Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Adaty at kaştany
  10.07.2020
595
Adaty at kaştany

Häsiýeti. Medeni derman ösümligi. Watany – Balkan ýarymadasynyň günortasy (Gresiýa döwleti). Dünýäde, takmynan 25, Ýewropada (Balkan ýarymadasy), Aziýada (Gimalaýlar, Hytaý, Ýaponiýa) we Demirgazyk Amerikada ýaýran, Türkmenistanda 1 görnüşi duş gelýär.

Adaty at kaştany – atkaştanlar maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 15 metre çenli ýetýän agaç wekili. Daragt küti sarymtyl goňur ýa-da azda-kände gyzylymtyl çal pudakly. Pyntyklary iri, uzynlygy 2,5 santimetre çenli, ýelimli, garamtyl çypar-goňur reňkli, dykyz teňňejikler bilen örtülen. Ýapraklary garşylyklaýyn, uzyn sapakly, barmak şekilli çylşyrymly, 5–7 (9) ýaprajykly. Ýaprajyklary sapaksyz, garamtyl ýaşyl reňkli, aşagy symgylt, uzynlygy 8–20 sm, ini  4–10 sm, ters ýumurtga şekilli, ujy ýitileşen, esasy pahna kysymy, deň bolmadyk byçgy şekilli dişlije, tüýsüz, diňe ýaş wagtynda esasy we damarlary garamtyl çypar tüýlüje. Gülleri dik piramida şekilli sübsejigi emele getirýär. Onuň uzynlygy 20–30 sm. Okarajygy ýaşylymtyl reňkli, jaň şekillije, tüýlüje. Gülýapraklarynyň uzynlygy, takmynan, 13 mm, ak ýa-da gülgün reňkli, gasynlaşan we kirpiklije, esasy sary ýa-da gyzylymtyl menekli, syh-syh ak tüýjagazly, ýokarky ikisi iri we eplengi. Tyçinkalary çykyp duran we aşaklygyna eplengi, aşaky bölegi syh-syh tüýlüje. Düwünçegi uly, süýri tegelek, ýaşyl reňkli, otjumak çitenekli. Sütünjigi uzyn, tüýsüz, egrelen, tumşujagy tozgajykly. Miwesi – iri, togalak, üç çaňňalakly gozajyk, uly ýaşylymtyl çitenekli. Tohumynyň sany – 1–3, iri, ýalpyldawuk goňur reňkli, köp ýeri çalymtyl menekli.

Ýaşaýyş aýratynlygy. Adaty at kaştany ülkämizde deňiz derejesinden 150–1000 (120NULL) metr belentlikde bitýär. Ol suwarymly ýerlerde ösüp boý almany halaýar. Ösümlik aprel–maý aýlary gülleýär, sentýabr–oktýabrda miweleýär. Ol tohumy arkaly köpelýär.

Ýaýrawy. Daragt diýarymyzda bag-seýilgäh ösümligi hökmünde Merkezi Köpetdagda: Arçabilde, Aşgabatda; Gündogar Köpetdagda: Kakada duşýar.

Tebigy gory. Adaty at kaştany ýurdumyzdaky seýrek agaçjymak ösümlikleriň hataryna girýär. Dermanlyk maksatlary üçin gory ýabygorly. Daragt ösdürilip ýetişdirilýär. Baglarda, seýilgählerde, köçelerde ösdürilýär.

