Näme üçin 6G öýjükli ulgam zerur?
Hytaý bu baradaky jikme-jik maglumatlary 2025-nji ýylda görkezer. Täze nesil toruna doly geçiş bolsa 2030-njy ýyla meýilleşdirilýär. Hytaýda üçünji uly simsiz ulgam operatory bolan «China Unicom» 2025-nji ýyldan başlap 6G tehnologiýasynyň ilkinji ulanylyşyny görkezmegi meýilleşdirýär. Doly ýerleşdirilmegine bolsa 2030-njy ýyla çenli garaşylýar. Bu bildiriş ýaňy-ýakynda geçirilen 6G Global konferensiýasyndan soň mälim bolup, hünärmenler onýyllygyň ahyryna çenli 6G tehnologiýasynyň Hytaýda ornaşdyryljakdygy barada ylalaşdylar. Hytaýyň global telekommunikasiýa pudagyna goşan goşandy, onuň dünýädäki iň uly ulanyjy bazasy sebäpli däl. Telekommunikasiýa ägirtleri «China Mobile», «China Telecom» we «China Unicom» 6G tehnologiýasyny hemişe işjeň ösdürýär. «China Mobile» eýýäm bu ugurda dünýäniň telekom operatorlarynyň arasynda öňdebaryjy 6G ykjam torlary barada köp sanly material we makala hem çap etdi. Häzir ýurt boýunça 2,31 milliondan gowrak esasy stansiýa gurlup, dünýädäki iň uly 5G ykjam ulgamy hem bu ýerde üstünlikli guruldy. Bu tizlik bilen «hakerler» ýitip barýan görnüşe öwrüler.
«Microsoft» ulanyjylary kiber hüjümlerinden goramak üçin emeli intellekt döretdi
Dünýä belli Microsoft kompaniýasy kiber howplardan goranmak üçin emeli aň esasly «Security Copilot»-ny hödürledi. Ulgam ýönekeý işleýär, ol kiber hüjüm belli bolmanka gizlin signallary kesgitleýär. GPT-4 modeline esaslanýan «Security Copilot» müşderilere kiber töwekgelçiligini ýüze çykarmaga we azaltmaga kömek edýär. Emeli intellekt ulgamy IT hünärmenleri tarapyndan ulanylýan materiallar we terminologiýa boýunça ýörite taýýarlanýar we Microsoft-yň beýleki howpsuzlyk gurallaryna birikdirilýär we geljekde programma üpjünçiliginiň çözgütlerini birleşdirmek meýilleşdirilýär. Beýleki programmalaryň köpüsinden tapawutlylykda, «Security Copilot» Microsoft-yň her gün alýan trillionlarça howp duýduryşlaryny yzygiderli öwrenýär. Emma ulgamyň henizem belli bir nätakyklyklary başdan geçirip biljekdigini bellemelidiris. Microsoft-yň pikiriçe, bu möhüm programma peýdaly howpsuzlyk töwekgelçiligini döredip biler. Bu meseläni ýeňilleşdirmek üçin kompaniýa has takyk jogaplar üçin ulanyjynyň seslenme mehanizmini ornaşdyrdy.
Alymlar mamont etini laboratoriýada ösdürdiler
Awstraliýaly gözlegçiler laboratoriýa şertlerinde mamont etini döretdiler. Munuň üçin, alymlar mamont myşsasynyň belogyndan DNK yzygiderliligini alyp, oňa häzirki zaman piliniň geniniň bir bölegini goşdular. Soňra bu yzygiderlilik goýunyň mioblast baldak öýjüklerine girizildi. 20 milliard öýjük ösdürip ýetişdirmek üçin köpeldildi, bu bolsa öz gezeginde mamont etini ösdürip ýetişdirmek üçin ulanyldy. Şeýle-de bolsa, hünärmenler entek ony iýmekden «gorkýarlar».
Tozanlandyryjy robot
Awstraliýadan we Ysraýyldan gelen gözlegçiler tozanlaýan ösümliklerde arylaryň ornuny tutjak enjamy – roboty hödürlediler. Hünärmenler howanyň üýtgemegi sebäpli mör-möjekleriň azalmagyny göz öňünde tutup, bu enjamy möhüm diýip hasaplaýarlar. Awstraliýanyň täze önümçilik kompaniýasy «Costa Group» robot tozanlamak üçin emeli intellekt ulanyp başlady. Bu usul, Ysraýylyň «Arugga II Farming» firmasy bilen hyzmatdaşlykda pomidor teplisasyna girizildi. «Polly» diýlip atlandyrylýan emeli intellekt robotlary, ýyladyşhanalarda pomidor güllerini tozanlandyrýar. Kompaniýa öz beýanynda tozanlaýjy robotlaryň hatarlaryň arasynda hereket etjekdigini, emeli intellektiň kömegi bilen tozanlamak üçin bişen gülleri kesgitlejekdigini we tozanlamany anyklamak üçin howa impulslaryny ulanjakdygyny aýtdy. Mör-möjekleri ulanmak bilen deňeşdirilende, robot tozanlaýjylar geljekde daýhanlara uly artykmaçlyk berip, öndürijiligini ýokarlandyryp biler. «The Wall Street Journal» (WSJ) neşiri hem howanyň üýtgemegi, pestisidleriň ulanylmagynyň artmagy, ýaşaýyş ýerleriniň ýitmegi we beýleki howplar sebäpli mör-möjekleriň sanynyň azalmagy dowam etse, robot tozanlaýjylaryň has möhüm boljakdygyny habar berdi.
Maksatmyrat SEÝISOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň 2-nji ýyl talyby.