logo

Latest news:
✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦
Home / Science and Education /Bilimli il ozar
  27.03.2023
1222
Bilimli il ozar

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ulgamlary bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamyna hem aýratyn üns berilýär. Bu ugurda durmuşa ornaşdyrylýan beýik işler ýaşlarymyzyň giň dünýägaraýyşly, kämil bolmaklaryna binýat bolýar.

Sanly ulgamyň bilim bermek işine ornaşdyrylmagy bilen, oňat netijeler gazanylyp, belent sepgitlere ýetildi. Sanly ulgamyň esasynda innowasion maglumatlar merkezi döredilip, bilim edaralarynyň arasynda ýeke-täk bilim tory emele getirildi. Bilim edaralarynyň maglumat-aragatnaşyk serişdeleriniň binýady döwrebaplaşdyryldy, internet hyzmatlaryny üpjün edýän sanly bilim ulgamy döredildi. Ähli bilim edaralarynda okadylýan dersler boýunça döwrebap elektron kitaplar we gollanmalar, wideo-audio maglumatlar, zerur interaktiw-multimedia programmalar, maglumat kitapçalary, elektron ýumuşlar we soragnamalar işlenip taýýarlanyldy, okuw dersleri we döredijilik taslamalary boýunça olimpiadalary guramaga amatly mümkinçilikler döredildi.

Häzirki wagtda bilim edaralaryna täze talaplar bildirilip, daşary ýurt dillerini ylmy taýdan öwrenmek möhüm meseleleriň birine öwrüldi. Şonuň esasynda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýaş nesliň dil baýlygyny kämilleşdirmek, olarda bilime bolan hyjuwy döretmek maksady bilen täze dersler girizildi. Okuw gollanmalarynyň we kitaplaryň birnäçesi neşir edildi. Bu bolsa ýaşlaryň ylmy özgertmelere çuňňur aralaşyp, ýokary netijeleri gazanmaklaryna, geçirilýän döwlet derejesindäki bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmaklaryna, ata Watanymyzyň at-owazasyny barha belende götermeklerine mümkinçilik döretdi.

Ýurdumyzda ylymly-bilimli, ösen aň-düşünjeli we ukyp-başarnykly ýaşlary kemala getirmäge ähli mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, beýik işleri hemişe rowaç bolsun! 

 

Aýna ÇOKGAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.