Dermanlyk çig maly. Ösümligiň ýaşajyk şahalarynyň (3–5 ýaşdakylary) gabygy, ýapraklary, miweleri we tohumy dermanlyk çig mal bolup hyzmat edýär. Gabygy ýygnamaklyk işleri baharda şireleriň hereket edýän wagtynda (mart – aprelde), ýapraklary – tutuş tomsuň dowamynda, ýapragyny düşürmeginiň öň ýanynda, olary sapaksyz kesip almaly, gülleri – maý–iýunda, miweleri – doly ýetişen döwründe, haçanda olar gaçyp başlanda, tohumy – sentýabr–oktýabrda ýygnamaly. Ýygnalan gabygy böleklere bölmeli we dessine açyk howada teläriň aşagynda, oňat ýel çekerli jaýda ýa-da ýörite abzallarda 50–60°С derejede guratmaly. Gury çig malyň çykyntgysy – 50%-e deň. Ýapraklary açyk howada teläriň aşagynda ýa-da oňat ýel çekýän jaýda guratmaly, olary inçe gatlaklarda ýerleşdirmeli. Gury çig malyň çykyntgysy – 20–22%. Gülleri umumy gül çogdumyndan aýyrmaly we birinji gün Günüň aşagynda, soňra – açyk howada teläriň aşagynda ýa-da oňat ýel çekerli jaýlarda guratmaly hem taýýarlamaly. Gury çig malyň çykyntgysy – 16–17%-e deň. Miweleri we tohumy açyk howada teläriň aşagynda ýa-da oňat ýel çekerli jaýda 25°С ýylylykda guratmaly. Gury çig malyň çykyntgysy – 50%. Gabykdan, ýapraklardan we güllerden taýýar bolan çig mallary mata ýa-da kagyz haltalara gaplamaly. Miweleri we tohumlary kagyz gutujyklara salmaly. Olary gury, gün şöhlesi göni düşmeýän ýerde saklamaly. Gabygyň, ýapraklaryň we gülleriň ýaramlylyk möhleti – 1 ýyl, miweleriňki we tohumyňky – 3 ýyla çenli.

Himiki düzümi. Adaty at kaştanynyň sütüniniň we şahalarynyň gabynda eskulin glikozid, fraksin, essin triterpen saponini, eý maddalary, ýag, şeker, witaminler: askorbin turşusy, tiamin, flohinon saklanýar. Ýapraklarynda – fawonow birleşmeleri: kwersitrin, izokwersitrin, kwersetin, rutin, spireozid, astragalin, fawonoidler, glikozidler (3-kwersetiniň we kempferolyň monozidleri), lýurein, wiolaksantin karotinoidler, pektin maddalary bar. Güllerinde – fawonow birleşmeleri: kwersitrin, rutin, izokwersitrin, birnäçe möçberde fawonoidler (kempferolyň we kwersetiniň  ugurdaşlary, nem, eý we pektin maddalary saklanýar. Tohumynda – kumarin glikozidler: eskulin, fraksin, fawonoidler: bi- we kwersetiniň we kempferolyň triozidleri, triterpen saponinler: essin, artressin, 6,45% ýag, 0,9%-e çenli eý maddalary, 50%-e çenli krahmal, 10%-e çenli belok maddalary, В, С, К witaminleri bar.

Peýdalanylyşy. Ösümligiň dermanlyk häsiýetleri irki wagtlardan belli bolupdyr. Bu ösümlik özüniň adaty bolmadyk adyny buklar maşgalasyna degişli bolan iýilýän kaştanyň tohumy bilen meňzeşliginden alypdyr. Ýöne şu güne çenli birnäçe düşündirişler bardyr. Birinjisi, haçanda sapajygy şahajyga berkidilen ýapragy gaçanda, şol ýerde yz galýar, ol edil atyň nalyna meňzäp durandyr. Beýlekisi, atyň nalynyň nusgasy ak menege meňzeş, ol görnetin miwäniň üstüni garamtyl goňur reňk bilen gaplaýar. Üçünjisi şeýle, at kaştanynyň tohumy iýilmeýär, ony hakyky kaştandan tapawutlandyrmak üçin şeýle atlandyrypdyrlar. Neapol ynanjyna laýyklykda, garry at kaştany magiýa serişdesi hasaplanýar. Ondan ýasalan tumary boýnuňdan asyp göterseň göz degmeden goraýar diýip ynanypdyrlar. Germaniýada at kaştanynyň kömegi bilen howanyň nähili boljakdygyny çaklapdyrlar: barmaga meňzäp duran ýapraklary oňat ýazylyp ösende gowy howanyň boljakdygyny bilipdirler, haçanda olar gowy açylmadyk ýagdaýynda ýaramaz howa garaşypdyrlar.

