logo

Latest news:
✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦
Home / Health /Antibiotikler adam saglygyna zyýanlymy?
  27.05.2025
1182
Antibiotikler adam saglygyna zyýanlymy?

Häzirki zaman lukmançylygynyň ösüşi bilen antibiotik derman serişdeleri ençeme keselleriň bejergisinde möhüm orun eýeleýär. Emma olaryň ýerliksiz we gözegçiliksiz ulanylmagy diňe bir peýda däl, eýsem, saglyga howp salýan ýagdaýlara-da getirer. Şonuň üçin antibiotikleri diňe lukmanyň görkezmesi boýunça we degişli tertipde kabul etmek zerurdyr.


Antibiotikler we olaryň bejergidäki roly
Antibiotikler esasan bakteriýalara garşy göreşmek üçin niýetlenendir. Köp adamlar bu derman serişdelerini wirusly kesellerde hem ulanmak isleýärler, ýöne bu düýbünden ýalňyşdyr. Düzgün boýunça antibiotikler diňe bakteriýalaryň sebäpli döreýän kesellerde peýdalydyr.


Bejergi wagty lukman antibiotik derman serişdelerini ýazanda näsagyň saglyk ýagdaýyna, allergiki täsirlerine, bagyr ýa-da böwrek ýagdaýlaryna hem-de kabul edýän beýleki dermanlaryna üns berýär. Sebäbi antibiotikler bedenden esasan bagyr we böwrek arkaly çykarylýar. Bu agzalaryň zeperlenmegi dermanlaryň zyýanly täsirini güýçlendirip biler.


Antibiotikleriň nädogry ulanylyşynyň netijeleri

  • Antibiotikler ýerliksiz kabul edilende dürli gaýra üzülmeler ýüze çykyp biler. Mysal üçin:
  • Bagyr we böwrek öýjükleriniň zeperlenmegi,
  • Eşidiş ulgamyna ýetirýän zyýan – aýratyn hem çagalarda,
  • Göwrelilik döwründe düwünçegiň zeperlenmegi,
  • Allergiýa reaksiýalary,
  • Nerw ulgamynyň bozulmalary,
  • Disbakterioz – bedendäki peýdaly bakteriýalaryň azalyp, zyýanlylarynyň köpelmegi,
  • Immun ulgamynyň gowşamagy.


Şeýle ýagdaýlaryň öňüni almak üçin özbaşdak birnäçe antibiotigi bilelikde kabul etmek ýa-da derman kabul etmegi ir wagty kesmek düýbünden dogry däldir. Bejergi doly geçirilmedik halatynda keseli döredýän bakteriýalar bu antibiotige garşy durnukly bolup biler.


Antibiotikler bilen nädip dogry işlemeli?
Antibiotikler diňe lukman tarapyndan bellenen görnüşde we wagtlaýynlykda kabul edilmelidir.


Bejergi döwründe süýt, turşy süýt önümleri, çaý, kofe we şerbetler bilen derman kabul etmekden gaça durmaly, iň gowusy – suw bilen içmekdir.

Bejergi täsir etmeýän halatynda, wagtynda lukmana ýüz tutmaly.

Antibiotik kabul edilýän döwrüň dowamynda alkogolly içgileri içmek düýbünden gadagandyr, sebäbi olar bagra, böwrege we immun ulgamyna güýçli zeper ýetirýär.

Her bir kabul eden dermanlaryňyzyň täsirini we kabul edilen wagtyny bellik edip goýmak, geljekde lukman üçin möhüm maglumat bolup biler.


Antibiotikler saglygymyzy goramakda möhüm ýaragdyr. Ýöne bu ýarag ýerliksiz ulanylanda ters täsir eder. Şonuň üçin her bir derman serişdesi ýaly antibiotikler hem diňe lukmanyň görkezmesi bilen kabul edilmeli. Öz saglygymyzy goramak, jemgyýetiň saglygyny üpjün etmek bilen deňdir.

Unutmaly däl: saglyk – iň gymmatly baýlygymyzdyr!
 

Merjen AGADURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.