Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasy bilen energetika we ulag hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardygyny beýan etdi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýa mugallymlarynyň forumynda ✦ ✦ Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk dostlukly gatnaşyklarynyň nyşanydyr ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Türkmen–Emirlik işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ 6-njy oktýabr — Hatyra güni! ✦ ✦ «Reňklerdäki poeziýam» atly döredijilik sergisi açyldy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabara gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistan 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmegi teklip etdi ✦
Baş sahypa / Tebigat /Fitoplanktonlar – suw gurşawyndaky ýaşaýşyň esasy
  13.04.2023
770
Fitoplanktonlar – suw gurşawyndaky ýaşaýşyň esasy

Fitoplanktonlar suw gurşawynda, howdanlarda ýaşaýan organizmleriň özboluşly topary bolup, olar örän kiçi wekilleri öz içine alýar, hatda olaryň adaty göz bilen görüp bolmaýan görnüşleri-de bar. Şonuň üçin olara mikroskopik suwotular diýilýär. Olar deňziň hemme ýerinde, ýagtylyk düşýän zonasynda, 10 metr çuňlukda hem ýaşaýar. Mundan başga-da, mikroskopiki suwotular gaty çalt ösüp we köpelip bilýär, käbir görnüşleri bir günde öz biomassasyny iki esse köpeldip hem bilýärler. Düşýän gün şöhlesini özüne kabul edip, kislorody bölüp çykarýarlar we deňiz suwunyň duzlaryny janly maddalara – organiki birleşmelere öwürýärler. Şonuň üçin bu olar suw gurşawyndaky ýaşaýşyň esasydyr. Ekologiýanyň dilinde bu prosese «başlangyç önümçilik» diýilýär. Ýagny zooplanktonlar fitoplanktony iýýär, ösýär we köpelýär, bu eýýäm ikinji derejeli önüm. Soň bolsa dargamak: hemme zat kemala gelýär, ýaşaýar we ölýär, ähli janlylaryň galyndylary we umuman deňizdäki ýaşaýyş suwda ýaşaýan bakteriýalara gidýär. Olar bu galyndylary dargadýar, ýagny maddalary organiki däl ýagdaýa getirmek bolup geçýär. Bu bolsa deňizdäki maddalaryň aýlawydyr. Fitoplanktonlar diňe bir suwotulary däl, eýsem fotosintetik bakteriýalary hem öz içine alýar. Bular sianobakteriýalardyr, ýagny olara gök-ýaşyl suwotulary hem diýilýär. Esasan kenarýaka suwlarynda, suwy süýjedilen ýerlerde - derýalaryň akabalarynda duş gelýär. Plankton ösümlikleriniň köpüsinde flagella bar, käbirinde bir, käbirinde jübüt bolýar, olar onuň kömegi bilen öz kiçijik dünýäsine aýlanýarlar, hereket edýärler. Käbirinde galyňlygy 400 mikrona çenli bolan daşky skeleti hem bolýar. Olar suw iýmit zynjyrynyň esasyny düzmek bilen, olar zooplanktonlardan äpet kitlere çenli ähli deňiz durmuşynyň iýmitinde bar. Olarda adaty metabolik prosesler, beden öýjükleri üçin zerur bolan ähli ýokumly maddalar we elementleri bar. Mysal üçin, äpet kitleriň iýmitiniň agramly bölegi şolardan durýar, bir günde 3-den 8 tonna çenli. Alymlar deňiz fitoplanktonlarynyň witaminlere, aminokislotalara, antioksidantlara baýdygyny we selen, sink, magniý, hrom we ş.m. ýaly minerallaryň iň baý çeşmesi hökmünde iýmit hökmünde ulanylyp bilinjekdigini subut etdiler. Beýleki iýmit goşundylaryndan möhüm artykmaçlygy bedeniň çalt we aňsat siňdirilmegi üçin ýokumly maddalaryň we organiki görnüşleriň mikroskopiki ululykda bolmagydyr.

Şeýle-de Maldiw adalarynyň suwlarynda fitoplanktonlaryň üýtgeşik wekilleri, ýagny «gyzyl tolkun» diýlip atlandyrylýan görnüşleri bar, olar bioluminessent fitoplanktonlardyr. Gün ýaşyp başlandan eýýäm, deňiz suwy bioluminessent fitoplanktonlaryň ajaýyp mawy yşygy ýadyňa salýan ýalpyldyly öwüşgini bilen ýagtylanýar. Mehaniki gyjyndyrmanyň netijesinde ýüze çykýan elektrik impuls ýörite öýjük wakuolyna geçirilýär we «ýagtylyk berýän» fermenti işjeňleşdirýän ion kanallaryny açýar, netijede suw ýagtylanýar. Bu ajaýyp görnüşi köp sanly fitoplanktonlar bir ýere jemlenende, hatda kosmos giňişliginden hem görmek bolýar. 

 

Mahym PALTAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.