logo

Soňky täzelikler:
✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Kaka etrabynda ýaşlar bilen "maşgala mukaddesligi" barada wagyz nesihat duşuşygy geçirildi
  06.02.2024
697
Kaka etrabynda ýaşlar bilen "maşgala mukaddesligi" barada wagyz nesihat duşuşygy geçirildi

Ýaşlarda maşgala mukaddesligini berkitmek, dogry hünäri saýlamakda ýardam bermek we ýaşlaryň bilime bolan höwesini artdyrmak maksady bilen Kaka etrabynda ýerleşýän 18-nji orta mekdepde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

 

 

Duşuşyga 18-nji orta mekdebiniň okuwçylary, Türkmenistanyň Magtymguly Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň başlygy Begenç Öwezow, TMÝG-niň Kaka etrap Geňeşiniň wekilleri Begli Mämmedow we Kabulgeldi Meredow gatnaşdylar. Ýaşlar bilen geçirilen bu wagyz-nesihat duşuşygynda özara pikir alyşmalar we sorag-jogaplar boldy.

 

 

Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň alyp barýan işleri hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölümi barada görkeziliş çykyşlary edildi. Mundan başgada  “3 görnüşli ene-ata” atly tema boýunça Magtymguly adyndaky TDU-niň talyby Mekan Babaýew görkeziliş çykyşyny geçdi.

 

 

Wagyz-nesihat duşuşygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň maglumat beriş bölümi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Kaka etrap  Geňeşiniň gurnamagynda geçirildi.