Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Ýylgyrşyňa sebäp bolsam jan ejem
  02.03.2021
541
Ýylgyrşyňa sebäp bolsam jan ejem

      Säher bilen dogan güneş ýylgyrjyklaýan çaga ýaly geň enaýy şöhle saçýan bolsa, adam bary başagaýlykda älemgoşar kysymly gülleri goltuklap süýjilikmi, şirinlikmi, köýneklikmi, garaz delje sowgatlardan owadanja gutylara gapladyp nirädir bir ýerlere howlukýan bolsalar onda şol gün mart aýynyň 8-dir. Hemmämiziň bilşimiz ýaly 8-nji mart “Halkara zenanlar güni”. Bu senäni tasdanam ýeriň ýüzündäki adamlaryň bary baýram edip belleýärler, hut şol gün nähilidir ýakymlyja sowgatlar bilen her kim öz ejesiniň, ýanýoldaşynyň, gyzjagazlarynyň, söýgülisiniň hatda işdeş ýoldaşlarynyň ýylgyrşyna sebäp bolasy gelýär. Hawa eneleriň ýylgyrşy, çagajyklaryň gülküsi, zyba gyzlaryň näzleri, ýanýoldaşyň mähribanlygy şunça başagaýlyga degýär ahyryn. Aýratyn bellenilmeli ýagdaýlaryň biri hem Belent Serkerdebaşymyz baýram gününde çagalar bagyna gatnaýan körpeje gyzjagazlardan başlap, hormatly dynç alyşa çykan enelere çenli baýramçylyk sowgady hökmünde, pul görnüşinde sowgat berýär. Edil şujagaz pursat nämäni ýatlatýar bilýäňizmi?! Aýtsam taryhy rowaýatlarda hökmürowan şalaryň biri:

     -Ýurtdaky gyzjagazlar meniň gyzlarymdyr, ýigitler meniň ogullarymdyr. Ak saçly gojalar, eneler meniň enem-atamdyr diýenmişin. Rowaýatlarda adyllygy, parasatlylygy, mähribanlygyny bilen tanalýan patşany bu günki gün biz öz Arkadagymyzyň keşbinde görýäris. Gahryman arkadagymyz ýurdymyzyň ähli welaýatyndaky adamlaryň arasyndan köp çagaly maşgalalylara ýaşaýyş jaýlaryny sowgat berdi.  Döwletliden-Döwlet ýokar diýip şa serpaýyny alýan zenanlar, öz sowgatlaryny alnyna sylýalar. Begençden  akýan göz ýaşlaryny sylyp Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtýarlar. Şeýle wakalaryň köpümiz janly şaýady bolsak, köplerimiz mawy ekran arkaly tomaşa edendiris. Şunça işleriň aňyrsynda-da Arkadagymyzyň halkym diýip etýän atalyk aladalary ýatyr. Şeýle mähriban oguly dünýä getirip owal başdan edip- terbiýe bilen kemala getiren, beýik enäniň jany sag başy dik bolsun, ömri uzak bolsun. Eneleriň ýylgyrşyna, şatlygyna sebäp bolmak nähili ajaýyp duýgular. Çünki eneler ýaşaýyş daragtyny köki damary,  tagamyň duzy, ýaşaýyşyň hamyrmaýasy hut şonuň üçinem bu senäni ýeriň ýüzi baýram edip belleýär. Günler, aýlar, ýyllar, pasyllar nobatma-nobat aýlanyp şu gök asman bilen ene ýeriň arasynda kän-kän gussaly, şatlykly wakalar bolup geçer. Muňa garamazdan ýene müň ýyllyklardanam zenanlaryň güni baýram edilip belleniler. Çünki zenanlar ýaşaýyşyň özenidir, diregidir, bezegidir. Mähriban zenanlar, jigiler, eneler ýüzüňizden ýylgyryş aýrylmasyn. Siziň yhlasyňyz, mähriňiziň esasynda ençeme ojaklaryň törleri ýylasyn. Siziň terbiýäňiz bilen Watana, il güne abraý getirjek, ak ýürekden gulluk etjek ýigitler kemala gelsin. Baýramyňyz gutly bolsun!