logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Economics /Eziz Watanymyzy okgunly ösdürmegiň möhüm ugurlary
  27.03.2023
1098
Eziz Watanymyzy okgunly ösdürmegiň möhüm ugurlary

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň eziz ýurdumyzy ösdürmek boýunça alyp barýan oýlanyşykly döwlet syýasaty milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň okgunly ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ählumumy parahatçylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky, binalardaky gurluşyk işleriniň ýokary depgini üstünliklere ýol açýar.

Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumyny ösdürmegiň çäklerinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda, ýokary hilli, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmelidigi, suwdan netijeli peýdalanmagyň, ekin meýdanlaryny suw bilen bökdençsiz üpjün etmegiň wajyplygy babatda yzygiderli nygtaýar. Oba hojalyk pudagynda edermen daýhanlarymyz oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny alyp, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, ähli üpjünçilik ulgamlary bolan täze şäherçeleriň gurluşygy dowam etdirilýär. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň milli ykdysadyýetimizde möhüm orun eýeleýändigini we bu pudaklary hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin zerur işleriň geçirilmelidigini belleýär. Ýurdumyz boýunça jemi öndürilýän önümleriň möçberi barha artýar, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanylýar we ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna täze iş orunlaryny döretmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem kiçi we orta telekeçiligi ösdürmeklige uly goldaw berilýär. Hususy eýeçiligi we telekeçiligi ösdürmegiň ýolunda bar bolan çäklendirmeler aradan aýrylýar, netijede, ykdysadyýetimiz güýçli ösýär. Ýurdumyzda hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça sebit gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, sazlaşykly ösüş, halkara giňişlikde sebitiň ornuny berkitmegiň bähbidine tagallalary birleşdirmek hem esasy üns merkezinde saklanylýar. Dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen dürli görnüşdäki hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmek bilen, Türkmenistan döwletimiz daşary syýasat strategiýasynda köptaraplaýyn diplomatiýany iş ýüzünde amala aşyrmaga uly ähmiýet berýär. Onuň maksady ýurdumyzyň ykdysady bähbitlerini öňe sürmek hem-de dünýä giňişliginde döwletimiz üçin amatly ýagdaýy döretmekdir.

Şeýle hem ylym-bilim pudagynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýandygy, köp sanly çagalar baglarynyň, täze ýokary okuw mekdepleriniň, saglygy goraýyş, medeniýet we sport desgalarynyň gurulýandygy bellenmäge mynasypdyr. Ähli pudaklarda tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak işlerini geçirmäge uly möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär. Ykdysadyýetimizi dolandyrmagyň gurluşyny kämilleşdirmegi, täze ýaş hünärmenleri taýýarlamak hem dowam etdirilýär. Arkadagly Serdarymyz ýaş hünärmenleriň täzeçil we netijeli pikir ýöretmek we ýokary ukyp-başarnygyna eýe bolmalydygyny yzygider nygtaýar. Ýaş nesliň jemgyýetimizi innowasion çözgütler esasynda ösüşiň täze belentliklerine çykarmaga goşýan mynasyp goşandy hem aýratyn bellärliklidir. Häzirki döwürde bagtyýar ýaşlaryň yhlasy, ýiti zehini, döredijiligi esasynda ýurdumyzda täzeçe özgerişler kemal tapýar. Türkmen jemgyýetinde amala aşýan düýpli özgerişleriň netijesinde ýaş nesli halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny, medeni mirasyny, däp-dessurlaryny häzirki döwrüň derejesi bilen utgaşykly alyp barmak, ýaş nesliň döredijilik we ruhy mümkinçiliklerini ýüze çykarmak esasy üns merkezinde saklanylýar. Bu möhüm wezipeler döwletimizde ýaşlar syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugry bolup çykyş edýär. Mähriban halkymyzyň abadan, parahat hem bagtyýar geljegi üçin netijeli işleri alyp barýan Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz hemişe egsilmezdir! 

 

Juma SABYROW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we 
ulag kommunikasiýalary 
institutynyň talyby.