Halk lukmançylygynda ösümligiň gabygynyň petidir jöwheri warikoz giňelmesinde, myşsalardaky gaýnaglama ahwallary peseltmekde, newralgiýada, rewmatizmde, gaýtalanyp durýan bognagyryda, bogun yzalarynda, ýatgydan gan gitmede, dowamly enterokolitde we kolitlerde, esasan, bejermesi kyn bolan içgeçmelerde, gyzzyrmada, çilimkeşlerdäki dowamly bronhitlerde, bokurdagyň nemli bardalarynyň gaýnaglamasy bilen baglanyşykly dümewde, aşgazan şiresiniň turşulygynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly gastritde, dalak kesellerinde peýdalanylýar. Mundan başga-da, dürli gan gitmelerde gany togtadyjy, esasan, ýatgydan gan gitmede, sowuklamanyň garşysyna, agyryny dep ediji, gamaşdyryjy, damar çekmäniň garşysyna serişde hökmünde ulanylýar.Ösümligiň ýapragyndan taýýarlanylan peti bronhitde, gökbogmada, demgysmada gakylyk goparyjy dermanlyk serişde hökmünde ulanylýar. Gülleriniň täze şiresi wenanyň warikoz giňemesinde, trombofebitde, aterosklerozda we babasylda içilýär. Gülleriniň şiresiniň we miwesiniň şerbedi wenanyň warikoz giňemesinde we babasylda peýdalanylýar. Gabygyň, gülleriň, miweleriň we olaryň gabygynyň spirtli jöwheri rewmatizmde we artrit kesellerinde çalgy hökmünde ulanylýar. Tohumynyň gabygynyň şypaly peti sowuklamanyň garşysyna, gany tog- tadyjy we agyryny peseldiji häsiýete eýedir. Tohumynyň tozy dem alyş ýollarynyň sowuklama sökelliklerinde peýdalanylýar. Birwagtlar ösümligi hatda zäheriň garşysyna serişde hökmünde peýdalanypdyrlar. Toplumlaýyn beýleki dermanlyk ösümlikler bilen ol babasyl gan akmasynda, warikoz dermatitinde, gaýtalanyp durýan bognagyryda, artritde we beýleki birnäçe kesellerde ulanylýar. Ylmy lukmançylykda ösümligiň gany togtadyjy, sowuklamanyň garşysyna, wazotonik, damarlary gysyjy, agyryny dep ediji, gamaşdyryjy, damar çekmäniň garşysyna, üsgülewügiň garşysyna täsiri ýüze çykaryldy. Ony dürli damar kesellerinde: wenalaryň diwarlary zeperlenende, wenoz stazy ýüze çykanda, warikoz giňemesinde, wenanyň gaýnaglamasynda, arterial periferik gan aýlanyşyň bozulmalarynda – aýaklaryň damarlarynyň sklerotik üýtgemesinde, bogun rewmatizminde, dogrumdaky we operasiýadan soňky trombozlarda, babasylda, dabanyň başlarynda, öt haltasynyň sökelliklerinde, şeýle-de ýatgydan gan gidende ol togtadyjy serişde hökmünde peýdalanylýar.

Derman senagatynda düzüminde adaty at kaştany bolan serişdeleri, esasan, wenanyň warikoz giňemesini, ýiti we dowamly febitleri, trombofebitleri, arterial periferiki gan aýlanyşyň bozulmalaryny, koronar keselleri, babasyl gan gitmesini bejermek üçin ulanýarlar. Olara belaskuzin, wazotonin, wenogal, wenostazin, deskuzan, eskuwazin, eskuwit, eskuzan, esfazid, anawenol, reparil, rufaessin we beýlekiler degişli. Olar kapillýarlaryň we wenanyň diwaryny berkidýär, olaryň tonusyny ýokarlandyrýar, koronar damarlary giňeldýär, miokardda kislorod bilen iýmitlenmegi gowulandyrýar, gaýnaglama hadysalaryny peseldýär.

