Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Gyzly öý – gyzylly öý
  05.06.2020
1232
Gyzly öý – gyzylly öý

      Ähli   milletde  ahlak  gymmatlyklary   edil  ylma,  medeni  gymmatlyklar  ýaly   esasy  üns merkezinde  durýar.  Bu  ruhy  gymmatlyklar  adamzat  döräni   bäri  nesilme  nesil  geçip  gelýan  rowaýatlardyr,  halk  döredijiliginiň  dürli  görnüşleriniň  üsti   bilen  ündew  edilip  gelinýär.  Ýöne  göwnüme  bolmasa  türkmençilikde  ahlak  meselesi  durmuşyň  baş  manysy,  ynsan  ömrüniň  bezegi  hasaplanyp,  bu  meselä  has  köpräk  üns  berilýär.   Il   içinde  ýaşulylar,  ene-mamalar,  doga-dileg  edenlerinde,  ilki  bilen  baş  saglygyny,  iki  dünýä  imany   hem-de  abraý  dileýär.  Galan  dilegler  şolardan  soň  edilýär.  Abraý  ilki  bilen,  ahlak  arassalygydyr  özbaşdak  öý  gurup,  çatynja  bolan  gününden  başlap  göwünlerinde  nesil dowamatyny  besleýän   maşgala  ogul-gyza   gözi  düşünde  onuň  edep  terbiýesi  barada  aladalanýar.

         Türkmençilikde  gyz  perzende   “göwün  hoşy”  diýilýär.  Gyz  maşgala  şahyr  Kerim  Gurbannepesowyň   wasp  edişi  ýaly,   “Edebiň,  ekramyň,  akylyň  öýi”  bolmalydyr.  Gyz  maşgala  degişli  “Gyzly   öý-gyzylly  öý”  “Gyzly  öýde  iş   galmaz”,  “Gyz  gowusy  säher  turup  saçyn  darar,   gyz  gendesi  öýleden  soň  darak  sorar” ,“Gyzyň  öýde-gylygy  daşda”  ýaly  ata-babalardan  miras  galan  ajaýyp  nakyllar  bar. Türkmençilikde  sözlemek  meselesinde  gyz  maşgala  sesine  bat  bermän,  gaty  geplemäň   diline  paýyş  söz alman,  ýakymly  gürlemeli  hasap  edilýär.

         Giň-giň  ätläp,  batly  ýöremegem,  aýagyňy  ýerden  süýräp  ýöremegem  gyz  maşgala  gelişmeýär.  Ýöräňde  töweregiňe  ýalt-ýult  etmän,  aýagyň  burnuna  seredibiräk  ýörelse  gyza  gowy  gelişýär.  “Görk  agyzdan,  görmek-eginden“  diýleni  Häzirki  döwürde   ýaşlaryň   arasynda  endamyňa  syrlaşyp  duran,  dar  eşik  geýmek  ýoňa  öwrülip  barýar.  Moda  görä  däl-de,  kada  görä  geýnilse,  göze  ýakymly  görünýär.

         Amanat  ýa-da  kopul-sopul  geýnip  ýörmegem  gyz  maşgala  gelişýän  däldir.  Gymmat  bahaly,  bezemen  eşik  geýip,  töweregiňdäkileriň  ünsüni  özüne çekmekdenem  ägeräk  bolunsa   ýagşy.  Beýle  eşikler  toýa-tomga  gidilende  geýnilmelidir.  Ene-mamalarymyz  ýöne  ýere  “Gözden  dilden  gorasyn”  diýýän  däldirler.  Nämährem  gözüni  çarhlap   seretmesin,  ýaman  gözler  degmesin  diýlip,  gyz  maşgalanyň  eşik  meselesine-de   gaty  ägä  çemeleşilipdir.  “Owadanlyk  on-dokuzysy  don”  diýen  aýtgyda  esasy  gelşigiň  eşigi  dogry  saýlap  geýip  bilmekligi  barada  aýdylýar.

         Türkmenler  “Enesini  görde-gyzyny  al, gyrasyny  gör-de  bizini  al”   diýip  ýöne  ýere  aýdýan  däldir.  Gyz  maşgalanyň  her  bir  herekedi  edep,  görüm-göreldelik   bolmalydyr.  Köçe  ýol  hem  uly  pirli  närsedir.  Ol  seniň  gapyň  öňünden  geçse-de,  seniňki  däldir.  Uly  iliň  geçýän  ýoluna  hapa  bir  suwuny  dökmek  gaty   edepsizlikdir.  Zenan  maşgalanyň  ýuwulan  egin  eşikleri  hem  il  gözünden  sowarak  ýerde   üsti  örtülibräk  serilse  ýagşydyr.  Gyz  maşgalany  ýedi  gylyk  bezeýär  diýilýär.  Şol  ýedilige  päkizelik,  sypaýyçylyk,  utanç-haýalylyk,  agraslyk,  eli  çeperlik,  düşbülik  süýji  dillilik  girýär.  Döşi  açyk  gezmek,  binobat  sözlemek,   paýyş  söz  aýtmak,  gybat  etmek,  özgelere  at  dakmak,  ulyny-kiçini  sylamazlyk  ýaly  gylyklar  hem  biedeplik  hasaplanýar.