logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Science and Education /Körpelerde ýaşaýan, ýerine bolan söýgini terbiýelemek
  06.01.2021
1009
Körpelerde ýaşaýan, ýerine bolan söýgini terbiýelemek

         Türkmenistanda ýaş nesliň döwrebap edep-terbiýeli, sowatly bolup ýetişmegine, olaryň ösüşiniň irki döwürlerinden başlap, uly üns berilýär. Munuň bilen baglanyşyklylykda, döwlet Baştutanymyz mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpe nesliň bilim-terbiýesiniň üstünlikli alnyp barylmagyna degişli wezipeleri öňde goýýar.

      Çaganyň ahlak gözelliginiň düzüm bölegi, terbiýäniň esasy görnüşleriniň biri watansöýüjilikdir. Türkmen halkynyň taryhy döwürlerden bäri, Watana wepalylygy milleti häsiýetlendirýän aýratynlyklaryň biri hasap edýändigi mälimdir. Halk döredijilik eserlerine ýüzlenseň hem, nusgawy edebýat bilen tanyşsaň hem esasy ündelýän häsiýetleriň biriniň watansöýüjiligine göz ýetirýänsiň.                    watanyň goragy bolsa mukaddesligiň goragydyr. Watana söýgi daglarymyzdaky çeşme- çaýlaryň tereňligidir, asmanyň hem zeminiň, deňzimiziň mawy giňişliginiň asuwdalygydyr. Bularyň barysy watandyr, elýetmez gymmatlyklarymyzdyr.

       Çagalarda öz ýaşaýan öýlerine, terbiýelenýän toparlarynda bolan söýgini kemala getirmekde terbiýeçi gürrüň bermek usulyny dürli şertlerde ulanyp biler. Mysal üçin, tebigata, muzeýe, seýilgählere, öz ýaşaýan ýerlerindäki gözellikleri synlamaga bagyşlanylan gezelençler gürrüň bermek usulynyň ulanylmagy üçin mümkinçilik döredilýär.