Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Bagtyň geçmişi, şu güni ýa-da geljegi ýok, ol elmydama bar!
  27.03.2023
795
Bagtyň geçmişi, şu güni ýa-da geljegi ýok, ol elmydama bar!

Bagt bu özboluşly hadysadyr. Bagt arzuwlaryňyzyň wysal tapmagy, ol dogry ýoldan gidýändigiňize düşünmek we hereketleriňiziň netijesini görmekdir. Durmuş öz akymy bilen yzygiderli üýtgeýär. Her kimiň özüne mahsus durmuşy, her kimiň öz «çalýan sazy» bar. Dünýä şol bir adamlardan, zatlardan, manylardan ybarat. Ol yzygiderli, her minutda hereket edýär. Onuň bilen bilelikde biz hem üýtgeýäris, içimizde dürli himiki we fiziologiki prosesler bolup geçýär, hereket edýäris, ýaşaýarys. Elbetde, munuň özi-de özboluşly bagt.

Bagt elmydama bar. Ol şu pursatda-da bar. Bagtyň geçmişi ýa-da geljegi ýokdur. Ol elmydama ýanyňda. Ony diňe bilmek we duýmak möhümdir. Bagt biziň özümizde, içki dünýämizde. Biz onuň bilen dünýä geldik, ýöne näme üçindir soň muny ýatdan çykarýarys. Bagtyň «ýokardan aşak düşmegine» garaşýarys. Ony özüne çekmek üçin bolsa dogry hereketleri we endikleri tapmagy başarmaly. «Özüňe hormat goýmazdan, özüňi söýmezden başgalara hormat goýmak we olara şatlyk paýlamak mümkin däl. Şeýlelik bilen, özüňizi bagtly etmegi öwrenmän, töweregiňizdäkileriň sizi bagtly etmegine garaşmaly däl. Bagt garaşsyzdyr. Ol diňe özümize bagly, ol biziň içimizde. 

Çagalykda bagtly bolmak öwredilýärmi? Çagalaryň aňy dürli hyýallar bilen gyzyklanýar we dürli-dürlidir. Bir düşbüje çagajykdan sorapdyrlar:

- Ulalanyňda kim bolmak isleýärsiň?

- Bagtly bolmak isleýän.

Elbetde, çagajygyň bu jogabyna hemmeler haýran galypdyr. Entek kiçijik hem bolsa onuň kalbynda beslän arzuw-hyýaly bagtyň hut özi!

Bagt bu jogapkärçilikdir. Ilki bilen özüňi bagtly etmeli. Haçanda siz bagtly bolanyňyzda, ýakyn adamlaryňyz hem ýanyňyzda bagtly bolýarlar, bu subut edilen hakykat. Adam ilki bilen bagtly we şatlykly durmuş üçin esas gurmaly, içki ruhy özenini berkitmeli, mundan beýläk bagtly ýaşamak üçin ähli şertleri döretmeli we soňra töweregindäki adamlary begendirmegi başarmaly. Özüň durnuksyz, durmuşda aýgytly ädim ätmedik bolsaň ýa-da depressiýa duçar bolanyňda, başga birini nädip bagtly edip bolar? Durmuşda başgalara kömek etmekde öz bagtyny görýän adamlar-da bar. Belki-de, olar bu dünýä ýagşylyk getirmäge begenýärler, bu duýgy bolsa olara bagt getirýär.

Ýüze çykýan kynçylyklaryň öňünde ejizlemek maksadymyzyň wysal bolmagyna, bagtly bolmagymyza böwet bolup biler. «Ýykylan göreşden doýmaz» diýlişi ýaly, kynçylyklar bilen taplanmaly, özbaşdak göreşmegi endik edinmeli. Kynçylyklar üstünligiň, bagtyň, maksat-myradyň hasyl bolmagynyň altyn açarydyr. Özümizde berk ynamy, erki terbiýelemek – bagtyň binýadydyr. Dürli kynçylyklary ýeňip geçmekde ýeterlik güýç-gaýratyň bolmagy bolsa üstünlige sary barýan aýdyň ýodadyr. Ýagşy zamanamyzda ýagşylyklar bilen taplanmak, töweregimizdäkilere we ýakynlarymyza şatlyk, mähir paýlamak biziň bagtly pursatlarymyza öwüşgin çaýýar! 

 

Oguljeren HUDAÝNAZAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 5-nji ýyl talyby.