Sungat adamzat jemgyýetiniň kemala gelen döwründe onuň zähmeti esasynda döräpdir. Zähmetde adamlaryň gözellik duýgulary, durmuşdaky hem-de sungatdaky ajaýyplyga akyl ýetirişleri kämilleşýär. Gözellige ulaşan adam özüni diýseň erkin duýýar, onuň döredijilik hyjuwy oýanýar. Durmuşdan gözelligi tapmak, umumylaşdyrmak olary çeperçilik keşplerde şöhlelendirip, ynsanlara ýetirmek we olaryň estetiki talaplaryny kanagatlandyryp, gözellik duýgularyny terbiýelemek sungatyň meseleleriniň wajyp aýratynlyklarydyr.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda halypa-şägirtlik ýörelgesi üstünlikli alnyp barylýar. Bu bolsa türkmen şekillendiriş sungatynyň ösmegine uly itergi berýär. Saýlap alan hünäriňi döredijilikli dowam etdirmek her bir suratkeşiň ylham çeşmesini baýlaşdyrýar. Halypalaryň tutanýerli zähmeti bolsa ýaşlaryň durmuşda öz mynasyp ornuny tapmagyna getirýär.
«Şägirt halypadan ozdurmasa, hünär ýiter» «Şägirtsiz ussat – miwesiz daragt», ýaly nakyllar ata-babalarymyzyň şägirtleriň öz halypasyndan öwrenen hünärinde assylly zähmet çekip, olaryň hem ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde uly goşandynyň bolmalydygyny şertlendirýär.
2025-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Bir halypanyň iki şägirdi» atly döredijilik sergisi açyldy. Uzak ýyllardan bäri sungat äleminde hyjuwly zähmet çekip gelýän halypa mugallym Annageldi Jumaniýazow türkmen şekillendiriş sungatynyň ösmegine uly goşant goşdy. Ol häzirem sungat ojagynda tutanýerli zähmeti bilen ýaşlaryň arasynda halypalygyny dowam edip gelýär. Halypanyň ýetişdiren zehinli şägirtleri Watanymyzyň dürli künjeklerinde hujuwly zähmet çekýärler. Bu gün bolsa döredijilik sergisinde halypa mugallym Annageldi Jumaniýazowyň we onuň şägirtleri Merdan Babajanowyň hem-de Merdan Kakabaýewiň nakgaş eserleri görkezildi. Sergi zalynyň diwarlarynda görkezilen sungat wekilleriniň döredijilik eserleri tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi.
Annageldi Jumaniýazowyň özboluşly sungat dünýäsi bar, ähli zat aýratyn gözellige, haşamlylyga eýedir. «Taryh», «Ussadyň hatyrasyna», «Ýatlama», «Umyt», «Babasarynyň portreti», «Almämmedowyň portreti», «Enäniň portreti», «Aýdym-sazly natýurmort», «Aýnaly natýurmort», «Ýaşyl natýurmort» ýaly eserlerinde suratkeşiň dünýä garaýyşy, pelsepewi oýlanmalary, döredijilik pikirleri çuň mazmun bilen beýan edilýär.
Annageldi Jumaniýazowyň şägirdi Merdan Kakabaýewiň döredijiliginde aýdym-saz sungatyna aýratyn ähmiýet berilýär. Biz suratkeşiň «Gyjaklar we tüýdükler», «Güller we saz gurallary», «Türkmen milli saz gurallary», «Türkmen gyjaklary», «Türkmeniň milli mirasy», «Gürgenjiň medeniýeti» ýaly sungat eserlerini synlanymyzda has hem göz ýetirýäris. Çeper çözgütler bilen beýan edilen bu sungat eserleri halkymyzyň milli mirasyny we gymmatlyklaryny açyp görkezýär. Sergide binagärlik ýadygärliklerimizi we medeni mirasymyzy beýan edýän döredijilik eserleri suratkeşiň döredijilik gorunyň kämilligini açyp görkezýär.
Bu sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň zehinli uçurumy Merdan Babajanowyň «Togsanyň güýzi», «Gözel ülkäm Gündogar», «Saýrak bilbilim», «Bagtly maşgala», «Ýaşaýşa ymtylyş», «Umyt uçgunlary» atly nakgaşçylyk eserleri görkezildi. Ýaş suratkeşiň eserlerinde türkmen gelin-gyzlarynyň bagtyýar durmuşy ýagty reňk öwüşginleriniň sazlaşygynda beýan edilýär. Merdan Babajanowyň eserlerinde şähdiaçyklyk duýulýar. Geljek hakdaky ýagşy umytlar ýagtylyk bilen çözülýär.
«Bir halypanyň iki şägirdi» atly döredijilik sergisi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim alýan talyp ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdir.
Maýa Arazgeldiýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň mugallymy.