logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Kambojanyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi ✦ ✦ Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy bellenildi ✦ ✦ Ýeňiş güni mynasybetli weteranlar sylaglandy ✦ ✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦
Home / Culture /“Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy”
  25.10.2023
2705
“Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy”

Nakgaşçy  Gunça Myradowanyň “Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy” (2022) atly eseri ilkinji gezek 2022-nji ýylyň fewral aýynda açylan ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň sergisinde peýda boldy. Eser türkmen halkynyň parasatly akyldary Magtymguly Pyraga bagyşlanýar. Çylşyrymly bolmadyk bu kompozisiýanyň esasy agramly ýeri Magtymguly Pyragynyň ýaşlyk ýyllarynyň keşbini ynandyryjy teswirlemegindedir. Ilki bilen, akyldaryň ýaşlyk ýyllaryndaky keşbine Türkmen şekillendiriş sungatynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Çary Amangeldiýew ýüzlenipdi. Onuň eserinde öz ilkinji döreden şygryny atasy Döwletmämmet Azada okap berýän ýetginjek Magtymgulynyň keşbi şekillendirilipdi. Emma  nakgaşçy Gunça Myradowa öz eserinde şahyryň  talyplyk ýyllarynyň  kämillik döwrüni şekillendirýär. Eserde dik gorizontal ölçeg bilen Magtymgulynyň hem medressäniň sütüni sazlaşyp gidýär. Şahyryň ýaş döwrüne bagyşlanyp döredilen kompozisiýalaryň içinde zenan suratkeş hökmünde ilkinji bolup ýüzlenen Gunça Myradowa diýsek ýalňyş bolmaz.

 

 

Eserde mazmun hem çeperçilik ýordumlarynyň labyzlylygy öňe çykýar. Bu bolsa şahyryň ruhy ahwalyna aralaşmagyna kömek edýär. Aslynda her bir zadyň ýaşlygynyň gözel bolmagy tebigylykdyr. Bu ýerde nakgaşçy gahrymanynyň diňe bir ýaşlyk gözelligini öňe çykarman, eýsem, şol döredilen şygyryň ruhy baýlygyny kendire siňdirmegi başarypdyr. Magtymgulynyň göz owasyna dolan kiçijek ýaş uly bir eserdäki kiçijek nyşan hökmünde bolsa-da ýiti, emosional güýjüni tomaşaça bermegi başarypdyr. Şahyryň şekillendirilen keşbindäki gussany elleriniň hereketlerinde we suratkeşiň saýlap alan reňk gammasynda görmek bolýar. Ençeme ýyllaryň dowamynda  taryhyň dürli çarkandakly ýollarynda ýitmän, bize gelip ýeten beýik Magtymguly Pyragynyň şygyrýet  mirasy, onuň kimdigine, nähili şahsyýet bolandygyna düşünmeklige kömek edýär. Şuratkeş eserde köpfiguraly kompozisiýany gurnamaýar. Nakgaşçynyň şahyryň şygyrlaryny okap, öwrenip döredenligi duýulýar. Şol sebäpli, şahyryň  ýeke duran keşbi  hem köp zady alamatlandyrýar. Ol eserde ýalňyz dur. Suratkeş şahyryň diňe öz keşbini şekillendirmek bilen, birnäçe mahrumçylyklardan soň ýeke galan  akyldar hakyndaky pikirini aýtmak isleýär. Eserde  suratkeş  Horezm arhitekturasyna mahsus bolan nagyşly sütünleri we beýik şahyryň  hereketlerini ynandyryjy häsiýetde teswirläpdir.

 

 

Döwletmyrat DURDYÝEW,

 

Mary şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň

 

müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary,

 

TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň dalaşgäri.