Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ “Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan” formatynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi ✦ ✦ “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady ✦ ✦ Ýaşlar Forumy – geljege barýan ýol! ✦ ✦ 12-nji awgust - Hazar deňziniň güni! ✦ ✦ Hereketleriň maksatnamalaryny milli syýasatlara ornaşdyrmagyň strategiýalary işlenilýär ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek boýunça ugurdaş çäreler geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Parlament forumy ✦ ✦ Awaza 2025: Hususy pudagyň forumy ✦ ✦ LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň 3-nji maslahaty dünýä metbugatynda ✦ ✦ Awazada medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ata Watanymyz guwandyryjy ýeňişler bilen batlanýar
  27.03.2023
631
Ata Watanymyz guwandyryjy ýeňişler bilen batlanýar

Beýik Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň goýnunda eziz Watanymyz Türkmenistanda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň netijesinde uly ykdysady ýeňişler, uly rowaçlyklar gazanylyp, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty ýokarlanýar. Milli ykdysadyýetiň düzüminde senagat pudagynyň paýynyň barha artmagy ýurdumyzyň kämil innowasiýalara, ylmyň we tehnikanyň gazananlaryna, ýeten belent sepgitlerine esaslanýan, batly depginde ösýän döwlete öwrülýändigine şaýatlyk edýär. Bu özgertmeler bolsa, ykdysady bilimleriň kämilleşdirilmegi hem-de hünärmenleriň hünär ussatlygynyň ýokarlandyrylmagy babatdaky wezipeleri öňe çykarýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda ylma döwlet derejesinde uly goldaw berilýär. Döwletimizde kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, hususy ulgamy bank ulgamy tarapyndan ýeňillikli karzlar bilen üpjün edilýär. Bu ugurda gazanylan tejribeler kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine itergi berýär. Ýurdumyzda telekeçileriň dürli önümleri öndürmäge we önümçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen uzak möhletli karzlaşdyrmak işi çalt depginlerde ösdürilýär. Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmakda ilkinji wezipeleriň hatarynda ýurduň tutuş ykdysady, maliýe ulgamlarynyň ösüşine uly üns berilýär. Döwletimiziň ähli künjeklerinde täze, häzirkizaman obadyr şäherçeleriň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň köpsanlysynyň gurluşygy güýçli depginler bilen dowam etdirilýär, munuň özi, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir. Şundan ugur alyp, sebitlerde bina edilýän ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy, olaryň döwrebap derejede enjamlaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleler aýratyn üns merkezinde durýar. Milli ykdysadyýetimizi we onuň ähli pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi hem barha artdyrylýar. Halkymyzyň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bolsa diňe ykdysady taýdan kuwwatly, durnukly ösüşi üpjün etmegi amal edýän döwletde mümkin bolýar.

Şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary netijesinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde täze obanyň döredilmegi hem aýratyn bellärliklidir. Berkarar Watanymyzda gurulýan desgalaryň belentden-belentligi, milli äheňli binagärlik aýratynlyklary, bezeg işleriniň ajaýyplygy, gözelligi, olarda bagtyýar raýatlaryň abadan ýaşamagy, işlemegi, dynç almagy üçin iň döwrebap şertleriň döredilýändigi her birimizi diýseň buýsandyrýar. Döwletimiz bu ugurda BMG-niň Ösüş maksatnamasy we Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi ýaly abraýly halkara we sebit guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen täze başlangyçlar bilen çykyş edýär. Ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly pudaklary ösdürmeklik ileri tutulyp,  «ýaşyl ykdysadyýetiň» ösmegi üçin möhüm şertler döredilýär. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň bähbidine ählumumy derejede ýurdumyzyň ähli şäherleriniň we obalarynyň töwereginde bag nahallaryny ekmek arkaly gök zolaklaryň döredilmegini göz öňünde tutýan uzak möhletleýin maksatnamalar üstünlikli ýola goýulýar. Şeýle ajaýyp zamanada Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ösüşlere beslenmegi, halkymyzyň abadan ýaşaýşy ugrunda asylly işleriň giňden ýaýbaňlandyrylmagy Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent waspyny şöhlelendirýär! 

 

Jumadurdy SAPARGELDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.