Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Öýe barýan ýollar (Oýlanma)
  30.01.2023
1172
Öýe barýan ýollar (Oýlanma)

Demir ýol menzili. Bu ýer gidenleri ugradyp,  geleni garşylap şol bir durkunda otyr. Gaty giň ýer bäri, sebäbi, aýralykda bagrynda aglanlaram saklaýar, gowuşmak pursadyny başdan geçirýänlerem. Gözýaşdan sil dörese demir ýol menzilini sil alardy.

Şeýle oýlar bilen otlynyň aýnasyndan bakyp oturyşyma az-azdan barha batlanyp otly herekete geçdi.  Birdenem,  aýnamyň gabadynda edil gapa golaýlanynda  otlynyň ýörändigine aljyraňňylyga düşen nätanyş ýolagça nazarym düşdi. Ol elini galgadyp ep-esli menzile ylgasa-da, otludan ozmak oňa başartmady. Şol pursatda bir tymsal ýadyma düşdi:

« Ähli­zatdan sapak almak mümkindir. Bu dünýädäki zatlaryň bary bize nämedir bir zat öwredýändir - diýip, halypa şägirtlerine aýdypdyr.

Oturan şägirtlerden biri müňkürlik bilen sowal beripdir:

- Aýdaly, demir ýol bize näme öwredýär?

- Bir  pursatlyk  gijä galmak bilen ähli zadyňy elden giderip biljekligiňi...»

Nätanyş ýolagçylar. Öýüňe ýetmäge howlugyp ýüregiň dükküldisine goşulyp otlynyň dowamly «şykydyk –şykydyk» sesi.  Güler ýüzli, mähriban gelneje ýanynda çagajygy bilen başagaý oturyşyna, maňa-da sorag berip ýetişýär. Gysgaça tanyşlyk.  Talypdygymy aýdanymda, daş- töwerekdäkileriň tas ählisi maňa üýtgeşik nazar bilen bakyşdy. Kalbymda talyplygyň ýakymly buýsanjy bilen ýerime geçdim. Ýene sanalgy sagatlardan mähribanlarymyň, ojagymyzyň bagryna ýetmek höwesi meni ýatyrarmy, hergiz. Bagtyma, her halymy ýeňleden dostum  hemişe ýanymda. Kitapdaky hekaýa şeýle içgysgynçdy ýa-da ýadawlyk bilesigelijiligi ýeňdi, garaz, men okap oturan kitabym ýüzüme ýapylyp uka gitdim...

Otly birden durdy. Bir-iki sany ýolagçy düşdüler. Geň galaýmaly, bir otluda bolsaňam, barýan ugruň meňzeş däl. Durmuşam otla meňzeýär, aslynda, hemmeler ýolagçy, käbir adamlar bolsa bir menzile ýetýänçäň ýoldaşyň. Soňky menzile çenli  ýanyňda gaty az adam galýar. Bu durmuş hakykaty. Ine, otludan öwrenäýmeli ýene  bir zat.

Ine, ahyr Daşoguzyň gujagyna gelip düşdük. Öýüme barýan eziz ýollar. Dogduk obam.  Bu ýeriniň howasy bir üýtgeşik, ondan gursagymy dolduryp,  uludan dem alyp doýar ýaly däl. Eziz obam! Arzuwlarynyň yzyna düşüp bagryňdan uçan durnaň dolandy. Maksatlaryna barýan ýolda arakesme berip,  dynç  alşa  geldi. Kalbymda şatlygymy duýan ýaly adaja öwsen şemala yrgyldan derekler meniň bilen salamlaşýan misli baş  atdylar. Göýä, meniň gelenime  begenen  misli gökde Güneşem ýylgyryp bakýardy. Maýyljak howa intizar galan Köneürgenç ili, köçelerde adamlar gaýmalaşyp ýör. Ählisiniňem ýüzlerinde ýylgyryş. Bagtyňy paýlaşmak nähili ýakymly! 

 

Annabeg AÝMAKOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.