logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Technology /2025-nji ýyldan Tokioda täze jaýlaryň üçeginde hökmany gün paneli bolar!
  20.12.2022
1135
2025-nji ýyldan Tokioda täze jaýlaryň üçeginde hökmany gün paneli bolar!

Tokio şäher häkimliginiň mejlisinde kabul edilen täze karara laýyklykda paýtagtyň ähli ýerinde «uglerod zyňyndylarynyň azalmagyna goşant goşmak» maksat edilýär. Karara görä, 2025-nji ýylyň aprelinden soň bina ediljek täze ýaşaýyş jaýlaryna gün panellerini ornaşdyrmak zerur bolar.

Milli metbugatda berlen habarda, täze kararyň şäherdäki 50-den gowrak iri potratçynyň täze taslamalaryna täsir edip biljekdigi bellenilýär. Tokio şäher häkimligi şäherdäki binalaryň eýýäm 4 göteriminde gün panelleriniň bardygyny aýdýar.

Häkimlik, 2000-nji ýylda uglerod zyňyndylary bilen deňeşdirilende 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny iki esse azaltmagy maksat edinýär.

Mälim bolşy ýaly, soňky  ýyllarda dünýäde pes uglerodly, hususan-da, wodorod energiýasy hem-de energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerinden peýdalanmaga uly üns berilýär. Birnäçe döwletler we kompaniýalar uglerod zyňyndysy pes derejede bolan dünýä taýýarlanmak bilen, ekologiki taýdan arassa energiýa maýa goýumlaryny artdyrýarlar. Munuň üçin «nol uglerodly» dünýä maksatnamasyny işläp taýýarlaýarlar.

Belläp geçsek, dünýä jemgyýetçiligi bilen bir hatarda ýurdumyzda hem howanyň üýtgemegine garşy göreşmek maksady bilen «ýaşyl» ykdysadyýet ugruna uly ähmiýet berilýär. 

 

Asman KURBANOW, 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň talyby.