Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /ADATY GAWUN
  26.08.2020
933
ADATY GAWUN

      Häsiýeti. Bakja derman ösümligi. Watany Günorta we Günorta-Günbatar Aziýa. Dünýäde dürli klassifkasiýalara görä 15, Türkmenistanda 2 görnüşi duş gelýär.

      Adaty gawun – kädiler maşgalasynyň gawunlar urugynyň biýarasynyň uzynlygy 1–3 metre ýetýän birýyllyk otjumak wekili. Ösümlik ýumşak ýa-da gaty tüýjagazlar bilen örtülen, ösen kök ulgamly. Ok kökleri 4 metre çenli çuňluga aralaşýar. Gapdal kökleri, esasan, topragyň ýokarky gatlaklarynda ýerleşýär. Ýerüsti pudagynyň uzynlygy 3 metre çenli ýetýär, güýçli şahalanan, gaty tüýlüje, murtjagazly, içi boş. Baldagy topragyň ýüzünde ýazylyp ösýär, şahalanan, seýrek çyrmaşýan, togalak bäş gyraňly ýa-da inçe gapyrgalyja. Ýapraklary abat ýa-da bäş kepjeli, tegelek-ýumurtga görnüşli ýa-da tas böwrek şekilli, gabarasy 7,5–12 sm, burçly, ýöne saýgarmasy kyn kepjeli, ýokarsy tegelenen, gyralary oýuk dişlije, tüýlüje, käte büdür-südürli, uzyn sapakly.

       Gülleri iri, gabarasy, takmynan, 2,5 sm, atalyk gülleri, köplenç, bir ýapragyň goltugynda birnäçeden ýerleşýär (5–15-den galkan şekillije gül çogdamynda toplanan), enelik gülleri ýeke-ýekeden ýerleşýär, atalyk güllerden uly. Enelik güllerinde ýetişmedik tyçinkalar gabat gelýär. Gültäjiň ülşüniň epilen ýeri tas kütek, çalymtyl sary reňkli. Düwünçegi uzyn we ak keçe ýaly tüýjagazlar bilen örtülen. Miweleriň şekili dürli görnüşde, süýri ýa-da tas şar şekillisi agdyklyk edýär, uzynlygy 10–50 sm, özboluşly «gawun» ysy häsiýetli, onuň daşky gabygy azda-kände gasynly, tüýlüje, ujy ýalaňaç. Miwäniň içi şireli, sary ýa-da ýaşyl reňkli. Tohumlary tüýjümek tohum saklaýjyda ýerleşýär. Tohumy ýasy, ak ýa-da sarymtyl reňkli, uzynlygy 0,5–1,5 sm.

Ýaşaýyş aýratynlygy. Adaty gawun ülkämizde medeni oturymlarda, suwarymly ýerlerde we dag eteklerinde ösüp boý almagy halaýar. Ösümlik maý–iýun aýlary gülleýär, iýun–oktýabrda miweleýär. Ol tohumy arkaly köpelýär. Ýylylygy söýüji we gurakçylyga çydamly ösümlik. Miwesiniň hasyllygy 1 gektarda 300–400 sentnere deň.

Ýaýrawy. Ösümlik diýarymyzyň ähli medeni oturymlarynda duşýar. Şu görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär: kyrkgünlük, zamça, garamengesek, donýary, goturgawun, waharman, aksüýt, egrisapak, şekerek, göktorly, gülaby, sarygyz, gyzyl gawun, ürgenji, garrygyz, gürbek, zagara.

Tebigy gory. Adaty gawun ýurdumyzdaky seýrek otjumak ösümlikleriň hataryna girmeýär. Dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlik. Ýurdumyzyň ähli etraplarynda, ýöriteleşen hojalyklarda we melleklerde ösdürilip ýetişdirilýär.

Dermanlyk çig maly. Ösümligiň miwesi we tohumy dermanlyk çig mal bolup hyzmat edýär. Çig maly olar doly ýetişende ýygnamaly. Olary adaty usulda guratmaly we taýýarlamaly. Miweden taýýar bolan çig maly kagyz haltalara, tohumyňkyny – kagyz haltalara ýa-da gutujyklara gaplamaly. Olary gury, gün şöhlesi göni düşmeýän ýerde saklamaly. Miwäniň we tohumyň ýaramlylyk möhleti 3 ýyl.

Himiki düzümi. Adaty gawunyň düzüminde organiki turşular: foliý, nikotin, pantogen; 16–18% ýeňil özleşýän uglewodlar: saharoza, fruktoza we glýukoza; pektin maddalary; 10–40 mg% Е, С, В 2 , В 6 witaminleri, karotin, nikotin, pantogen we foliý turşusy; krahmal, kletçatka, ýaglar, beloklar, uçujy aromatik birleşmeler, azotly, külli we mineral maddalar, demir saklanýar. Tohumynda 30%-e çenli ýag bar.

Peýdalanylyşy. Gawuny biziň eýýamymyzdan öň köp asyrlaryň dowamynda Hindistanda, Gadymy Müsürde ekip başlapdyrlar. Ol barada ilkinji maglumatlar Palladiniň (b.e. III–IV asyry) işlerinde ýatlanyp geçilýär. Ösümligiň urugynyň ady «Melo» Müsürde akyp geçýän Nil derýasy we onuň bilen atdaş şol derýanyň hudaýy bilen baglanyşyklydyr. Mümkin, Gadymy Müsür şirin gawunyň Watanydyr.

