logo

Latest news:
✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi ✦ ✦ Gurbanlyk baýramy — ynsanperwerligiň we sahawatlylygyň baýramy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy ✦ ✦ Çagalaryň sözleýşini ösdürmegiň netijeli usullary ✦ ✦ Aziýa ösüş bankynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy ✦ ✦ Sanly aragatnaşyk - häzirki zaman ösüşiniň binýady ✦ ✦ Logopediýada sakawlanma - sözleýşiň giňden duş gelýän kemçilikleriniň biri ✦ ✦ Arheologiýa - geçmişiň syrly mirasyny öwrenýän ylym ✦
Home / Interesting /5-nji dekabrda bütindünýä türk kofesi gününde kofäňizi nähili içmek islärsiňiz?
  06.12.2023
741
5-nji dekabrda bütindünýä türk kofesi gününde kofäňizi nähili içmek islärsiňiz?

Türkiýe syýahatyňyzy ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlara besleýän şeyle hem öýlerde, ış ýerlerinde, toý-baýramlarda we köçelerde hoşboý ysy daş-töwerege bark urýan türk kofesi – Türkiýäniñ medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Adamlaryñ bir supranyň başyna jem bolmagyna sebäp bolýan kofe – Türkiýede uly ähmiýete eýe bolmak bilen, ýygnakdyr mejlisler şeýlede nahardan soñky gümür-ýamyrlar: “Kofäňizi nähili içmek isleýärsiňiz?” diýen soragdan başlanýar. Özboluşly lezzeti bilen 2013-nji ýylyň 5-nji dekabrynda ÝUNESKO maddy däl medeni miras sanawyna türk kofesini girizdi we şol güni «Bütindünýä türk kofe güni» diýlip yglan edildi.

 

 

Asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan medeni miras

 

 

Jemgyýetçilik durmuşynyň merkezinde mynasyp orna eýe bolan türk kofesi ılkinji gezek XVI asyrda bu topraklarda taýýarlanyp başlanýar. Bu ıçgi diñe bir Osmanly ımperiýasynda däl, eýsem beýleki ýurtlarda hem meşhurlyga eýe bolýar. Türk medeniýetindäki ertirlik nahary bolan «kahwalty» aslynda «kofeden öň» diýen manyny aňladýar. Türkiýede ýakynlaryňyza ýa-da dost-ýarlaryňyza baranyňyzda size ılki bilen türk kofesi hödür-kerem edilýär.

 

 

Kofäňizi nähili içmek isleýärsiňiz?

 

 

Taýýarlanyş usulynyñ asyrlar boýy üýtgewsiz saklanylmagy Türk kofesynyñ özboluşly aýratynlygy bolup durýar. Kül-peýkun edilip owradylan kofe däneleri jezwe diýlip atlandyrylýan ýörite gaplarda suw guýlup mahmal deýin köpük emele gelýänça gaýnadylyp taýýarlanýar. Beýleki kofelerden tapawutlylykda, türk kofesi käsä (çaşka) löderesi bilen guýulýar. Şeyle hem Türk kofesi ýanynyň bir bulgur suwy we lokum ýaly süýjüligi bilen äberilýär.

 

 

Türkiýede türk kofesiniñ owradylyş we taýýarlanyş usuly käbir sebitlerde üýtgäp bilýär. Mälim bolşy ýaly Egede mastiki agaçlary bitýär, şonuñ üçin bu sebitde türk kofesy mastika sakgyçy bilen taýýarlanýar. Türkiýäniň günorta-gündogar Anadoly welaýatlarynda; pisse mañyzyñ watany hasaplaýan Gaziantepde bolsa günde kakadylan ýabany pisselerden taýýarlanýan menengiç kofesi örän meşhurdyr. Esasan soky daşjagazda owradylýan dibek kofesi bolsa özüniñ ýumşak tagamy bilen tapawutlanýar. Ajy kofe hökmünde hem tanalýan myrra kofesi günorta-gündogar Anadoly welaýatlary bolan Şanlyurfa we Mardinde köp sarp edilýär.