logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Science and Education /Jana şypaly buýan köki
  05.01.2021
1246
Jana şypaly buýan köki

        Eziz Watanymyzyň kerem-kerematly topragy jana şypa beriji dermanlyk ösümliklerine baý bolup, şeýle ösümlikleriň biri hem buýan ösümligidir. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki eseriniň birinji tomunda buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýetleri, ondan dermanlyk taýýarlanylyşy şeýle-de, haýsy keselleri bejermekde peýdalanylmalydygy barada giňişleýin maglumatlar berilýär.

        Buýan dünýäniň köp sanly ýerlerinde ösmek bilen olaryň arasynda türkmen buýany has gymmatly serişde hasaplanylýar. Sebäbi ýurdumyzyň amatly howa şertleri bu ösümlikde köp peýdaly maddalaryň toplanmagyna we saklanmagyna şert döretýär. Buýan köküniň adamyň kesellere garşy durnuklylygyny berkidýän häsiýeti bolup, buýanyň kökündäki “glisirrizin turşusy” dümewiň öňüni almakda peýdasynyň bardygy bellenilýär.

        Buýan köki lukmançylykda bedendäki alyş-çalyş bozukluguny, gan basyşyny kadalaşdyryjy serişde hökmünde bejeriş işlerinde we öňüni alyşda giňden ulanylýar. Buýan köküniň üsgülewüge, sowuklama garşy ulanmak peýdalydyr we onuň sanjyny aýyryjy täsiri bar.

        Jana şypaly buýan köküni lukmançylykda giňden peýdalanylyp, ýurdumyzda bu ösümlikden dermanlyk çaýlary şeýle-de buýan kökünden alynan şireden taýýarlanylan dermanlyk serişdeler öndürilip ilata ýetirilýär.