Ol Ýewropa orta asyrlarda mälim bolupdyr. Russiýa gawun XV–XVI asyrlarda Orta Aziýadan eltilipdir. Gawunyň medeni görnüşleri seçgi netijesinde Aziýanyň haşal-meýdan görnüşlerinden alnypdyr diýlip hasaplanylýar. Olar häzirki günlerde hem saklanyp galypdyr. Urug adyny sözme-söz terjime edeniňde «dem alýan», «ruhy süýjülik» diýen manyny aňladýar.

Gündogaryň orta asyrlardaky akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sina özüniň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly nusgawy eserinde şirin gawunyň şypaly häsiýetleri barada giňişleýin söz açýar. Ol gawunyň etiniň we tohumynyň dykyn almalary açýandygyny, derini arassalaýandygy, peşew saklananda, böwrek we peşew-daş kesellerinde peýdalydygy barada tekrarlaýar. Onuň gabygy katarda peýdaly. Lukman onuň peýdalanylyşy barada birgiden teswirler berýär. Ol şeýle ýazýar, ýagny «…gawun haýal siňýär. Ony diňe beýleki iýmitlerden soň iýmeli. Gyzgyn tebigatly adam ony iýensoň, yzyndan sirkebal içmeli, çygly tebigatly adamlar ondan soň ladan, zenjebil ulanmaly».

Beýik alym Abu Reýhan Biruny özüniň «Lukmançylykda farmakognoziýa» atly nusgawy işinde gawunyň şypaly taraplaryny taryplaýar. Mundan başga-da, awtor «Onuň ysy çakyry zaýalaýar, bu zyýany şu usulda aýryp bolýar: çakyryň saklanýan ýerinde, topalagyň klubenini we mirtiň şahajygyny çekmeli» diýip ýazýar.

Meşhur alym hem lukman Muhammet Huseýn «Melhemler hazynasynda» gawun barada şeýle tekrarlaýar: «…gawun arassalaýar, gany ýakýar, çalt özleşýär, beýnini we tutuş bedeni çyglaýar, bedeni semredýär, tultuklykda we sarygetirmede peýdaly… Ol deri we peşewi çykarýar, böwrekden we peşew haltasyndan daşyň çykmagyna ýardam berýär».

Halk lukmançylygynda ösümligiň köküniň peti içegeleri arassalamakda peýdalanylýar. Miwesiniň petidir jöwheri garamükürde, melanholiýada, ruhy bozulmalarda, böwrek-daş we peşew-daş kesellerinde, rewmatizmde, gaýtalanyp durýan bognagyryda, babasylda, bokurdak yzalarynda, dowamly üsgülewükde, gaýrüzülmede, ganazlykda, aterosklerozda, ýürek-damar ulgamynyň, bagryň, peşew çykaryjy ýollaryň sökelliklerinde ulanylýar. Pis açmada derä gawunyň eti çalynýar.

Ylmy lukmançylykda ösümligiň oňat tonizirleýji, peşew we öt çykaryjy, sowuklamanyň garşysyna, rahatlandyryjy, umumy berkidiji, ýeňil iç sürüji, teşneligiňi gandyryjy, soguljanyň garşysyna, arassalaýjy, kosmetiki täsirleri ýüze çykaryldy.

Gawunyň miwesi gymmatbahaly azyklyk we berhiz önümidir, olary täze, ýumşak, guradylan görnüşinde iýmek bolýar. Gaýtadan işlemek bilen ondan sukat, mürepbe, jem, marinad, marmelad, bekmes (gawun baly) we başgalar taýýarlanylýar.

Derman taýýarlanylyşy hem ulanylyşy:

Gawunyň 1 nahar çemçe (15 g) owradylan tohumyny 250 ml suwa atyp, syrçaly gapda haýal ýanýan otda 10 minut gaýnatmaly. Otag temperaturasyna çenli sowatmaly. Soňra süzmeli. Taýýar bolan peti her gün 2 gezek nahardan öň, 1/2 bulgurdan (100 ml) içmeli. Melhem böwrek yzalaryna haýyrly we oňat peşew çykaryjy derman serişde.

Ösümligiň 1 çaý çemçe (5 g) owradylan tohumyny 1,5 bulgur (300 ml) gaýnag suwa atyp, syrçaly pitide pessaý otda suw hammamynda 20 minut gaýnatmaly. Yzysüre süzmeli. Emele gelen peti nahardan öň kabul etmeli. Dowamlylygy 15–20 gün. Melhemi babasylda peýdalanmaly.

Ösümligiň 2 çaý çemçe (10 g) owradylan tohumyny 1 bulgur (200 ml) gaýnag suwa atyp, bir sagat goýmaly. Yzysüre süzmeli. Taýýar bolan jöwheri gün içinde 2–3 sapar nahardan öň, 1/2 bulgurdan (100 ml) içmeli. Böwrek-daş kesellerinde ulanmaly.

Ösümligiň 1/3 bulgur (65–70 ml) şiresini günde 3 sapar nahardan öň kabul etmeli. Şypaly şiräni radikulitde agyryny aýryjy serişde hökmünde peýdalanmaly.

Gawunyň mäjumlanan etini ýukajyk edip ýüze çalmaly. Ony 10–15 minut goýmaly. Soňra ýyly suw bilen ýüzüňi ýuwmaly. Ýüzüňi guratmaly we iýmitlik merhem çalmaly.

Ösümligiň 2–5 g owradylan tohumyny her gün iýmeli. Erkekleriň jyns agzalaryny berkitmekde peýdalanmaly. Bu iň  bir gadymy melhemlikleriň biridir.