Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Gadymy Abiwerd galasy
  07.07.2020
1719
Gadymy Abiwerd galasy

     Orta asyrlarda Horasanyň meşhur Abiwerd welaýaty Günorta Türkmenistanyň dag eteklerinde häzirki Babadurmaz demirýol bekedinden Sarahs sebitlerine çenli aralykda ýerleşipdir. Amatly howa şertleri, mes toprakly ýerler, çylşyrymly suw desgalaryny gurnamazdan emeli suwaryş üçin amatly suw üpjünçiliginiň bolmagy bu ýerlerde ekerançylyk hojalygynyň irki döwürlerde hem güýçli ösmegine getiripdir. Bu ýerde eneolit we bürünç eýýamynyň meşhur ýadygärlikleri bolan Namazgadepe, Garadepe we Altyndepe taryhy-arheologiýa ýadygärlikleri ýerleşýär. Ýazuw ýadygärlikleriniň habar bermegine görä parfiýa zamanynda bu welaýat Apawarktikena ady bilen özbaşdak bir adminstratiw welaýaty emele getiripdir. Arheologiýa we ýazgy ýadygärikleriniň habar bermegine görä, Abiwerd orta asyrlarda gür ilatly merkezleriň biri hasaplanypdyr. Abiwerd barada ilkinji maglumatlary Isidor Harakliniň biziň eýýamymyzyň başlarynda Parfiýa döwletiniň çäklerinden geçip giden söwda ýoly barada galdyrylan ýazgylarynda görmek bolýar. Günorta Türkmenistanyň çäklerinden geçip gidýän söwda ýoluna häsiýetnama bermek bilen Isidor Harakli Parfiýa bilen Margiananyň aralygynda ýerleşýän Apawarktikenanyň adyny agzap geçýär. Arap basybalyjylary döwründe Abiwerd barada maglumatlara taryhçylar al-Belazuriniň “Kitab futuh al-buldan” we at-Tabariniň “Taryh ar-rasul” diýen ýazgylarynda gabat gelmek bolýar. X asyrda Abiwerd we onuň welaýaty barada has gymmatly we ygtybarly maglumatlary arap taryhçy we geografy al-Makdisiniň ýazgylarynda, şeýle hem beýleki taryhy-ýazuw çeşmelerden käbir maglumatlary okamak bolýar. XI asyryň birinji ýarymynda türkmen-seljuklarynyň Mawerennahrdan Horosana ýörişi bilen baglanyşykly birnäçe wakalar bolup geçýär. Abiwerd, Sarahs we Nusaý sebitleri bolsa seljuklaryň gaznalylar bilen alyp baran söweşlerinde ýeňiş gazanan esasy ýerleri bolupdyr. Mongol çozuşlarynyň öňýanyna Abiwerd welaýaty we onuň sebitleriniň taryhy barada gyzykly maglumatlary meşhur akyldar, şahyr Aby Sagyt Abulhaýyr-Mäne babanyň (964-1049) ömri we döredijiligi baradaky ýazylan maglumatlardan hem tapmak bolýar. Mäne babanyň terjimehaly onuň çowlugy Muhammet Minewwer tarpyndan VII asyryň ikinji ýarymynda we XIII asyrň balarynda ýazylýar. Şahyryň terjimehaly bilen baglanyşykly birnäçe maglumatlar bilen bir hatarda bu ýygyndyda welaýatyň geografiýasynyň taryhy, Mehne şäheriniň topografiýasy, şeýle-de şol döwriň syýasy taryhy bilen bagly bolan birnäçe wakalar barada anyk maglumatlar getirilýär. Bu ýygyndyda orta asyr Abiwerd welaýatynyň günorta-günbatarynda ýerleşen Mehnäniň golaýynda Sargala, Azjah, Badine, Şokan we käbir beýleki obalaryň atlary getirilýär. Muhammet Minewweriň bu eseri ilkinji gezek Tejeniň ady derýa hökminde däl-de, adminstratiw birlik hökminde agzalýar. Mongol çozuşlary döwrinde orta asyr Abiwerd barada maglumatlar Ata Mälik Juweýniniň “Tarihi Jahaguş” we Muhammet an-Nesewiniň “Sirat as-sultan Jelaleddin” (“Soltan Jelaletdiniň ömir beýany”) diýen