logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Edebiýat we pedagogika — ýaşlaryň ruhy ýolbeletleri
  17.12.2025
613
Edebiýat we pedagogika — ýaşlaryň ruhy ýolbeletleri

Ýurdumyzda ýaş nesliň terbiýesi we bilim berlişi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda alnyp barylýan yzygiderli işler milli ruhy gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga hem-de täze şertlere laýyklykda ösdürmäge gönükdirilendir. Şol gymmatlyklaryň arasynda türkmen dili, edebiýat we sözleýiş medeniýeti aýratyn möhüm orun eýeleýär. Bu sütünleriň pugtalandyrylmagynda bolsa pedagogikanyň — okuw-terbiýeçilik ulgamynyň orny örän uludyr.

 

Türkmen dili diňe bir gepleşik serişdesi bolman, halkymyzyň taryhyny, medeni mirasyny, pähim-paýhasyny we dünýä garaýşyny özünde jemleýän milli gymmatlykdyr. Onuň inçe aýratynlyklaryny ýaşlara dogry, düşnükli we ylmy esasda ýetirmek tejribeli mugallymlaryň hem-de dil öwredijileriň esasy wezipesi bolup durýar. Pedagoglar okuwçylara diliň grammatik gurluşyny öwredip, olaryň arassa, çeper we medeniýetli geplemek endigini ösdürýärler.

 

Edebiýat sapaklarynyň hem ýaş nesliň kemala gelmeginde aýratyn ähmiýeti bar. Klassyk we häzirki zaman türkmen edebiýatyna degişli eserleriň öwrenilmegi arkaly okuwçylaryň döredijilik ukyby, pikirleniş giňişligi hem-de milli medeniýete bolan hormaty artýar. Şeýle eserleri okamak we seljermek ýaşlarda döwrüň möhüm meselelerine garaýyş döretmäge hem-de maglumatly çykyş etmäge mümkinçilik berýär.

 

Pedagogikanyň ähli ugurlarda utgaşykly hereket etmegi türkmen dili, edebiýat we sözleýiş medeniýetiniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede ösdürilmegine mümkinçilik berýär. Munuň özi zehinli, giň garaýyşly, milli medeniýetine hormat goýýan ýaş nesliň kemala gelmegine ýardam edýär.

 

Gülnar BERKELIÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.