Türkmenistan iri pagta öndüriji ýurt bolmak bilen, ýurdyň dokma senagaty işjeň ösdürilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda 30-dan gowrak iri we orta ululykdaky dokma toplumlary, fabrikleri işe girizildi. Olar çig mal binýadynyň gönüden-göni golaýynda ýerleşmek bilen pagta süýümini gaýtadan işlemekden başlap, taýýar önüm çykarmaga çenli önümçiligiň yzygiderliligini doly üpjün edýär.
Daşary ýurtlaryň iň öňdebarjy kompaniýalarynyň ýokary öndürjilikli täze tilsimat enjamlary we maşynlary bilen üpjün edilen dokma senagat kärhanalary jinsi, sütükli, panbarhat, trikotaž, setin, çit we beýleki matalary, hem-de şolardan tikilýän taýýar önümleri, şeýle hem lukmançylykda ulanylýan pamyk hem-de kosmetik pamygy uly möçberde öndürýär. Häzirk wagtda Türkmenistan dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän ýokary hilli dokma önümlerini köp möçberde öndürýän döwletiň derejesinde eýe boldy. Türkmenistanyň dokma toplumynyň öndürýän önümleriniň 70%-den gowragy, şol sanda pagta süýümi ýüpligi, nah matalar, trikotaž matalaryň dürli görnüşleri we olardan tikilen taýýar önümleri dünýäniň 30-dan gowrak ýurtlaryna eksport edilýär.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda 07.03.2018-nji ýylda Kaka etrabynda hem täze dokma senagat toplumynyň düýbü tutuldy. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, bu senagat toplumy egirme, dokma, boýag we tikin önümçiligini öz içine alýar. Toplumda ýylda inçe süýümli pagtanyň 5 müň tonnasyny, ondan “kompakt-penýe” belgili nah ýüplügiň 3 müň 650 tonnasyny öndürmäge niýetlenen önümçiligi, 12 million inedördül metr matany hem-de 1 million 200 müň taýýar önümi öndürmäge mümkinçilik bolar. Bu iň ýokary tehnologiýaly dokma kärhanasyny gurmak “Cotam Enterprises Ltd.” türk kompaniýasyna ynanyldy. Toplum meýilnama esasynda 2021-nji ulanylmaga berilmeli. Bu çözgüt milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň strategiýasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädim boldy. Bu dokma toplumynyň düýbüniň tutulyş dabarasynda Halkyň saýlan wekilleriniň adyndan milli parlamentde Ahal welaýatynyň 24-nji saýlaw okrugynyň ýaşaýjylarynyň bähbitlerine wekilçilik edýän Mejlisiň deputaty Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, pudagyň bu desgasynyň ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly sene-Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilýändiginiň buýsançly ýagdaýdygyny belledi. Çünki ýurdumyzyň dokmaçylarynyň zähmet toparlarynyň üçden iki böleginden gowragyny zenanlar düzýär, olar dokma önümçiliginiň öňdebaryjy tehnologiýalaryny üstünlikli özleşdirýärler we arassa çig maldan ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürýärler bu önümler häzirki wagtda türkmen eksportunyň uly bölegini düzüp, hili hem-de bezegi bilen daşary ýurtly alyjylary özüne çekýär diýip belledi. Şeýle hemtäze dokma toplumynda 1000-den gowrak iş orunlarnyň açyljakdygyny nygtap aýtdy. Munyň özi ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berer diýip nygtady.
Bu gurulýan desga ýurdumyzyň senagatyny pudaklar boýunça ösdürmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ýokary götermek, ilaty iş orunlary bilen üpjün etmek we halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmak boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maksatnamalaryny durmuşa geçirmek ugrundaky netijeli çäreleriň aýdyň subutnamasydyr.