Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ “Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan” formatynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi ✦ ✦ “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady ✦ ✦ Ýaşlar Forumy – geljege barýan ýol! ✦ ✦ 12-nji awgust - Hazar deňziniň güni! ✦ ✦ Hereketleriň maksatnamalaryny milli syýasatlara ornaşdyrmagyň strategiýalary işlenilýär ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek boýunça ugurdaş çäreler geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Parlament forumy ✦ ✦ Awaza 2025: Hususy pudagyň forumy ✦ ✦ LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň 3-nji maslahaty dünýä metbugatynda ✦ ✦ Awazada medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçirildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Bedewleriň behişdi dünýäsine syýahat
  15.04.2024
568
Bedewleriň behişdi dünýäsine syýahat

Tebigatyň eçilen ajaýyp miwesi, türkmen seýisçiliginiň ýeten belent sepgitlerini subut edýän türkmen bedewi arassa tohumlylygyny saklap, häzirki günlere gelip ýetipdir. Gahryman Arkadagymyz “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyzdyr” atly kitabynda: “Bütin dünýäde çapylýan bedew atlaryň ähli görnüşli tohumlarynyň, şol sanda arap, iňlis atlarynyň hem ahalteke bedewlerinden gelip gelip çylandyklaryny tassyklaýan maglumatlar bar” diýip bellemek bilen, tebigatyň eçilen bu jandarynyň türkmeniň paýhasy bilen  kämilleşdirlenligini subut edýär.

 

Türkmen bedewiniň gözel keşbi türkmen şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşlerinde özüniň estetiki beýanyna gowuşýar. Çeperçilik akymlarynyň, sungatyň dürli žanrlarynyň täsiri bilen has baýlaşdyrlan türkmen bedewiniň keşbi döwlet derejesinde dabaralanýar. Gahryman Arkadagymyz “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabynda: “Akylyň ýetmedik ýerinde gudrat başlanýar. “Behişdi bedew”, “suw aty”, “ýel aty” kesgitlemeler hem-de atlarymyz baradaky ençeme ýordumlar hut şonuň ykrar edilmesidir. Bu hem tebigatyň bize beren uly serpaýydyr. Şeýle serpaýlaryň gadyryny bilip, arzyly saklamak bolsa, olaryň ömrüni müdümi edýär” jaýdar belleýär. Gahryman Arkadagymyz müň kerem mamla bedew atlarymyz bize  tebigatyň serpaýy, ony aýawly saklap geljekki nesillere ýetirmek seýisçilik we sungatyň öňündäki mukaddes borçdyr.

 

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň aprel aýynyň 15-ne Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli döredijilik sergisi gurnaldy. Sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň nakgaşlyk, heýkeltaraşlyk, grafika, haly, gobelen, keramika, zergärçilik eserleri görkezildi. Sergi özüniň köpugurlylygy bilen tapawutlanyp, her bir tomaşaçyny ahalteke bedewleriniň gözellik dünýäsine bir pursatlyk syýahada äkidýär. Tebigatyň eçilen gözel jandary bilen ynsan dünýäsiniň gözellik duýgulary sazlaşan eserlerde “gudrat” ýaly sözüň dile getirmezlik asla mümkin däl.

           

 

Sagdyn pikirli, ünsli, gözelligi içgin duýýan ussat suratkeşler öz sungat eserlerinde ahalteke bedewleriniň waspyny çeper mazmun bilen baýlaşdyryp, sungata siňdirýärler. Nakgaşçylyk sungatynda ýaş suratkeşler tebigat bilen bedew atlaryň keşlerini sazlaşdyryp çeper beýan edýärler. “Amaly-haşam sungatynda” bedewleriň çeper beýany has-da takyk aýdyň şöhlelenýär. Onuň aýdyň mysalyny haly we gobelen sungatynda beýan edilýär. Haly sungatynda bedew atlar has-da çeperçilik usullaryň üsti bilen başlaýlaşdyrylýar. Haly eserleri reňkler we taslama çözgüdi bilen tapawutlanyp, bedew atlarymyz gözel beýan edilýär. Zergärçilik bezeg işlerinde, galyberse-de bedew atlarymyzy baramçylyk lybasy bolan şaý-sepler (boýunlyk, göwüsbent, maňlaýlyk, eýeriň daşy, gamçy) ýaly bezegleri ussatlyk bilen tebigy daşlaryň üsti bilen çeper beýan edilýär.

 

Heýkeltaraşçylyk sungatynda bedew atlarymyzyň keşbi has-da gözel şöhlelenýär. Bedew heýkelleri özüniň gözelligi we aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Bedewleriň gözelligini has içgin açýan bedew heýkelleri bu sergide hem giňden halk köpçüligine ýetirildi.  

           

Maýa HALYKBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.