logo

Latest news:
✦ Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ “Tashkent Water Week 2026” atly halkara forum geçiriler ✦ ✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦ ✦ «Merkezi Aziýa sebitiniň ýaşlar diplomatiýasy: başlangyçlardan bilelikdäki ädimlere» atly duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Ösüşiň syýasy binýady ✦ ✦ Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady ✦
Home / Interesting /Balyň tebigydygyny anyklamagyň subut edilen usullary
  23.03.2023
911
Balyň tebigydygyny anyklamagyň subut edilen usullary

Dürli maksatlar üçin gündelik durmuşda köp ulanylýan bal diňe bir lezzetli bolman, eýsem ol saglyk üçin hem ýaramly önümdir. Häzirki wagtda onuň onlarça görnüşi söwda nokatlarynda satylanda, tebigy görnüşini saýlamak biraz kyn düşýär. Muny anyklamagyň subut edilen usullary şulardyr: 

Belligine seretmek. Gaplamany üns bilen öwreniň. Tebigy bal satyn alnanda, «GOST laýyklykda öndürildi» belligini gözläň. Hil taýdan bal üçin birnäçe standart bar. Hemişelik öndüriji hökman dogry belgini görkezer: GOST 19792-2017 ýa-da GOST 31766-2012. Bazarda oňat dizaýn edilen belligi tapmak has kyn. Satylýan harytlaryň hemmesi sanitariýa gözegçiliginden geçirilmeli. Ygtyýarly söwda ýerlerinde ähli önümler laboratoriýa synaglary bilen barlanýar. Gowy öndüriji ýörite şahadatnama almak üçin harytlary weterinariýa we sanitariýa barlagy üçin iberýär. Netijede balyň hiline bolan ynam hem ýokarlanýar. 

Dadyp görmek. Bu ugurda hünärmen däl adama iýmit goşundylaryny tagamy bilen tanamak kyn. Emeli bal hem tebigy ýaly bolup biler. Kämahal konditer önümleriniň ýa-da tehnologlaryň el önümçiliginde öndürilen balyň tagamy tebigy ýol bilen öndürilenden has tagamly bolmagy hem mümkin. Tebigy önüm birneme ajy, käwagt süýji we örtükli, aşa konsentrirlenen bolsa bokurdakda oňaýsyzlyk döredip biler. Şonuň üçin diňe tagamyna ynanmaly däl. 

Balyň ysyny aljak boluň. Hakyky tebigy balyň öz ysy bolýar. Ol güllere ýa-da agaç gabygyna meňzeş bolup hem biler. Başgaça yslar gabyň içindäki önümiň eýýäm bir gezek bişirilendigini görkezýär. 

Reňkini we düzümini barlamak. Tebigy bal, aç-açan bolmaly. Her görnüşiň öz reňki bar: güllerdäki açyk sarydan goýy goňura çenli. Dürli reňkli baly bolsa hakyky diýip atlandyryp bolmaýar, onda goşmaça komponentleri bolmagy mümkin. 

Akyş dowamlylygyny barlamak. Bazarda bal saýlasaňyz, satyjydan gaby açmagyny haýyş ediň. Ýokary hilli bal galyň we uzyn, bir çemçe bilen gowy örtülýär. Eger ondan tiz akýan bolsa, bu hakyky däl diýildigidir. Ýeri gelende aýtsak, tebigy balyň elmydama goýy we ýelimlidigi barada düşünje bar. Emma bu diňe täze önüme degişlidir. Köp wagt geçen tebigy bal üçin bolsa kristallaşma ýagdaýy adaty we tebigydyr. Yssy ýerde tebigy balyň üstünde örtük emele gelip biler - bu hem tebigy prosesleriň alamaty. 

Tejribe geçirmek. Aýdaly, bir gap bal satyn aldyňyz we onuň hakykydygyny barlamak kararyna geldiňiz. Ony kesgitlemegiň birnäçe usuly bar. Onda hek ýa-da krahmal bardygyny ýa-da ýokdugyny barlamak üçin, oňa biraz sirke taşlaň. Eger bir öwrülişik bar bolsa we kiçijik köpürjik peýda bolsa, bu balyň içine hek goşulandygyny aňladýar, bu önüme tebigy täsir etmek üçin edilýär. Synagy dowam etdirmek üçin biraz ýody taşlaň. Önüme un, krahmal, gabyk ýaly hapalar goşulsa, düýbüne ýerleşer ýa-da onuň ýüzüne çykar. Suwuklyk gök reňk alan bolsa, süýjülige krahmalyň goşulandygyny aňladýar. 

 

Ogulkeýik AŞYRMAMEDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 
Weterinar lukmançylygy hünäriniň 
1-nji ýyl talyby.