logo

Soňky täzelikler:
✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Kaka etrabynda banan ösdürilip ýetişdiriler
  11.01.2023
1351
Kaka etrabynda banan ösdürilip ýetişdiriler

Ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri tropik şertlerde bitýän sitrus ösümliklerini ýyladyşhanalarda ösdürip ýetişdirmäge, şunuň bilen baglylykda, ilatyň köp görnüşli azyk önümlerine bolan ösen islegini kanagatlandyrmaga aýratyn üns berýärler. Şolaryň biri hem Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän «Hemsaýa» hojalyk jemgyýetidir.

«Hemsaýa» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan banany ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen ýyladyşhana hojalygy ýola goýuldy. Hojalyk jemgyýetiniň ýyladyşhanasy 5 gektar meýdany tutýar. Bu ýerde gurnalan taslama bananyň ösmegi, ýokary hasyl bermegi üçin zerur bolan ýylylyk, çyglylyk derejelerini sazlamaga gönükdirilendir. Bu ýerde damjalaýyn suwaryş ulgamynyň ornaşdyrylandygyny bellemelidiris.

Türkiýe, Germaniýa, Ispaniýa ýaly öňdebaryjy döwletleriň kämil tehnologiýaly enjamlary bilen enjamlaşdyrylan bu ýyladyşhana toplumynda diňe bir banany däl-de, eýsem, beýleki tropiki miwe berýän ösümlikleri hem ýetişdirmek bolýar. Ýeri gelende bellesek, ýyladyşhana hojalygynda häzir bananyň «Kawendiş» diýlip atlandyrylýan we dünýäde iň köp ýetişdirilýän görnüşi ösdürilýär. Hünärmenler tarapyndan talabalaýyk ideg edilýän banan ýyladyşhanasynyň her gektaryndan ýyl boýunça 100 tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.