Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanan halkara forum dünýä metbugatynyň ünsüni özüne çekdi ✦ ✦ Sanly ulgamyň öňegidişlikleri ✦ ✦ 2025-nji ýylda Zagrebde göreş boýunça dünýä çempionaty geçiriler ✦ ✦ Kitap halklary ruhy taýdan birleşdirýän köpri ✦ ✦ Magtymgulynyň eserleri dostlukly yurtlaryň edebiýatynda ✦ ✦ Türkmen edebiýatynyň akyldary ✦ ✦ Sungat ojagymyzda - Türkmen Alabaýy ✦ ✦ Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň ählumumy görkezijisine girdi ✦ ✦ Türkmen wekilleri Gazagystana iş saparyna çagyrylýar ✦ ✦ Türkmen alymlary «Suwaryş we suw hojalygy – azyk we ekologik howpsuzlygyň esasy» atly maslahata gatnaşdylar ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Döwrebap ýyladyşhana
  11.02.2020
815
Döwrebap ýyladyşhana

     2019-njy ýylyň 5-nji dekabrynda Gökdepe etrabynyň ,,Üzümçilik” daýhan birleşiginiň çäginde döwrebap ýyladyşhana toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň düýbüni  tutulyş we birinji tapgyrynyň açylyş dabarasy boldy. Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanlarynda täze iş orunlarynyň açylmagy halkyň ruhuna ruh goşdy we baýramçylygy has dabaralandyrdy.

       Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalary edara-kärhanalaryň işçi hünärmenleri, jemgiýetçilik guramalaryň wekilleri,il sylagly ýaşulular, mährem eneler, ýaşlar we ýerli ýaşaýjylar. Welaýat häkimi Serdar Berdimumamedowyň ol ýere gelmegi bilen toý meýdançadaky şowhun al-asmana göterildi. Munuň özi ýyladyşhananyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga boldy.Şol şatlykly pursatdan soňra myhmanlar 10 gektar meýdany eýeläp oturan täze döwrebap ýyladyşhana tarap bardylar. Hormatly myhmanlar we dabara gatnaşyjylar  täze ýyladyşhananyň girelgesinde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar.

       Sergä türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilýän azyk önümleriniň, şol sanda gök we bakja önümleriniň köp görnüşleri görkezildi.Ýokary tehnologiýa esasynda gaýtadan işlenilip, owadan gaplara gaplanan önümleriň giň göwrümli sergisiniň özboluşly bezegine öwrüldi. Munuň özi  ykdysadyýetiň döwlete danylsyz pudagynyň wekilleriniň ýeten sepgitleriniň we üstünlikleriniň şöhlelenmesi boldy. Täze ýyladyşhana barada gürrüň berýän wideorolik myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi.Bu wideorolikde beýan edilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ilatymyzy daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň  ýerini tutýan ekologiýa taýdan arassa  önümler bilen üpjün etmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak, döwrebap tilsimatlar arkaly oba hojalygynyň kämil düzümini emele getirmek we tarp ýerleri özleşdirmek, şeýle-de oba ýerlerinde iş orunlaryny döretmek boýunça alyp barylýan bimöçber işleriň ähmiýeti hem-de täze ýyladyşhananyň gurulmagynyň bu babatdaky  tagallalaryň barha rowaç alýandygynyň alamatydygy barada gürrüň berildi.,,Yrsgal ojagy” hojalyk jemgyýetine degişli bolan döwrebap ýyladyşhana 10 gektar  meýdany tutmak bilen ol dört bölekden ybaratdyr.Her bölegiň meýdany 2,5 gektara barabardyr. Onda her ýylda jemi 3800 tonna çenli pomidory ýetişdirmek mümkinçiligi göz öňüne tutulýar.Ýyladyşhana Türkiýe, Gollandiýa, Ispaniýa, Daniýa ýaly döwletleriň  meşhur kompaniýa laryň enjamlary, häzirki zamanyň iň kämil tilsimatlaryndan peýdalanyp gurulandyr. Bu ýerde ýerleşdirilen tehnologiýa howa ulgamy, ýagny çyglylyk, kömürturşy gazyň ýagdaýy we ýagtylyk ýörite gurnalan kämil tilsimatlar arkaly sazlanýar. Tomus aýlarynda ýyladyşhanada degişli derejedäki salkynlylygy saklamak üçin, ol sowadyş enjamlary bilen hem üpjün edilipdir. Pomidoryň dürli görnüşlerini ýetişdirmäge niýetlenilen ýyladyşhanada munuň üçin giň şertler göz öňüne tutulypdyr.Bu ýerde pomidor bilen birlikde, gök we bakja önümleriniň beýleki görnüşlerini hem ýetişdirip bolýar. Täze döwrebap ýyladyşhanada ýaşlaryň 120-den gowragy üçin iş orunlarynyň döredilmegini aýratyn bellemek gerek. Dabara gatnaşyjylar şol ýaşlaryň ýyladyşhanada ýetişdirilen ilkinji hasyly ýygnalan we ekine ideg edilýän pursatlarynyň şaýady boldular. Ýygnalan hasyly daşamak üçin gerek bolan degişli enjamlar hem olaryň ygtyýaryna goýlupdyr. Bu ýerde ýetişdirilýän önümleriň esasy bölegi daşary bazarlara eksport ediler.