işlerinden almak bolýar. Ýazuw çeşmeleriniň we arhiologiýa maglumatlarynyň öwrenilmegi netijesinde orta asyr Abiwerd welaýatynyň demirgazyk Horasan iň bir kuwwatly, gür ilatly, ösen medeniýetli, tä mongol basybalyjylaryna çenli syýasy-ykdysady durmuşy yzygiderli ösüşlere eýe bolan sebitleriň biri bolandygyny anyklamak bolýar. Taryhy çeşmeleriň habar bermegine görä, welaýatda üç sany şäher we ellä golaý oba bolupdyr. Bu ýerde obalar özbaşdaklygy bilen biri-birinden tapawutlanypdyrlar. Ilatly ýerler bilen sepleşip giden Erkgalaly obalaryň Abiwerd welaýatyna häsiýetli aýratynlygy bolupdyr. Şeýle obalaryň bolmagy IX-X asyrlarda Abiwerdde irki orta asyr galalarynyň emele gelendigine şaýatlyk edýär. Toplanýan maglumatlar Abiwerdiň Merkezi Aziýanyň beýleki welaýatlary bilen maddy medeniýetinde meňzeşlikleriň bardygyny ýüze çykardy. Bu umumylyklar jemgyýetçilik ösüşinde ýygy ykdysady, medeni we syýasy gatnaşyklary bilen baglanyşyklydyr. Şonuň bilen birlikde-de Abiwerd welaýatynyň ýerli ilatynyň diňe özine mahsus bolan maddy medeniýetiniň aýratynlyklary hem emele gelipdir. Türkmenistanyň çägindäki beýleki iri orta asyr şäherleri bilen bir hatarda Gadymy Abiwerd hem Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşipdir. Bu bolsa Abiwerd şäherine dünýäniň beýleki ýurtlary bilen syýasy-ykdysady we medeni gatnaşyklary ýola goýmaga giň mümkinçilikler döredipdir. Biziň günlerimizde taryhçy arheologlar tarapyndan geçirlen barlag işleri al-Makdisiniň we beýleki awtorlaryň ýazan maglumatlarynyň hakykata laýyk gelýändigini tassyklady. Abiwerdiň esasy şäher merkezi galasy 5 gektara galaý meýdany tutýar. Onuň daş töweregine goranyň diňleri-küňreleri bilen berkidilen galyň gala diwary gurlupdyr. Diwarynyň daş ýüzinde bolsa zabt etmek howpy abanan wagty içine suw goýberilýän ini 10 metra, çuňlugy bolsa 5 metra galaý bolan ganaw aýlapdyrlar. Bu içki galanyň-şähristanyň ýeke-täk berk derwezesi bolupdyr. Abiwerdiň iki sany söwda merkezi-uly bazary bolup, olaryň biri şäheriň günorta-gündogarynda, beýlekisi demirgazyk günbatarynda ýerleşipdir. Bazarlarda galla ekinleriniň , künjiniň, ýüpek we nah matalaryň, dürli egin eşikleriň, şaý-sepleriň, ýaraglaryň, keramiki we çüşe önümleriniň, şeýle hem mal söwdasynyň örän şowhunly ýola goýlandygy orta asyr syýahatçylary öz ýazgylarynda beýan edýärler. XI asyrda bina edilen ajaýyp metjidiň galyndysy tä 1930-nji ýyllara çenli saklanyp galypdy. Bu metjidiň örän ussatlyk hem-de nepislik bilen bina edilen portaly-peştagy bar eken. Oba adamlary şol owadan peştagy görmäge barar ekenler. Abiwerde soňraky ýyllarda Peştag diýp at bermekleriniň sebäbide şondandyr. Häzirki günlerde  gadymy Abiwerd galasy Beýik Ýüpek ýolunyň möhim merkezleriniň biri hökminde öwrenilýär. Ýadygärligi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizmek maksady bilen degişli resminamalar taýýarlanylýar. Ahal welaýatynyň kaka etrap merkezinden 7 km günbatar-demirgazygynda, Aşgabat-Türkmenabat gara ýolunyň 116-nji kilometrinde ýerleşýän Gadymy Abiwerd galasy syýahatçylaryň iň bir gelim gidimli ýerleriniň biridir.

