Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Garaşsyzlygymyzyň miweleri
  16.09.2020
786
Garaşsyzlygymyzyň miweleri

      Türkmen halkynyň taryhyna ser salsak öz aztlygy we erkinligi ugrunda ençeme ýowuz söweşleri başdan geçirendige şaýat bolýarsyň. Ol söweşlerde bir tarapdan gahryman pederlerimiziň gaýduwsyzlygyny we watansöýüjiligini görsek, beýleki tarapdan tire-taýpa oňuşyksyzlygynyň bolup geçendigine göz ýetirýärsiň. Sekiz asyrdan soň merdana halkymyzyň ýürek arzuwlary hasyl boldy.

      1991-nji ýylyň oktýabr aýynyň 27-si ýurdumyzda ýatdan çykmajak şanly wakalaryň biri bolup, taryha altyn harplar bilen ýazyldy. Bagtymyzyň gözbaşy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolmagymyz bilen, Ata Watanymyz Türkmenistan tanalmaz derejede ösdi, özgerdi. Mähriban türkmen halkymyzyň baky bagtyýarlygynyň kepili bolan beýik Garaşsyzlyk halkymyzyň alnyndan bagt we rysgal nuruny eçildi.

     Türkmen halky Garaşsyzlygyny gazanmagy bilen milli däp-dessurlarynyň hem doly derejede eýesi boldy. Garaşsyzlyk türkmen halkynyň çüwen bagty bolup, her bir türkmen ojagyna mähir çoýdy. Şonuň üçin-de türkmen halky özüniň bu bagtyna guwanýar buýsanýar. Garaşsyzlyk bu biziň ata-babalarymyzyň ömür boýy eden erk islegleri we arzuwlary bolup, bu arzuwlar bu günki gün hasyl boldy. Magtymguly atamyzyň: - Berkarar döwlet istärin, ýa-da Ajap eýýam gelmedi – diýip eden arzuwlary bu gün hasyl boldy. Türkmen halkymyz Garaşsyzlygymyzy gazanmagy bilen milli baýlyklarymyzyň hem eýesi boldy. Üsti hem asty hazyna bolan berkarar Watanymyzyň bereketi her bir türkmen ojagyna rysgal bolup dolandy. Garaşsyz ýurdumyzda gurulýan beýik ymaratlar, zawod-fabrikler, ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde, şeýle hem oba hojalygynda gazanylýan beýik özgertmeler Garaşsyzlygymyzyň berýän ajaýyp miweleridir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllygynyň içinde ýurdumyzda gazanylan beýik ösüşler, ýetilen belent sepgitler halkymyzy has-da galkynydyrdy. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda  merdana halkymyz   parahat hem bagtyýar durmuşda ýaşaýar.   

      Bagtymyzyň hem-de gülläp ösüşiň gözbaşy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soňra zähmetkeş, merdana türkmen halkymyzyň alnyndan ýene-de taryhy hem beýik bagtyň altyn gapysy açyldy.     1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň ykrar etmegi bilen ýurdumyz Baky Biataraplygyny gazandy. Şondan bäri Garaşsyz ýurdumyz Bitaraplyk derejesine pugta berjaý edip, goňşy we dünýä döwletleri bilen dostlukly özara hyzmatdaşlygy berkidýär.

       Şeýle hem Türkmenistan döwletimiz uly möçberde çig mal gorlaryna eýe bolmak bilen, dünýäniň energetika döwleti diýen derejäni ynamly göterýär. Golaýda Türkmenistan—Hytaý transmilli gazgeçirijisiniň, şeýle hem Türkmenistan—Eýran gazgeçirijisiniň ikinji şahasynyň açylmagy, Gündogar—Günbatar gazgeçirijisiniň gurluşygynyň güýçli depginde dowam etdirilmegi diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, goňşy döwletleriň hem eşretli durmuşda ýaşamagy üçin edilýän aladalaryň aýdyň subutnamasydyr.     

     Hawa, Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan ösüşlerdir ýetilen belent sepgitler sanardan juda agdykdyr.

      Türkmenistanyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaş nesillermizi milli we umumy adamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek, bäsleşige ukyply bilim ulgamyny kemala getirmek döwletimiziň bilim syýasatynyň baş maksadydyr” diýip bellemegi ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýär.   Obalarda şäherlerde etraplarda gurulýan multimediýa, interaktiw, täze kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylan orta we ýokary okuw mekdepleri we olaryň dünýä standartlaryna gabat gelmegi biz ýaşlary geljege bolan ynamymyzy has-da artdyrýar.

       Türkmenistan dünýäniň birnäçe ösen döwletlerinden, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň ählisinden öňe geçip, dünýäniň 155 ýurdunyň arasynda 18-nji orny, Aziýa sebiti boýunça 2-nji orny eýeleýär. Bu bolsa halkymyzyň bagtyýar hem bol-elin durmuşda ýaşaýandygyndan habar berýär.

Hawa, gadymyýetiň çuňlugyndan öz gözbaşyny alyp gaýdýan taryhymyza ser salanymyzda hem ata-babalarymyz garaşsyz ýurtly bolmagy ömürboýy arzuwlapdyrlar. Süýji isleg-umytlar bilen arzuwlanyp, hasyl bolan mukaddes Garaşsyzlygymyz halkymyza özbaşdaklyk berdi, berkararlygymyz bolsa, il-günümize bagtyýarlyk getirdi. Garaşsylyk —  bolçulygyň, asudalygyň, erkanalygyň nyşany hökmünde türkmeniň alnyndan dogan nurly güni. Garaşsylyk — türkmen halkynyň ähli zada täzeden jan berip, dünýäni ala ýaza öwrüp, topragy güllere besläp gelen hoştap howaly baky bagtyýarlyk bahary. Garaşsyzlyk — türkmen halkynyň tutuş dünýäsiniň manysy, milli buýsanjy. Türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygyny alyp, ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlaryna doly derejede eýe boldy. Hut şonuň üçin hem Garaşsyzlyk syýasatymyzy üstünlikli durmuşa geçirip, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyz has-da berkeýär.

Biz Garaşsyz, Baky Bitarap berkarar ýurdumyzyň ýaş nesli özümize döredilýän ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, Watanmyzyň galkynyşly ösüşine mynasyp goşandymyzy goşarys.