logo

Latest news:
✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦ ✦ «Sanly geljek-2026» atly bäsleşigiň netijeleri yglan edildi! ✦ ✦ «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly elektron görnüşdäki ylmy žurnal dörediler ✦ ✦ Paýtagtymyzda «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwal geçiriler ✦ ✦ Köpöwüşginli medeni forum üstünlikli tamamlandy ✦ ✦ Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary ösüş ýolunda ✦ ✦ Medeniýet hepdeligi: galkynyşyň we ösüşiň baýramy ✦ ✦ Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlady ✦ ✦ Ahalteke bedewleri — türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Täze ylalaşyklar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar ✦
Home / Interesting /Aşgabadyň – Botanika bagy
  29.05.2023
1443
Aşgabadyň – Botanika bagy

Tämiz howasy, görnüş dürlüligi we  ösümlik dünýäsi bilen tapawutlanýan Aşgabadyň Botanika bagynyň 1929-njy ýylda düýbi tutuldy. Onuň tutýan umumy meýdany 18 ga bolup, özünde 500-den gowrak ösümlik görnüşlerini saklaýar. Bag klimatiki zonalar boýunça böleklere bölünýär, her bölegi owadan heýkeller bilen bezelen we onuň içinde aýratyn ýyladyşhanasy hem bar.

Bagyň ylmy-barlag işleri dünýäniň botanika baglaryň esasy ýerine ýetirýän meseleleri bilen baglanyşykly bolmagy bilen, ösümlikleriň introduksiýasy, ýagny ösümlikleri täze şertlere girizmek we täze şertlere uýgunlaşdyrmakdan ybarat. Bagyň döredilen gününden (1929ý.) bäri Ýer şarynyň ähli ýerlerinden getirilip, uýgunlaşma barlagyndan geçen ösümliklerden ýerli şertlere durnuklylyk we bezeg aýratynlygy bilen tapawutlanan görnüşleri saýlap alyp, botanika bagynyň işgärleri tarapyndan dürli görnüşlerden, formadan we sortlardan ybarat bolan baý ösümlik ýygyndysy toplandy. Agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň introduksiýasy we ilkinji synag işleri 1936-njy ýylda belli dendrolog K.W.Blinowskiniň ýolbaşçylygy bilen Botanika bagynyň çäginde giň gerim bilen başlanypdyr. Botanika bagyň esasyny düzýän ilkinji ösümlik ýygyndysy hut onuň işleri bilen döredildi. Türkmenistanyň agaç ösümlikleriniň görnüş düzümlerini öwrenmekde hem onuň ýerine ýetiren işleri uludyr.

Bagyň agaç we gyrymsy agaçlarynyň ýygyndysy ekologiýa geografik esasa laýyklykda meýdançalarda ýerleşdirilendir. Bagyň 8 geografik meýdançasynda dürli tebigy howa şertli zolaklaryň (Gündogar Aziýa, Orta Aziýa, Kiçi Aziýa, Krym, Kawkaz, Ýewropa, Ortaýerdeňizi, Demirgazyk Amerika) ösümlikleri ösýärler.

Hytaý söwda ýollarynyň açylmagy gymmatly dermanlyk we ekzotik ösümlikleriň ýaýramagyna goşant goşdy. Botanika bagynda relikt görnüşleriň köp görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Gadymy ekzotiki görnüşlerden eldar sosnasy, berýoza we «Janly magdan» diýip atlandyrylýan, relikt görnüşe degişli bolan ginkgo-biloba ösdürilip ýetişdirilýär. Bu sanalanlardan başga-da bagda ýylylygy söýýän ekzotiki ösümlikler hem bar. 

Botanika bagynda Fikuslaryň 10 görnüşi, aloýyň 14 görnüşi, bagyň buýsanjy bolan miweli banan, pes boýly papaýa, ýanwar aýynda gülleýän kanar palmalary ösdürilýär. Häzirki wagtda Aşgabadyň Botanika bagynda boýy 1 metre ýetýän awakado ösümligi hem ösdürilip ýetişdirilýär. 

 

Ýaňyl ARTYKOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.