Bu derman serişdeleriniň terapewtik täsir edişi olardaky eskuliniň, fraksiniň we essiniň bolmagy bilen esaslandyrylýar. Ösümligiň miweleri ulanylan ýagdaýynda protrombin wagtynyň artýandygy, ganyň lagtalanmasynyň we arterial basyşyň peselýändigi anyklanyldy.

Adaty at kaştany – ruhy destabilizator, ýöne onuň oňyn alamaty hem bar: fantaziýaňy we intuisiýaňy oýar ýar. Şeýle-de ösümlik geopatogen zonalarda otrisatel zar ýadlaryň aýrylmagyna kömek edýär. Birnäçe alymlar bedende energiýanyň güýçlenmegi üçin jübiňde kaştanyň miwesini götermeli diýip maslahat berýärler. Ýöne onuň bilen uzak baglanyşykda bolsaň, gallýusinasiýa bolmagy mümkin.

Bezeg ösümlik.

Derman taýýarlanylyşy hem ulanylyşy:

Adaty at kaştanynyň 1 çaý çemçe (5 g) owradylan gabygyny 2 bulgur (400 ml) suwa atyp, 8 sagat goýmaly. Soňra syrçaly gapda gaýnaýança gyzdyrmaly. Hasa bilen süzmeli. Taýýar bolan peti günde 4 gezek nahardan öň, 1/2 bulgurdan (100 ml) içmeli. Melhem gastritde peýdaly.

Daragtyň 1 kg miwesini 5 litr suwa atyp, syrçaly pitide 30 minut gaýnatmaly. Yzysüre süzmeli. Emele gelen pete suwa düşünmeli. Şypaly pet bognagyrylara haýyrly.

Adaty at kaştanynyň 1 çaý çemçe (5 g) owradylan gabygyny 1 bulgur (200 ml) gaýnag suwa atyp, syrçaly gapda haýal ýanýan otda 20 minut gaýnatmaly. 1 sagat goýup süzmeli, başdaky mukdaryna geler ýaly suw goşmaly. Taýýar  bolan peti gün içinde 4 sapar nahardan ýarym sagat öň, 1/4 bulgurdan (50 ml) kabul etmeli. Netijeli içki we daşky serişde hökmünde babasylda peýdalanmaly.

Daragtyň 10 çaý çemçe (50 g) owradylan gabygyny 1 litr suwa atyp, syrçaly pitide pessaý otda 15 minut gaýnatmaly. 8 sagat goýmaly. Soňra süzmeli. Emele gelen pete 15 minut oturmaly. Babasylda örän peýdaly serişde. Adaty at kaştanynyň 2 çaý çemçe (10 g) owradylan gabygyny 1 bulgur (200 ml) gaýnag suwa atyp, syrçaly gapda haýal ýanýan otda 10–15 minut gaýnatmaly. Otag temperaturasyna çenli sowatmaly. Hasa bilen süzmeli. Taýýar bolan pet bilen içiňi ýuwmaly.

Daragtyň 1 çaý çemçe (5 g) garyndysyny, 1:1 gatnaşykdaky owradylan ýapraklaryny we miwelerini 1 bulgur (200 ml) gaýnag suwa atyp, syrçaly pitide suw hammamynda 30 minut gaýnatmaly. Süzüp, başlangyç mukdaryna ýetýänçä gaýnag suw garmaly. Emele gelen peti gün içinde 1 ýola nahardan soň, 1 nahar çemçeden (15 ml) içmeli. El-aýaklaryň wenasynyň sowuklamasynda 2 hepdeden 8 hepdä çenli, babasylda – 1–4 hepde peýdalanmaly.

