logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Käşiriň saglyga peýdasy
  11.01.2021
2542
Käşiriň saglyga peýdasy

     Häzirki wagtda tutuş dünýäde ilat arasynda dürli keselleriň öňüni almakda netijeli işler alnyp barylýar. Keselleriň öňüni almak üçin, her bir adam iýýän önümlerine aýratyn üns bermegi we özüniň sagdyn iýmit düzümini dogry düzmegi hökmandyr. Keselleriň öňüni almak üçin gündelik iýýän iýmitiň düzüminde gök önümleri, miweleri, kösükli önümleri, hozlary we däneli önümleri goşmaly. Her gün möwsümleýin ýetişýän ter, gök önümleri we miweleri köpräk iýmeli. Şeýle gök önümleriň biri-de käşirdir. Käşir der we ýag mäzleriniň işini kadalaşdyrmak bilen, deriniň, saçyň, dyrnaklaryň ýagdaýyna oňyn täsir edýär, bedeniň goraglylygyny güýçlendirýär. Käşir E we A witamini we sink bilen bilelikde görnüş ýitiligini saklamaga ýardam edýär. Ýürek damar keselleriniň ýüze çykmak ähtimallygyny, howply täze döremeleriň emele gelmek howpuny azaldýar. Öýken sowuklamada-da  peýdalydyr.