logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Science and Education /Beýik işlere gönükdirilen maksatlar
  09.01.2021
775
Beýik işlere gönükdirilen maksatlar

      Ýurdumyzda alynyp barylýan beýik işleriň hemmesi ildeşlerimiziň eşretli ýaşaýşyny, bagtly durmuşy üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu bolsa halkymyzyň agzybirlikden döwlet tapan, halallygy, adalatlylygy hem-de dost-doganlygy ýörelge edinen ilatymyzyň ajaýyp zamanada ýaşamagynyň beýanydyr. Ýurdumyzda amala aşyrylýan şanly wakalar Türkmenistan döwletimiziň at-abraýyny belentliklere çykarýar. Şeýle ajaýyp döwletimizi has-da ösdürmek, zamanamyzy has-da gülletmek üçin döwletimiziň ýaşlarynyň öňünde durýan borjy ulydyr. Şol borjy berk berjaý etmek ýörelgesi bolsa aň düşünjeli ýokary ahlakly, päk ýürekli, giň dünýägaraýyşly, kämil hünärmenleri talap edýär. Bagtyýar zamanada ak mermere beslenen gözel Aşgabadymyzda ähli welaýatlarymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehniki enjamlarymyzyň ornaşdyrylmagy, ýaşlaryň dünýä ylymlaryndan habarly bolmagy, dünýä dilleri öwrenmegi üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi bilen birlikde ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenmegi, milli däp-dessurlarymyzy,edim-gylymlarymyzy çuňňur öwrenmegi şeýle-de bilim berýän mugallymlaryň döredijilikli zähmet çekmegi üçin giň ýoluň açylmagy, mähriban halkymyzyň taýzyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ýaşlarynyň ylymly-bilimli bolmagy, olaryň milli ruhda terbiýelenip ýetişmegi ugrundaky edýän atalyk aladalarynyň beýanydyr. Geljegimiz bolan ýaşlara döwrümiziň barha ösýän talaplaryna laýyk bilim terbiýe bermek, dürli hünärleri örenmek, ylma we döredijilige ugrukdyrmak, merdana ata-babalarymyzyň watansöýjülik ruhyny, ynsanperwerlige ýugrulan durmuş ýörelgeleri, zähmet endikleri asylly milli däplerini mynasyp dowam etdirmek biziň alyp barýan ähli özgertmelerimiziň esasyny düzýär, ýurdymyzda ösüp barýan ýaşlara uly ünüs berilýär. Olaryň kämil hünärmenler, berk bedenli şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin birnäçe işler durmuşa ornaşdyrylýar!