logo

Latest news:
✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦ ✦ «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi ✦ ✦ GDA-nyň DIM-niň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi ✦
Home / Interesting /Haýsy önümleri has uzak wagtlap saklamak mümkin?
  10.03.2023
1153
Haýsy önümleri has uzak wagtlap saklamak mümkin?

Gündelik peýdalanylýan azyklyk önümleriň arasynda zaýalanmaýan ýa-da has uzak wagtlap saklap bolýan iýmitler bar. Şeýle önümleriň käbirleri ýyllar boýy hem saklanmaga ukyply bolup, olar öz peýdaly häsiýetini hem ýitirmeýär. 

Konserwirlenen iýmitler. Dürli konserwirlenen iýmitleriň möhleti hem dürli bolýar, şonuň üçin satyn alnanda oňa üns bermek möhüm. Iň çalt zaýalanýany konserwirlenen balyklardyr. Olary öndürilen gününden başlap iki ýylyň dowamynda sarp etmek maslahat berilýär. Ýaşyl nohut we mekgejöweniň saklanyş möhleti saklanýan gabyna bagly: aýna gapda üç ýyl we içi emal örtükli demir gapda has uzak wagt saklanyp bilýär, ýagny dört ýyl töweregi. Konserwirlenen etiň saklanyş möhleti iň uzynydyr. Ol daşky gabynyň berkligi bozulmasa, bäş ýyla çenli galaýy we alýumin gaplarda saklanýar. 

Guradylan kömelek. Bu önümiň ýaramlylyk möhleti takmynan iki ýyl. Kömelek aýratyn şertleri talap etmeýär: diňe arassa aýna gapda ýa-da kagyz halta salmaly we gurak, salkyn ýerde goýmaly. Guradylan kömelekler ýylyň islendik möwsüminde halaýan tagamlaryňyz üçin ajaýyp goşundy bolup biler. 

Granulirlenen şeker. Şekeri saklamak üçin iň amatly şert gurak we salkyn ýerdir. Otagda güýçli, ýiti yslaryň bolmazlygy örän möhümdir. Ol  plastmassa gaplananda yslary aňsatlyk bilen siňdirýär. Şeýle hem şekere çyglylygyň täsir etmeginden gaça durmaly. Dogry saklanylanda, granulirlenen şekeriň saklanyş möhleti 2 ýyldan 10 ýyla çenli. 

Galla önümleri. Süle uny iň uzak saklanyş möhleti boýunça galla önümleriniň biridir. Dogry ammar şertlerinde 30 ýyldan soň hem tagamyny ýitirmeýär. Süle uny garaňky we salkyn ýerde saklanylmalydyr. Däneli önümler üçin kislorod sorujylary bolan howa geçirmeýän gaplary ulanmak has gowudyr, şonuň netijesinde ol täzeligini we peýdaly aýratynlyklaryny saklaýar. 

Gara şokolad. Gara şokolad temperaturanyň +18-den +21 ° C çenli derejesinde garaňky ýerde gowy saklanýar. Ol aşa sowadylmaly däldir, ýogsam onuň ýüzünde ak örtük peýda bolup biler. Uzak möhletli saklamak üçin 70% ýa-da ondan köp kakao düzümi bolan şokolady saýlamak has gowudyr. Mundan başga-da, bu göterim näçe ýokary bolsa, şonça-da tagamyny saklar. Onuň ortaça saklanyş möhleti 2 ýyla çenli. 

Bal. Bal garaňky ýerde 0 bilen +20 ° C temperaturada berk ýapyk gaply bankada saklanmalydyr. Bu ýagdaý çyglylyk we daşarky yslary bilen aragatnaşygyň öňüni almaga kömek eder. Şertleri dogry berjaý etmek bilen tebigy bal belli bir derejede erbetleşmez. 

Sirke kislotasy. Bu önüm üçin maslahat berilýän möhlet iki ýyla deňdir. Şeýle-de bolsa, şol onuň gutarýan senesini öndüriji kesgitläp biljekdigi barada maglumatlar bar. Garaňky otag, aýna gaplamalary we otag temperaturasy sirke kislotasyny saklamak üçin iň amatly şertdir. Ol nahar bişirmekde-de, gündelik durmuşda-da köp ulanylýar. 

Arassalanan tüwi. Tüwi, çyglylykdan, gemrijilerden we mör-möjeklerden goramaga kömek edýän howa geçirmeýän gaplarda gowy saklanýar. Tüwi üçin iň amatly temperatura takmynan +4,5 dereje. Onuň bilen 30 ýyldan soňam peýdaly häsiýetlerini we tagamyny ýitirmez. +21 dereje töweregi otag temperaturasynda, tüwiniň saklanyş möhleti birneme gysga, ýöne şonda-da täsirli: 10 ýyla çenli. 

 

Allanur GUWANJOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.