logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Mundan ozal adyny hem eşitmedik miweleriňiz!
  24.03.2023
1477
Mundan ozal adyny hem eşitmedik miweleriňiz!

Ýyldyz miwesi – oxalis maşgalasyna degişli bu miwe ananasa meňzeş bolup, Hindistan we Şri-Lanka ýaly sebitlerde has köp duş gelýär. Ýyldyz miwesi budistler üçin aýratyn ähmiýete eýedir. 

Longan (Aždarha gözi) miwesi – Daşky görnüşi bilen ünsi özüne çekýän bu miwe, käbir sebitlerde pişigiň gözi hökmünde hem bellidir. Aždarha gözi miwesiniň Günorta-Gündogar Aziýa hasaplanylýar. 

Cupuaçu miwesi – kakao noýbasyna meňzeýän bu miwäniň watany Günorta Amerika bolup, bu miwäniň ysy köplenç süýjüliklerde ulanylýar. 

Myrica Rubra – Hytaýyň garry miwesi hökmünde häsiýetlendirýän bu miwesi C witamine örän baý bolup, onuň ýetişýän agajy gyşda hem gök öwüsýär. 

Ake miwesi – Ýamaýka üçin mahsus ýörite miwe hökmünde bellidir. Miwäniň içki böleginde gyzylja şänikler bolup ol miwäniň özeni hasaplanylýar. Bu miwäniň diňe daşky bölegi iýilýär. 

Durian miwesi – süýümiň çeşmesi bolup, ol günorta-gündogar Aziýada, Malaýziýada, Taýlandda we Wýetnamda ösdürilip ýetişdirilýär. Ýetişdirilýän sebitlerinde bu miwe «miweleriň şasy» hökmünde bellidir. Şeýle hem durian miwesi özboluşly ysy bilen hem meşhurdyr. 

 

Aýjeren MYRADOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.