Adaty at kaştanynyň 1 çaý çemçe (5 g) miwesiniň owradylan gabygyny 1 bulgur (200 ml) gaýnag suwa atyp, syrçaly gapda haýal ýanýan otda 15 minut gaýnatmaly. Bir sagat goýmaly. Yzysüre süzmeli. Taýýar bolan peti her gün 3 wagtyna nahardan öň, 1 nahar çemçeden (15 ml) kabul etmeli.

Daragtyň 1 nahar çemçe (15 g) garyndysyny, 4 çaý çemçe (20 g) kaştanyň güllerinden, 4 çaý çemçe (20 g) adaty gyzylagajyň güllerinden, 2 çaý çemçe dag arnikasynyň güllerinden taýýarlamany 1,5 bulgur (300 ml) gaýnag suwa atyp, syrçaly gapda agzyny ýapyp, suw hammamynda 20 minut gaýnatmaly. Ýarym sagat goýmaly. Soňra süzmeli. Emele gelen peti gün içinde 2 ýola nahardan öň, 1 bulgurdan (200 ml) içmeli. Babasylda gan gidende haýyrly.

Adaty at kaştanynyň 1 nahar çemçe (15 g) miwesiniň gabygyny 250–300 ml gaýnag suwa atyp, syrçaly pitide pessaý otda 10 minut gaýnatmaly. Ýarym sagat goýup, süzmeli. Taýýar bolan peti günde 2 gezek pedalanmaly. Klimaks döwründe ýatgydan gan gitmede peýdaly.

Daragtyň 1 nahar çemçe (15 g) ýapragyny ýa-da 1 çaý çemçe (5 g) gabygynyň tozuny 2,5 bulgur (500 ml) suwa atyp, syrçaly gapda haýal ýanýan otda 15 minut gaýnatmaly. 30–40 minut goýup süzmeli. Emele gelen peti her  gün 4 wagtyna nahardan ýarym sagat öň, 1/2 bulgurdan  (100 ml) kabul etmeli. Melhemi rewmatizmde, gaýtalanyp durýan bognagyryda, işiasda, damarlaryň gysylmasynda, öt sekresiýasynyň bozulmasynda, bronhitde, inçekeselde, aşgazanyň we içegeleriň bozulmalarynda peýdalanmaly.

Adaty at kaştanynyň 2 çaý çemçe (10 g) owradylan tohumyny 1/4 bulgur (50 ml) gaýnag suwa atyp, syrçaly gapda agzyny ýapyp, suw hammamynda bir sagat gaýnatmaly. Soňra süzmeli. Taýýar bolan peti günde 4 sapar nahardan ýarym sagat öň, 1/2 bulgurdan (100 ml) içmeli. Ýokardaky görkezilen kesellerde ulanmaly.

Daragtyň 1 çaý çemçe (5 g) owradylan gabygyny 1,5 bulgur (300 ml) sowan gaýnag suwa atyp, 8 sagat goýmaly. Hasa bilen süzmeli. Emele gelen jöwheri her gün 4 ýola nahardan ýarym sagat öň, 1/4 bulgurdan (50 ml) kabul etmeli.

Adaty at kaştanynyň 1 çaý çemçe (5 g) owradylan gabygyny 2 bulgur (400 ml) sowan gaýnag suwa atyp, 8 sagat goýmaly. Soňra süzmeli. Taýýar bolan jöwheri 4 wagtyna nahardan öň, 2 nahar çemçeden (30 ml) içmeli.

Daragtyň 2 çaý çemçe (10 g) mäjumlanan miwelerini ýa-da güllerini 1/2 bulgur (100 ml) 40%-li lukmançylyk spirtine atyp, agzy ykjam ýapylýan aýna gapda garaňky ýerde 7–10 gün goýmaly. Yzygiderli çaýkamaly. Hasa bilen süzmeli. Emele gelen şerbedi gün içinde 3 sapar nahardan 20–30 minut öň, 30 damjadan azajyk suw bilen kabul etmeli. Şypaly şerbedi trombofebitde peýdalanmaly.

