Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda çeperçilik mirasyny gorap saklamak we oňa mynasyp baha bermek üçin Türkmenistan ýurdumyzda hemme şertleriň döredilmegi özi aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmen medeniýetine we sungatyna aýratyn üns berilýär. Munuň netijesinde hem şekillendiriş sungatymyzyň gün-günden beýgelmegi aýdyň mysal bolup durýar. Keremli türkmen topragy älemgoşar öwüşginli reňkleriň sazlaşygynda durmuşyň, tebigatyň, wakalaryň we adamlaryň keşbini çeper wasp edýän halyçylyk sungatynyň dörän iň gadymy ojaklarynyň biridir. Umman ýaly giň zehinli türkmen suratkeşiniň döredijilik hazynasy halkyň milli durmuşynyň ajaýyplyklaryny beýan edýän eserlere, etnografik aýratynlyklary: däp-dessurlary milli lybaslary, aýdym-saz sungatyny, myhmansöýerlik we ynsanperwerlik däplerini, şabaz bedewlerdir türkmen sährasynyň gözelliklerini, taryhy ýadygärlikleriň ajaýyp keşplerini, baharyň hem-de söýginiň, ýaşlygyň we gojalygyň eşretli pursatlaryny şekillendirýän eserlere baýdyr.
Ýaş suratkeşleriň zehin başarnygy amaly-haşam sungatynyň eserlerinde milli mirasymyzyň gadymy nusgalaryna salgylanyp, täzeçe öwüşgin berlip, kämilleşdirilip, ýerine ýetirilen döredijilik işleriniň aňyrsynda ýatan irginsiz zähmetiň, gujur gaýratyň ylham-hyjuwynyň jemlenendigine göz ýetirýärsiňiz. Türkmen şekillendiriş sungatynyň nakgaşlyk, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam sungaty, halyçylyk ýaly ugurlarynda hem birnäçe ajaýyp eserler döredilýär. Halyçylyk sungaty türkmen halkynyň göz guwanjy, el hünäri, başarnygy hökmünde irki döwürlerden gelýän halk döredijiliginiň iň gymmatly ýadygärligidir. Halyçylyk - türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň has gadymy görnüşleriniň biri. Ol öz gözbaşyny gadymy geçmişiň jümmüşinden alyp gaýdýar. Türkmen halylary özüniň täsin şekillendirilişi, ajaýyp reňkleri, berkligi, owadanlygy bilen beýleki ýurtlaryň halylaryndan tapawutlanýar. Şeýle hem türkmen halylarynda birnäçe tapawutly aýratynlyklary görmek bolýar. Ýagny, halynyň nagyşlarynyň şekilleri gadymy türkmen halkynyň döreden ýazuw elipbiýidir. Türkmen halysynyň üsti bilen gadymy türkmen ýazuwynyň şekillerini okamak bolar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän ýurdumyzda dana pederlerimizden, ene-mamalarymyzdan miras galan, asyrlaryň jümmüşinde sünnälenip, çeperligi, nusgawylygy bilen biziň günlerimize ýetirilen milli gymmatlyklarymyzyň, medeni baýlyklarymyzyň, edebi eserlerimiziň gadyr-gymmatyny sarpalanylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ýolbaşçylygynda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda türkmen halysynyň baýramy giňden bellenilip geçilýär.
Aýzada BEKIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby.