logo

Latest news:
✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi ✦ ✦ Gurbanlyk baýramy — ynsanperwerligiň we sahawatlylygyň baýramy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy ✦ ✦ Çagalaryň sözleýşini ösdürmegiň netijeli usullary ✦ ✦ Aziýa ösüş bankynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy ✦ ✦ Sanly aragatnaşyk - häzirki zaman ösüşiniň binýady ✦
Home / Interesting /Haýwanat dünýäsiniň täsinlikleri
  24.11.2022
2135
Haýwanat dünýäsiniň täsinlikleri

- Ähli guşlaryň arasynda iň ýyrtyjysy – laçyn guşudyr.

- Pişikler kör bolan wagty gözüň görejine derman bolýan oty tapyp iýýär we gutulýar. Aslynda, pişikleriň ol otuň göze derman bolýandygyny duýşy hem syrly dälmi näme?!

- Içýan hiç wagt uklap ýatan adamy çakmaýar.

- Keýik owlagy doglan badyna ylgap bilýär, ördegiň jüýjesi bolsa ýüzüp bilýär.

- Baýguşlaryň gulaklary assimmetrik ýagdaýda ýerleşendir.

- Itler, pişikler hem-de möjekler iýmitden zäherlenende, iýmit siňdiriş synasyndan ony gaýtarmak üçin dürli otlary iýýärler.

- Birnäçe gatdan we öýjüklerden ybarat bolan hinlerini garynjalar öz eňekleri bilen gazýarlar.

- Gara garga şol bir adamy islendik eşikde hem tanamaga ukyplydyr.

- Gaplaňlaryň öň aýaklarynyň penjesinde 5 sany, yzkysynda 4 sany barmagy bolup, dyrnagynyň uzynlygy 8-10 santimetre ýetýär.

- Aýylar aýaklaryna zeper ýetende arylaryň hyzmatyndan peýdalanýarlar. Olar aýaklaryny ary balyna batyrmak bilen ýarany gowşadýarlar.

- Ähli balyklar eşitmäge ukyplydyrlar. Ýöne olar ses çykaryp bilmeýärler. Käbir balyklar biri-birleri bilen ýüzgüçleriniň kömegi bilen düşünişýärler.

- Atlaryň gözleri biri-birlerine garaşsyz ýagdaýdadyr. Olaryň her gözi aýratynlykda bir jisimi görmäge ukyplydyr.

- Gury ýerde ýaşaýan haýwanlaryň içinde hiç haçan gark bolmaýany oklukirpidir. Oklukirpiniň gark bolmaýanlygynyň sebäbi hem onuň köpsanly iňňeleriniň howadan dolulygy bilen düşündirilýär.

- Möýüň kerebi diýseň täsindir. Alymlaryň pikirine görä, möýüň kerebi ýeriň magnit meýdanyny üýtgedýär diýip çaklanylýar. Şol sebäpli, köp mör-möjekler ony görmän, möýüň kerebine aňsatlyk bilen düşýärler. 

 

Aýbölek AMANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.