         Sandykly baba kümmeti, gürrüň berişlerine görä,  bu waka XIX asyryň ikinji ýarymynda bolup geçipdir. Kaka etrabynyň Onbegi obasyndan Hojamhammet çopan Peştagyň (Abiwerdiň) töwereginde goýun bakýar eken. Onuň bir gün ýaz aýlary galanyň etegindäki depejikleriň biriniň alkymynda goş ýazdyrypdyr. Çopan dowarlary oýa sürip, özem depejigiň üstinde ýatmakçy bolupdyr. Ýaňy uka giden çopanyň düşine ak eginbaşly bir garry baba giripdir. Çopan garry babanyň sesini aýyl-saýyl eşidipdir: “Sen, ogul, beýdip meniň üstümde ýatma-da tur! Eliňden gelse üstimdäki gumy aýyr!” Aýdyşlaryna görä çopan şol ýerde yzly-yzyna üç sapar şeýle oraşan düýş göripdir. Ol oba gelip öz ýakyn hossarlaryna bolan ýagdaýy aýdypdyr. Dogan garyndaşlary üýşip gelip, depejigi usullyk bilen gazypdyrlar, gumy bir ýana aýrylan depäniň aşagyndan, hakykatdanam, örän üýtgeşik, sandyga meňzeş nepis nagyşly mazar daşy çykypdyr. Şondan soň bu mazaryň üstüne Peştagly adamlar gümmez gurupdyrlar. Öwlüýänyň ady-da Sandyklybaba bolup galypdyr. Oňa oba adamlary “Seýit Miregiň mazary” diýýärler. Kämillige ýeten ussanyň daşy ýonup bezäp, sungat eseri derejesine ýetirendigine şek-şübhe ýokdur. Sebäbi şol döwriň şu ugurdan bitiren işleriniň iň seýrek duş gelýän gözel nusgalarynyň biri şu ajaýyplykdyr. Orta asyr Abiwerdiň iň hormatlanýan adamlarynyň biriniň hatyrasyna bu mazarüsti daşdaky içine gül çemeni salnan güldanyň şekili, ösümlik nagyşlary bilen bir ulgama düzülip gidýän arap hatlary akylyňy haýran edýär. Bu daşdaky oýulyp ýazylan ýazgylary 1927-nji ýylda belli gündogarşynas, taryhçy alym A.A.Semýonow okapdyr we rus diline terjime edipdir. Eýranly alym, doktor Gulamhüseýin Gulamhüseýinzade bu ýazgylary okap, rus alymy A.A.Semýonowyň terjimesi bilen deňeşdirip derňedi. Şu iki alymyň jemlän maglumatlaryndan şeýle netije gelip çykýar: Gül çemenli güldan şekillendirilen üstki bölekde Ismet atly şahyryň dünýäden gaýdan dostuna bagyşlap, pars dilinde ýazan goşgy setirleri ýerleşdirlipdir. Bu mazarüsti daşyň uzaboýuna iki gapdalynda arap dilinde şygyr ýazylypdyr. Şol goşgy setirlerinde-de bu dünýäniň wagtlaýyndygy, synag üçin gelinýändigi hakynda, bu ýatan merhumyň belent mertebeli ynsan bolandygy, onuň jaýynyň behişt bolmagynyň dileg edilýänligi ýazylypdyr.

         Şu ýerde depin edilen adamyň ady alymlar üçin çözilmedik mesele bolup galýar. Şeýle-de bolsa, asyrlarboýy hatyrasy saklanyp gelinýän bu belent mertebeli ynsanyň dünýäden gaýdan wagtynyň senesi anyk ýazylgydyr. “924-nji ýylyň jumadel assani aýynyň ony güni” (1517-1518- nji ýylyň iýun aýynyň 24-i). Bu senäniň meşhur ussa Soltan Aly Bawertliniň ýaşan zamanasyny salgy berýändiginde many bardyr. Belki, bu nepis ýadygärlik onuň eliniň hünäridir. Şu günki günler Abiwerd galasynyň düzümindäki Sandykly baba kümmeti zyýaratçylaryň, jahankeşdeleriň gelim gidimli ýeridir.