logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Kambojanyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi ✦ ✦ Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy bellenildi ✦ ✦ Ýeňiş güni mynasybetli weteranlar sylaglandy ✦ ✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦
Home / Culture /Aşgabatda Liwiýanyň Medeniýet günleri geçirilýär
  03.05.2025
714
Aşgabatda Liwiýanyň Medeniýet günleri geçirilýär

Şu günlerde paýtagtymyz Aşgabatda Liwiýa Döwletiniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri ýokary derejede geçirilýär. Bu döredijilik çäreleriniň çäginde 1-nji maýda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen sergi bilen Medeniýet günleriniň resmi açylyş dabarasy boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Türkmenistan bilen Liwiýanyň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde geçirilýän bu çäre halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm başlangyçdyr. Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri, degişli edaralaryň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, medeniýet we sungat işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyplar gatnaşdylar.

 

Dabaradaky çykyşlarda bu medeni çäreleriň parahatçylygyň, dostlugyň we özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyndaky orny aýratyn nygtaldy. Şeýle hem gatnaşyjylar iki ýurduň Baştutanlaryna şeýle döredijilik forumyny geçirmäge döredilen mümkinçilikler üçin hoşallyk bildirip, halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dowam etdirilmegine uly umyt bildirdiler. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň alymlary we medeni işgärleri bilelikde taryhy hem-de medeni mirasy öwrenmek ugrunda hyzmatdaşlyk edýärler.

 

Dostlukly ýurduň medeniýet we sungat wekilleriniň çykyş eden açylyş konsertinde halk we estrada aýdymlary, sazlar, tans kompozisiýalary ýerine ýetirildi. Bu çykyşlar tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Häzirki döwürde milli medeniýeti ösdürmekde dünýä medeniýetiniň gazananlaryny öwrenmek bilen birlikde, ruhy mirasy gorap saklamak we ony halkara derejede wagyz etmek möhüm wezipeleriň biri hökmünde öňe sürülýär. Bu ugurda halkara ynsanperwer hyzmatdaşlyk hem möhüm ähmiýete eýedir.