logo

Soňky täzelikler:
✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Gadymy taryhçy we geograf Strabon barada
  17.12.2023
1531
Gadymy taryhçy we geograf Strabon barada

Strabon biziň eramyzdan öňki (64 – 63) we biziň eramyzyň (23 – 24) ýyllarynda ýaşan gadymy grek geografy we taryhçy alymydyr. Ol Kiçi Aziýada Amasiýa (Liwiýa) şäherinde dogulýar. Görnükli alym ýaşlyk ýyllarynda Gresiýa, Kiçi Aziýa, Italiýa we Müsüre syýahat edipdir. Bu alymynyň biziň günlerimize gelip ýeten 43 kitapdan ybarat bolan “Taryhy bellikler” eseri häzirki günde hem öz ähmiýetini ýitirmän gelýär. Ol “Taryhy bellikler” eseriniň dowamy hökmünde “Geografiýa” atly işini ýazýar.  Strabonyň “Geografiýa” atly işi, belli bolan antik geografiýanyň bilimlerini umumylaşdyryp, özünde jemleýär. Meşhur alymyň bu işi antik geografiýa ylmyny jemleýji eserdir. Eserde Hazar deňziniň ýakasy, onuň kenarynda ýaşaýan halklar dogrusynda hem käbir gymmatly maglumatlar getirilýär.

 

 

 

Şeýle-de bu meşhur alymyň Türkmenistanyň çäklerine syýahat edendigi onuň ýazan işlerinde görmek bolar. Ol öz işlerinde Amyderýa barada ýazypdyr. Strabon bu derýanyň iki müň ýyl mundan ozal hindi harytlaryny Hazar deňzine çenli getiren uly gämi gatnawly derýa bolandygyny ýazýar.

 

 

 

Diýmek, eserde biziñ häzirki ýaşaýan ýerlerimiz barada-da maglumatlaryň bardygy öz-özünden düşnükli bolsa gerek.

 

Jeren Batyrowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
1-nji ýyl talyby.