6 metre deň bolan gönüburçly sardobalar XI-XII asyrlar bilen senelenýär. Bu suw desgalarynyň gurlandan bäri müň ýyla golaý wagt geçendigine garamazdan, olar durnukly ýagdaýda saklanyp galypdyr. Emma ulanyşdan galandan soň, asyrlaryň dowamynda tebigatyň täsiri netijesinde, olaryň käbir bölekleri ýykylyp-ýumrulypdyr, ýuwaş-ýuwaşdan gömülip, 2,5 metrden gowrak ýeriň astynda galypdyr. Şähryslamyň XI-XII asyrlara degişli suw desgalarynyň ýumrulan böleklerinde we ýykylmak howpy abanan ýerlerinde dikeldiş we rejeleýiş işini geçirmek sardobalaryň asyl durkunda saklanyp galan binagärlik gurluşlarynyň ýumrulmagynyň öňüni alar, ýadygärlige gelýän syýahatçylaryň howpsuz gezelenjini guramaga şert döreder, şährysllam ýadygärligi ABŞ-nyň “Medeni mirasy gorap saklamak baradaky ilçiniň gaznasy” atly maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzda ýeňiji hökmünde yglan edilen 27-nji taslamadyr.