Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Saglyk /Buýan köküniň adam saglygyna peýdasy
  17.01.2023
3032
Buýan köküniň adam saglygyna peýdasy

Türkmen topragy dermanlyk ösümliklere diýseň baýdyr. Ata-babalarymyz gadymy döwürlerden bäri olardan peýdalanyp gelipdirler. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ensiklopediýasynda giňişleýin we düýpli söhbet edilýär. Şol ösümlikleriň biri-de buýandyr. Jülgelerinde we daglarynda ösýän buýan gadymyýetden bäri köpleriň ünsüni özüne çekmek bilen, ýurdumyzda onuň 4 görnüşi, dünýäde bolsa 15 görnüşi duş gelýär. Halk arasynda bu ösümlik «süýji buýan» ady bilen hem giňden mälimdir.

Kösükler maşgalasynyň buýanlar ugrunyň köpýyllyk otjumak wekili bolan buýanyň boýy 60-80 (100) santimetre ýetýär, uzynlygy bolsa 5-20 santimetrden ybaratdyr. Onuň baldagy dikligine ösýär, köp şahaly bolup, ýelek şekilli ýapragy, gyzylymtyk reňki bar. Buýanyň 2-10 jübüt ýalpyldap duran dykyz, süýji ýumurtga görnüşli ýapraklary bolup, olar göýä ýelim çalnan ýalydyr. Ösümligiň tohumynyň gögerijiligi 10 ýyla çenli saklanyp bilýär. Buýan tohumy arkaly köpelende ömrüniň üçünji ýylynda gülleýär. Iýulda gülläp, awgust-sentýabr aýlarynda miwesi ýetişýär. Toprakda bol hekli ýerlerde ösmegi halaýar. Buýan gurakçylyga has çydamlylygy bilen tapawutlanýar. Ol çüýrüntgä garyp bolan, az hasyl berýän toprakda hem oňat ösýär. Beýle ýagdaý onuň köklerinde ýaşaýan bakteriýalaryň howadaky azody topraga geçirip bilmegi ýaly ukybynyň barlygy sebäpli bolýar. Buýan şol bir bitýän ýerinde 10 ýyldan gowrak ösüp bilýär. Onuň dermanlyk köki bilen ýerasty baldagy çig mal bolup hyzmat edýär.

Ylmy maglumatlarda glisirrizin turşusynyň duzlarynyň antioksidant häsiýetiniň hasabyna bagryň funksional işjeňliginiň ýokarlanýandygyny, wirus gepatiti bolan kesellerde we zäherli maddalar bilen şikes ýeten organizme buýan köküniň şiresi kabul edilende, bagryň işine hem-de gurluşyna oňaýly täsir edýändigini alymlar tassyklaýarlar. Onuň täsiri bilen madda çalşygy, fermentleriň işjeňligi artýar, beloklaryň, DNK-nyň we RNK-nyň sintezi güýçlenýär, netijede organlaryň gurluşy we ýerine ýetirýän işi dikelýär.

Buýan kökünden dürli melhemleri ýasap, ýaralary, ýanyklary bejermekde ulanmak bolar. Köküň şiresi göz kesellerinde hem peýdalydyr. Ibn Sina buýan köküniň böwrek, peşew ýollarynyň, peşew haltasynyň kesellerinde kömek edýändigini, dürli ysytmalarda, iç gatamalarda peýdalydygyny belläp geçipdir. 

 

Arslan AMANOW,

Aşgabat şäherindäki 
Agrosenagat orta hünär 
okuw mekdebiniň talyby.