Adaty at kaştanynyň 4 çaý çemçe (20 g) gury gülüni 2,5 bulgur (500 ml) 40%-li lukmançylyk spirtine atyp, agzy ykjam ýapylýan aýna gapda garaňky ýerde 7 gün goýmaly. Yzygiderli çaýkamaly. Soňra süzmeli. Taýýar bolan şerbedi agyryly bogunlara çalmaly.

Adaty at kaştanynyň 8 çaý çemçe (40 g) miwesiniň gabygyny 1 litr 70%-li lukmançylyk spirtine atyp, agzy berk ýapylýan aýna gapda garaňky ýerde 7 gün goýmaly. Yzygiderli çaýkamaly. Hasa bilen süzmeli. Emele gelen şerbedi dowamly artritde çalmak arkaly ulanmaly.

Daragtyň 2:1 gatnaşykdaky miwesini 40%-li lukmançylyk spirtiniň içine atyp, agzy mäkäm ýapylýan aýna gapda garaňky ýerde 15 gün goýmaly. Yzygiderli çaýkamaly. Süzmeli. Taýýar bolan şerbedi warikoz dermatitinde çalgy etmek arkaly peýdalanmaly.

Adaty at kaştanynyň 10 çaý çemçe (50 g) gülüni ýa-da owradylan tohumyny 2,5 bulgur (500 ml) 40%-li lukmançylyk spirtine atyp, agzy ykjam ýapylýan aýna gapda garaňky ýerde 14 gün goýmaly. Yzygiderli çaýkamaly. Hasadan geçirmeli. Emele gelen şerbedi her gün 4 gezek nahardan öň, 30–40 damjadan içmeli. Şypaly şerbedi aýaklaryň wenasynyň warikoz dykylmasynda we sowuklamasynda, babasylda, çalgy arkaly – bogun yzalarynda we rewmatizmde peýdalanmaly.

Daragtyň 1:2 gatnaşykdaky gülüniň şiresini 40%-li lukmançylyk spirtine atyp, agzy ykjam ýapylýan aýna gapda garaňky ýerde 7 gün goýmaly. Yzygiderli çaýkamaly. Soňra  süzmeli. Taýýar bolan şerbedi günde 3 sapar nahardan öň, 2–3 nahar çemçeden (30–45 ml) kabul etmeli.

Adaty at kaştanynyň 10 çaý çemçe (50 g) gülüni 2,5 bulgur (500 ml) 40%-li lukmançylyk spirtine atyp, agzy ykjam ýapylýan aýna gapda garaňky ýerde 2 hepde goýmaly. Yzygiderli çaýkamaly. Hasa bilen süzmeli. Emele gelen şerbedi gün içinde 3–4 gezek nahardan 20 minut öň, 30–40 damjadan içmeli. Dowamlylygy 3–4 hepde. Şeýle-de günde birnäçe gezek zeperlenen ýerleriňe çalgy etmeli.

Daragtyň gülüniň şiresinden gün içinde 2 gezek nahardan öň, 20–30 damjasyny 1 nahar çemçe suwa garyp kabul etmeli. Şypaly melhem bogun kesellerine haýyrly.

Adaty at kaştanynyň gülüniň şiresinden her gün 2–3 sapar nahardan öň, 20–30 damjadan içmeli. Melhemi el-aýaklaryň warikoz giňemesinde we babasylda peýdalanmaly.

Daragtyň gülüniň şiresinden günde 4 wagtyna nahardan öň, 20–25 damjadan kabul etmeli. Şypaly melhemi el-aýaklaryň warikoz giňemesinde we babasylda peýdalanmaly.

Adaty at kaştanynyň 1 nahar çemçe (15 ml) gülüniň şiresini ary baly bilen garyp, her gün 3 ýola nahardan ýarym sagat öň içmeli. Melhemi trofk ýaralarda we wenanyň sowuk lamasynda peýdalanmaly.