logo

Latest news:
✦ «EKSPO–2027» Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ «Ak şäherim Aşgabat 2026 (WCA 2026)» atly halkara sergisine taýýarlyk görülýär ✦ ✦ Sanly tehnologiýalar bilim ulgamyny ösdürýär ✦ ✦ TOHU-da «Suhangöýlük, dilewarlyk we söz sungaty» barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyñ Prezidenti “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi ✦ ✦ «Merkezi Aziýa sebitiniň ýaşlar diplomatiýasy: başlangyçlardan bilelikdäki ädimlere» atly duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Ösüşiň syýasy binýady ✦ ✦ Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady ✦ ✦ Şekillendiriş sungaty muzeýinde döredijilikli sergi geçirildi ✦ ✦ HNGU-nyň talyplary emeli aň we startap mümkinçilikleri bilen tanyşdylar ✦
Home / Economics /Ahal welaýat dolandyrys merkeziniň düýbi tutuldy
  27.01.2020
1716
Ahal welaýat dolandyrys merkeziniň düýbi tutuldy

      2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde gadymy oguz ýurdunda – Gökdepe etrabynda alyslara ýaň salan taryhy waka bolup geçdi. Şol gün bu gadymy we taryhy künjekde welaýatymyzda döwrebap dolandyryň merkeziniň gurluşygyna badalga berilmegi täze döwrüň senenamasyna altyn harplar bilen ýazyljak buýsançly waka öwrüldi.

      ,,Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ыkdysady taýdan ösdüremgiň Maksatnamasynda” bellenilen wezipeleri  üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edilen bu taryhy resminama welaýatymyzyň ilatynyň kalbyny heýjana getirdi.        Hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi üçin Gökdepe etrabynyň Gorjaw geňeşliginiň çäginiň saýlanylyp alynmagynyň taryhy ähmiýeti we bu ýerde guruljak nusgalyk şäheriň geljegi, giň mümkinçilikleri barada aýratyn durup geçdi. Köpetdagyň etegini gür baglyga bürenip oturan ýerde şeýle gurluşygyň salynmagy ekologik taýdan arassa tämiz howasy adamlaryň saglygy ugrunda edilýän ýene-de bir aladadygyny belläp geçmezlik mümkin däl. Bu ýerde ýurdumyzyň beýik binagärligi bilen bir hatarda, Paryzdepe ýadygärliginiň şekiliniň bolmagynda hem özboluşly many duýulýar.Köpetdagyň eteginde gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän bu ýadygärlik Orta asyryň gülläp ösen şäheriniň galyndysydyr. Gadymy döwürlerde bu ýerde ösen ekerançylyk we suwaryş ulgamlary bolupdyr.Ilkinji kärizler hut şu gadymy künjekde gurlupdyr.                     Täze, nusgalyk şäherde hojalyklaryň 70 müňden gowragyna niýetlenilen kottejleriniň we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 400-den gowragy bina edildi.Bu ägirt uly taslamanyň çäklerinde dörediljek nusgalyk şäherde dolandyryş desgalaryň, edaralaryň, şol sanda häkimligiň, oba hojalyk, medeniýet, maliýe-ykdysadyýet, saglygy goraýyş, söwda ulag aragatnaşyk toplumlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, jemagat gulluklarynyň we beýleki dürli düzümli desgalary, şeýlede her biri 320 orunlyk çagalar bagynyň onusynyň, hersi 720 okuwça niýetlenilen  orta mekdebiniň onusynyň, başlangyç we orta hünär mekdebiniň, sungat mekdebiniň ikisiniň binalary gurular.Ruhyýet köşgi, Baýdak meýdançasy, ýadygärlikler binasy, drama teatry, kitaphana, muzeý,saglygy goraýyş edaralary üçin niýetleniljek kaşaň desgalar welaýaty myzyň täze dolandyryş merkeziniň nuranalygyny goşalandyrar..Täze şäherde halkara atçylyk ýokary okuw mekdebi, Atçylyk ylymy önümçilik merkezi hem gurular. Bularyň hemmesi täze şäheriň bagtyýar ilaty üçin iň gowy şertleri iş orunlary, iň häzirki zaman durmuşyň gurşawyny emele getirer.Bu waka Ahal topragynyň ilaty üçin ýatdan çykmajak taryhy pursatlara öwrüldi.