logo

Latest news:
✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦ ✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦
Home / Culture /Özbek edebiýatynda Magtymguly
  20.06.2023
1208
Özbek edebiýatynda Magtymguly

Özbek şygyr sungatynda hem Magtymgulynyň janly obrazyny, keşbini döretmek üçin özbek şahyrlarydyr-ýazyjylary yzygiderli synanyşyp gelýärler. Geliň olaryň käbirleriniň üstünde durup geçeliň. Ýagny Horezm welaýatynda doglup önüp-ösen özbek şahyry J.Şaripow Türkmen şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlap «Eý Magtymguly» şygryny ýazýar. 

Garagum üstünde ýaňlandy sazyň,
Hywada düzüldi ençe beýazyň,
«Şirgazyda» geçdi kän gyşyň-ýazyň,
Bize ýakyn sözüň eý Magtymguly.

Horezm ogly men seniň gardaşyň,
Kitabyň ýaşlykdan boldy syrdaşym,
Goşgularyň doganymdyr, güneşim,
Bir beýik şahyr sen eý Magtymguly...
 

Magtymgulynyň goşgularynyň muşdagy bolan ýene-de bir özbek şahyry Muzaffar Ahmedowyň Beýik Pyraga bagyşlap ýazan «Magtymgulynyň» atly goşgusy hem özbek milletiniň biziň akyldarymyza goýýan hormatynyň uludygyna şaýatlyk edýär: 

Men örän bagtyýar, ynha golumda,
Şygyr diwany bar Magtymgulynyň.
Goşgulary aýdym bolan dilimde,
Paýhas dessany bar Magtymgulynyň.

Ýaşamak kyn, ondan nesihat alman,
Onuň söz ýaýlasy öwüsýär elwan,
Toprakdan nem alyp, gunçalan güllän,
Erem bossany bar Magtymgulynyň.

Dünýäniň gözüne bir mahal ilen,
Onuň goşgulary giden bir älem,
Kalbynda Magşugy Meňliden galan,
Yşky beýany bar Magtymgulynyň.

Bir gyz bar gül ýüzli gaşlary ýaýdyr,
Görk-görmegi misli ýerdäki aýdyr,
Howalasy belent daglara taýdyr,
Şol meňli hany bar Magtymgulynyň.

Şoldur meniň mydam seždäm togabym,
Tapyp beren kyn sowalyň jogabyn,
Her çent göwnüm bu ýerlere dolaryn,
Gözel mekany bar Magtymgulynyň.
 

Magtymgulynyň beýik şahsyýetdigi, onuň döredijiliginiň älemgoşar kimin köp öwüşginliligi, şahyryň gylyk-häsiýetindäki inkär edip bolmajak gowulyklar onuň şygyrlary dünýä döwletlerinde hem uly gyzyklanma bilen okalýar. 

 

Maksat AKYÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 
Türkmenabat agrosenagat orta hünär 
okuw mekdebiniň mugallymy.